Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Býujetçilerden Berdimuhamedowyň täze kitabyny satyn almak talap edilýär


Prezident G.Berdimuhamedow "Garaşsyzlyk-bagtymyz" atly kitabyny ýazandygyny 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde habar beripdi.
Prezident G.Berdimuhamedow "Garaşsyzlyk-bagtymyz" atly kitabyny ýazandygyny 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde habar beripdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlap köpçülige ýetiren "Garaşsyzlyk - bagtymyz" atly kitabyny ilata mejbury ýagdaýda satyn aldyryp başladylar.

“Biziň gündelik iýjek çöregimize pul tapmak alada. Ýolbaşçylar her kärhanada, her otagda prezidentiň kitaplarynyň ählisiniň bolmagyny talap edýärler. Indi onuň soňky kitabyny hem satyn almaly diýildi. Onuň bahasy häzir belli däl, ýöne ozalky kitaplary üçin 50-100 manat aralygynda öz jübimizden pul çykarypdyk, okuwçylardan hem 20 manat ýygnamaly bolupdyk” diýip, maryly mugallymlaryň biri atlandyrylmasyzlyk şerti bilen 7-nji oktýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol mekdebiň synp otaglarynda diňe prezidentiň kitaplaryny goýmaga rugsat berilýändigini, galan ýazyjydyr-şahyrlaryň, şol sanda türkmen edebiýatynyň klasikleriniň, şeýle-de häzirki režimiň waspçylarynyň hem eserleriniň görkezme-esbap hökmünde goýulmagyna ygtyýar berilmeýändigini nygtady.

“Asyrlaryň sungaty – Türkmen alabaýy”: Berdimuhamedow ýerli itleri wasp etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:13 0:00

“Prezidentiň kitaplaryny diňe barlag gelende görkezmek üçin goýdurýarlar. Mugallymlaryň aglabasy hem olaryň mazmunyny bilmeýär. Indi ýene çagalarymyzyň rysgyndan kesip, şu kitaplara pul çykarmaly bolarys” diýip, 50 ýaşlarynyň içindäki himiýa mugallymy belledi.

Galyberse-de, Azatlyk prezidentiň soňky kitabyny Lebabyň býujet işgärlerine we studentlere mejbury satyn aldyrmak boýunça kampaniýanyň başladylandygyny habar beripdi. Munuň çäginde medeni işgärlere Berdimuhamedowyň täze kitabyny wasp edýän aýdym-saz eserlerini döretmek hem tabşyryldy. Şeýle-de, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň studentlerini prezidentiň kitabyny ýat tutmaga höweslendirmek üçin 100 manat pul baýragynyň beriljekdigi aýdyldy.

Berdimuhamedow "Garaşsyzlyk-bagtymyz" atly kitabyny ýazandygyny 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde habar beripdi.

Döwlet habar beriş serişdeleri bu kitabyň üç dilde - türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilip, ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanandygyny öňe sürdüler.

Berdimuhamedow häkimiýetdäki geçen 15 ýylyň dowamynda öz adyndan 60-dan gowrak kitap çykardy. Onuň döwlet dolandyrylyşy, halkara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikleri, alabaý itleri we ahalteke bedewleri ýaly dürli temalarda ýazan kitaplary ýurduň media serişdelerinde yzygiderli wagyz edilýär.

Mundan ozal, ýurduň saglyk edaralary ilata dürli kesellere garşy prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyndaky emlerden peýdalanmagy hem maslahat berip geldi.

Türkmenistandan iberilen suratda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň kitaplarynyň, şol sanda "Ruhnamanyň" hajathana kagyzy hökmünde ulanylýandygyny görse bolýar.
Türkmenistandan iberilen suratda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň kitaplarynyň, şol sanda "Ruhnamanyň" hajathana kagyzy hökmünde ulanylýandygyny görse bolýar.

Galyberse-de, Berdimuhamedow wagtal-wagtal ýazan kitaplarynyň galam hakyna düşen girdejileriň hasabyna ýurduň dürli metjitlerinde sadaka berýär. Ýöne döwlet mediasy býujet işgärleriniň bu kitaplary satyn almaga mejbury edilýändikleri barada asla habar bermeýär.

Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň “Ruhnama” atly kitaby onuň ýurda ýolbaşçylyk eden döwürlerinde orta we ýokary okuw programmalaryna girizildi. Ýöne ol ölenden soň, “Ruhnama” kitaby boýunça halkdan edilen talap hem gowşady we wagtyň geçmegi bilen doly aradan aýryldy.

Bu aralykda, maryly mugallym talap edilýän kitaby satyn alyp bilmek üçin, onsuz hem horlukda ýaşaýandygyny aýdýan maşgalasynyň eklenjinden ýene nämäni çäklendirip boljakdygy barada alada galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG