Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

HRW özbek saýlawlarynyň 'hakyky bäsleşiksiz' boljagyny duýdurýar


Prezident Şawkat Mirziýoýew

Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasy şu aý Özbegistanda geçiriljek prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda golaýda üsti açylan “hukuk yzagaýdyşlyklary" we mümkin bolan bäsdeşleriň saýlawdan çetleşdirilmegi barada duýduryş berdi.

Hukuk toparynyň 13-nji oktýabrdaky beýanatynda aýdylmagyna görä, çäklendirmeler prezident Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda geçirilendigi aýdylýan reformalaryň “çäkliliklerini paş edýär” we onuň post-sowet ýurdunda berk gözegçilikde saklanýan döwlet metbugatynda agdyklyk eden saýlaw kampaniýasyndan soň, 24-nji oktýabrda geçiriljek ses berişlikde görnetin täzeden saýlanmak mümkinçiligini görkezýär.

"Özbegistan reforma geçirmek baradaky tagallalary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi, ýöne soňky döwürde ýurtda adam hukuklaryndaky yzagaýdyşlyklar we bu saýlawlarda hiç hili oppozisiýa ýa-da garaşsyz kandidatyň bolmazlygy aýdylýan zatlaryň çäkli bolandygyny paş edýär” diýip, HRW guramanyň Ýewropa we merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Hug Williamsonyň sözlerine salgylanyp aýtdy.

"Ýakynda geçiriljek prezident saýlawlarynda hökümet bilen bir hörpden gopmaýan dalaşgärleriň hem bäsleşmegine rugsat bermek bilen, Özbegistan manyly reformalara hakykatdan hem ygrarlydygyny görkezip bilerdi, emma ol muny etmedi” diýip, Williamson aýtdy.

Mirziýoýew 2016-njy ýylda, ýurduň garaşsyzlykdan soňky ilkinji prezidenti Yslam Kerimowyň tarpa-taýyn aradan çykmagyndan soň, soragly ýagdaýlarda häkimiýet başyna geldi we birnäçe aýdan soň geçirilen saýlawda 87 prosente golaý ses alyp, prezident saýlandy.

Ol başda günbatar synçylary tarapyndan hiç wagt azat we adalatly diýlip hasaplanmadyk saýlawlary, metbugaty, başga pikirlileri berk gysaçda saklamak bilen tanalýan ýurtda reforma wadalaryny berdi.

Özbegistanyň geçen saýlawlarynda bolşy ýaly, häzirki ýolbaşçylaryň iň çynlakaý tankytçylarynyň köpüsi prezidentlik ugrundaky bäsleşikden çetleşdirildi.

HRW guramasynyň pikiriçe, özbek dalaşgärleriniň diňe hasaba alnan partiýalar tarapyndan hödürlenip bilinjekdigi baradaky talap resmilere "bu möhüm ses berişligiň has giň syýasy gatnaşyk esasynda geçirilmeginiň öňüni almak mümkinçiligini berýär”.

Hukuk topary bu sözüni oppozisiýaky Erk Demokratik partiýasyndan, garaşsyz Özbegistanyň iň uly hasaba alnan partiýasyndan we Hakykat we Ösüş partiýasyndan dalaşgärleriň ret edilmegi bilen delillendirdi.

Erk partiýasyndan dalaşgär boljak aýdymçy Jahongir Otajonow bir topar adam syýasy duşuşyga hüjüm edeninden soň syýasatdan çekildi.

Iki partiýanyň hem tarapdarlary we Mirziýoýewiň administrasiýasyny tankytlaýanlar yzygiderli ýanalmalardan we yzarlamalardan şikaýat edýär.

Parlament partiýalarynyň arasynda esasan tankyt etmeýän bäş kandidat: Adolat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow, Milli galkynyşdan Alişer Kodirow, Ekologiýa partiýasyndan Narzullo Oblomurodow we Halk Demokratik partiýasynyň zenan dalaşgäri Maksuda Warisowa saýlawa gatnaşýar.

Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasy ýakynda Özbegistanyň ses berişligi has demokratik ýagdaýda geçirmek üçin öňden bäri berlip gelinýän teklip-maslahatlary almaýandygyny duýdurdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman şu aýyň başynda sapara gelip, Mirziýoýew bilen duşuşanda, Waşingtonyň Daşkent bilen strategiki hyzmatdaşlygyny nygtap, Özbegistanda “ykdysady, demokratik we adam hukuklary özgertmelerini dowam etdirmäge” çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG