Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda talyplar täze talaplaryň nobatdaky tapgyry bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Illýustrasiýa suraty

Şu günler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary täze talaplaryň nobatdaky tapgyry bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Prezidentiň kitabyny hemişe öz ýanyňda götermek we "institutyň zerurlyklary" üçin pul tabşyrmak ýaly talaplary berjaý etmedik talyplara okuwdan çykarylmak howpy abanýar. Bu talaplaryň jikme-jikleri barada institutyň birnäçe talyby anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

"Institutyň dekanaty ähli talyplara prezidentiň awtorlygyndaky kitaby hemişe öz ýanynda götermäge mejbur etdi. Eger institutda talyplaryň arasynda barlag geçirilende, olaryň ýanynda prezidentiň kitaby bolmasa, onda olaryň okuwdan çykarylyp bilinjekdigi hem duýduryldy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bir talyby 19-njy oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri dürli temalarda 60-dan gowrak kitap ýazan türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow soňky bäş aýyň dowamynda ýene iki eseriniň çapdan çykandygyny mälim etdi. Maý we sentýabr aýlarynda okyjylara hödürlenen kitaplar degişlilikde "Ak şäherim Aşgabat" we Garaşsyzlyk – bagtymyz diýlip atlandyryldy.

Şondan soň ýurtda Berdimuhamedowyň kitaplaryny ilat arasynda ýaýratmak we wasp etmek boýunça nobatdaky kampaniýa başlandy. Býujet işgärleri we studentler täze kitaplary satyn almaga we ýat tutmaga mejbur edildi.

Döwlet habar beriş serişdeleri “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyň üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilendigini habar berdiler.

Bu aralykda, 14-nji oktýabrda TDH "Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyň türk dilinde neşir edilendigini we onuň tanyşdyrylyş dabarasynyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilendigini mälim etdi.

Resmi metbugat Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Orala salgylanyp, kitabyň türk dilinde neşir edilmeginiň "hakyky dost-doganlyk we özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna uly goşant boljakdygyny" öňe sürdi.

Türkmen media serişdeleri prezidentiň eserleriniň okyjylarynyň "artýandygyny" mahabatlandyrsa-da, olaryň ýurt ilatynyň boýnuna mejbury dakylmagy barada hiç zat aýtmaýar.

Bu aralykda, şu günler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary "okuw jaýynyň zerurlyklary" üçin pul tabşyrmaga hem mejbur edilýär.

"Düýn institutyň umumy ýaşaýyş jaýynyň çat açan aýnasyny çalyşmak üçin talyplaryň her birinden 30 manat pul ýygnadylar. Ýöne ýygnalan pul aýna satyn almaga ýetmedi. Şondan soň talyplaryň her birinden 50 manat pul ýygnadylar" diýip, institutyň bir talyby 19-njy oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýygnalýan puly bermekden ýüz öwürýän we "Arkadagyň syýasatyny" goldamaýan talyplara okuwdan çykaryljakdygy ýa-da okuwy tamamlanda, olaryň geljekki döwleti ynanmak üçin ygtybarly hünärmen däldigi barada häsiýetnama beriljekdigi hakda haýbat atylýar.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada goşmaça maglumat we kommentariýa almak üçin agzalýan institut bilen habarlaşdy. Telefona jogap beren resmi "Bu maglumatlar ýalan. Bular ýaly zat ýok" diýmek bilen çäklendi.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryndan baýramçylyk çärelerini geçirmek, prezidentiň portretini çalyşmak, agaç nahallaryny we sport egin-eşiklerini satyn almak, abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly maksatlar üçin ýylyň dowamynda ençeme gezek pul ýygnalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG