Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede aktiwist Dürsoltan Taganowa saklandy


Dürsoltan Taganowa
Dürsoltan Taganowa

Türkiýede polisiýa türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowany saklady. Bu barada garaşsyz turkmen.news neşiri habar berýär.

Neşir Taganowanyň sözlerine salgylanyp, 26-njy sentýabrda ir sagat 5-de aktiwistiň öýüne polisiýanyň gelendigini, şeýle-de onuň häzir polisiýanyň edarasynda saklanýandygyny we ondan bir dokumente gol goýmagyny talap edýändiklerini habar berýär.

Neşire gowşan wideoda Taganowa özüniň Türkmenistana deportasiýa edilip bilinjekdigini hem duýdurýar.

Wideoda Taganaowa hiç hili bikanun işe baş goşmandygyny, diňe sosial ulgamlarda türkmenleriň öz hak-hukuklary ugrunda göreşmäge çagyryş edendigini hem nygtaýar.

Taganowa birinji gezek 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda Stambulda geçirilen protestiň dowamynda saklanypdy we deportasiýa merkezinde üç aý galypdy. Ynsan hukuklaryny goraýan guramalaryň çagyryşlary netijesinde 2020-nji ýylyň oktýabrynda Taganowany merkezden boşatdylar we ol Türkiýeden başpena sorap, arza bermäge mümkinçilik alypdy.

Aktiwistler türkmen hökümetinden kanunçylygy, adalaty we hak-hukuklary talap etmäge çagyrýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:13:02 0:00

Adam hukuklaryny goraýan toparlar Dürsoltan Taganowa bilen ilteşikli bu hadysany tankytlap, türk häkimiýetlerini ynsan hukuklary barada gol goýan halkara ylalaşyklaryna we öz kanunlaryna hormat goýmaga çagyrýarlar.

Şol bir wagtyň özünde, geçen hepdäniň aýagynda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aktiwistler Türkiýedäki türkmenlere basyşlaryň güýçlenýändigini, hatda ýakynda tutha-tutluklaryň hem başlanmagynyň mümkindigini duýdurypdylar.

Mundan başga-da, aktiwist Taganowanyň Türkmenistandaky ýakynlaryna hem basyşlar edilipdi.

XS
SM
MD
LG