Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HORMATLY ARKADAG: ýurduň bir bölegi ynsanperwerlige, galan bölegi rehimdarlyga mätäç


Prezident Türkmenistana Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Türkmenistana Gurbanguly Berdimuhamedow

Jenap Prezident!

Köpçülikleýin habar serişdelerinde, geljek ýyl üçin nyşan hem şygar bäsleşiginiň yglan edilendigini adatdan daşary höwes bilen okadym. Men derrew öz pikirimi teklip etmek isleýärin: «Türkmenistan – ynsanperwer we rehimdarlyk ýurdy».

Maňa ynanaýyň, jenap Prezident, köp adam şeýle şygary ýa-da ýüzlenmäni höwes bilen goldar, sebäbi ýurduň köp bölegi ynsanperwerlige, galany-da rehimdarlyga mätäç.

Türmelerde ýitirim bolan tussaglara, olaryň hossarlaryna, iň bolmanda bir habar tapmak umydyny ýitirip, munuň üçin köp ruhy ejir çekýänlere, öňden bäri gynamalara duçar bolanlara adamkärçilikli çemeleşme hem elbetde, rehimdarlyk gerek.

Ýüzlerçe müň pensionerler hem maýyplar, örän ujypsyz pensiýa haklary bilen gedaýlyk derejede güzeran görýänler özlerine bolan ynsanperwer garaýyşlardan we durmuş derejesiniň ýokarlanmagyndan ýüz öwürmezler.

Ýok diýilýän kowid karantini sebäpli tozgunçylyga düşen telekeçiler bilen işewür toparlar hem rehimdarlyga garaşýarlar, işleri ýöremese-de olardan salgyt we kärende tölegi talap edilýär.

Daşary ýurtlarda galan Türkmenistanyň on müňlerçe raýaty rehimdarlyga hem ynsanperwerlige garaşýar, olar möhleti geçen resminamalary we eklenç serişdeleriniň ýokdugy sebäpli daşarda galdylar.

Jaýlary ýumrulyp, öýlerinden kowlan ýüzlerçe maşgala öz kwartiralaryndan başga, ne ynsanperwerlige, ne-de rehimdarlyga garaşýar.

Milli haýwanat bagynda açlykdan ölüp barýan haýwanlar ynsanperwerligiň ýüze çykmagyna garaşýarlar.

Jenap Prezident!

Siz şygar soradyňyz, ine, ol: «Türkmenistan – ynsanperwer we rehimdarlyk ýurdy». Emma adamlar diňe bir şygara däl, eýsem anyk amallara-da garaşýarlar we bu işleri bitirmek üçin, bir ýyl ýeterlik bolmaz. Ynsanperwer hem rehimdarlyk döwrüni yglan ediň. Sizem sylaglanarsyňyz!

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

------------------------

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinli giniý kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG