Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aktiwistler Türkmenistanyň syýasatyna garşy protest aksiýalaryna başladylar


Aktiwistleriň Türkmenistanyň syýasy režimine garşy protest aksiýasy. Nýu-Ýork, 28-nji sentýabr, 2021

Türkmenistanyň syýasy režimini tankyt edýän aktiwistler öz nägileliklerini köpçülige ýetirmek boýunça daşary ýurtlardaky çykyşlarynyň nobatdaky tapgyryna başladylar. 28-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde başlanan protest aksiýasy 29-njy sentýabrda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň öňünde dowam etdirildi.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň 28-nji sentýabrda başlan protest çykyşlary BMG-niň Nýu Ýorkdaky baş binasynyň öňünde geçirildi.

Birleşen Ştatlarda we Kanadada ýaşaýan türkmenistanly aktiwistler Türkmenistanda ilatyň sosial we ykdysady kynçylyklaryna, syýasy basyşy astynda galmagyna ünsi çekdiler.

Protestçileriň şygary. NÝ, 28-nji sentýabr, 2021
Protestçileriň şygary. NÝ, 28-nji sentýabr, 2021

Protestçiler Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtdaky koronawirus keselçiliginiň ýaýramagyna göz ýumup, global pandemiýanyň dowamynda, ýurtdaky COVID-19 keselini boýun almaýandygyny aýratyn bellediler.

"Türkmenistanda adamlar kömege mätäç, koronawisdan ölýär. Bizi hiç kim eşitmeýär. Türkmenistana kömek ediň!" diýip, protest aksiýasynda çykyş eden guramaçy Leýla Muzapberowa aýtdy.

Protestçileriň tutup duran şygarlarynda Türkmenistanyň ýapyk serhetleriniň maşgalalary aýralyga sezewar edendigi, türkmen halkynyň demokratiýa isleýändigi aýdylýar we türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipeden çekilmegine çagyryş edilýär.

Uzaga çeken ykdysady krizis we işsizlik zerarly ýüzlerçe müň türkmen raýaty girdeji gözlemek üçin daşary ýurtlara çykdy. Migrasiýa meselesini resmi taýdan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryna pasport bermekden ýüz öwürmek ýaly basyşlaryny artdyrdy. Türkmen jemgyýetinde ýurtdaky kynçylyklara nägileligiň artýan wagtynda, Türkiýedäki onlarça türkmen aktiwisti soňky günlerde basyş we gorkuzma astyna düşdi.

Protestçileriň şygary. NÝ, 28-nji sentýabr, 2021
Protestçileriň şygary. NÝ, 28-nji sentýabr, 2021

Şeýle-de, protestçiler halkara jemgyýetçiligini Türkmenistandaky problemalara, şol sanda adam hukuklarynyň depelenmegine, wyždan ýesirleriniň, şol sanda Mansur Mingelowyň ýagdaýyna ünsi çekdiler.

Türkmenistandaky bulujlaryň hukuklaryny goraýan aktiwist Mingelow 2012-nji ýylda birnäçe galp jenaýat aýyplamalary bilen 22 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. Aktiwist ýöňkelen günäleri boýun almady. Mingelow protest hökmünde koloniýada açlyk yglan edip, halkara adam hukuklary guramalarynyň ünsüni özüne çekdi. Mingelow berk režimli koloniýada saklanýar.

Protestçiler öz şygarlarynda Türkmenistanyň halkara borçlaryny berjaý etmegi üçin prezidentiň maşgala agzalarynyň hasaplaryny doňdurmak ýaly çäreleri görmegi öňe sürdüler.

Gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň baş binasyna girmäge synanyşdylar, emma içeri salynmadylar.

Türkmen aktiwistleriniň BMG binasynyň öňündäki protest çykyşlary 29-njy sentýabrda Ženewada dowam etdirildi. Türkmenistanyň Demokratik Saýlawy (DVT) partiýasynyň lideri Myrat Gurbanow Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropadaky edarasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirýär.

Guramaçylaryň sözlerine görä, ABŞ-daky protestler 30-njy sentýabra çenli dowam eder. Aktiwistler Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň ilçihanasynyň, Türkiýäniň Waşingtondaky ilçihanasynyň, şeýle hem BSG-niň Waşingtondaky binasynyň öňünde piket geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG