Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Haýal Internetiň tizligi hasam haýallaýar


Illýustrasiýa suraty

Sosial ulgamlarda türkmen hökümetine garşy tankydy pikirleriň artmagyň arasynda, Türkmenistanyň dürli sebitlerinde raýatlaryň garaşsyz maglumatlara elýeterliligini hasam çäklendirmek maksady bilen, Internetiň tizligi ýörite peseldilýär diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýerli hünärmenleriň biri belledi.

“Lebapda ‘Türkmentelekom’ Internetiň tizligini haýalladyp, raýatlaryň VPN hyzmatlarynyň üsti bilen, petiklenen saýtlardan, şol sanda YouTube-den, şeýle-de Telegram ýaly messenjerlerden maglumat almak mümkinçilikleriniň öňüni almaga synanyşýar” diýip, 21-nji oktýabrda ýurduň ýeke-täk internet üpjünjisi “Türkmentelekomyň” atlandyrylmasyzlygyny soran hünärmenleriniň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, media azatlygyny berk çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda garaşsyz habar, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýty, şeýle-de iri sosial ulgamlar petikli galýar. Raýatlar döwlet tarapyndan hödürlenýän dünýädäki iň haýal we gymmat internet hyzmatlarynyň biriniň fonunda, sosial torlardan VPN arkaly peýdalanýarlar.

Mundan öň, öz ilatynyň Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen geçmişde ýaşyryn hyzmatdaşlyk hem eden türkmen hökümeti VPN tilsimlerini gurnap berýän ussalara basyş edip, hatda raýatlary VPN ulanmajakdyklary barda Gurhandan hem ant içdiripdi.

“Eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri internetiň onsuz hem haýal tizligi hasam peseldi. Wi-fi arkaly VPN-e baglanjak bolsaň, onda ýalňyşlyk barada habar çykýar we internet 10-15 minutlap petiklenýär” diýip, türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri 21-nji oktýabrda habarçymyza başdan geçirenlerini gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarky ýagdaýlar boýunça “Lebaptelekom” bilen habarlaşanda, degişli hünärmen Internetiň tizliginiň alnyp barylýan tehniki işler bilen bagly bolmagynyň mümkindigini, şol bir wagtda jikme-jik maglumat üçin arza bilen ýüz tutmalydygyny aýtdy.

Galyberse-de, Azatlyk geçen hepde Mary welaýatynda hem Internetiň tizliginiň peseldilip başlanandygy barada habar beripdi. Şol pursat, habarçylarymyz muny sosial ulgamlarda ýerli ýaşaýjylaryň polisiýa işgärini bir hojalyga bikanun girmäge synanyşmakda aýyplap, köpçülik bolup ony soraga çekýändigini görkezýän wideonyň ýaýramagy bilen baglanyşdyrypdylar. Habarçymyz bu wideonyň sosial mediada giňden paýlaşylmagynyň yzýany, howpsuzlyk gulluklarynyň tabşyrygy esasynda tutuş sebitde Internetiň tizliginiň peseldilendigini belläpdi.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. Internet tehnologiýalary boýunça habarlary yzarlaýan “Comparitech” neşiriniň awgustda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan Interneti senzuralamakda Demirgazyk Koreýa, Eýran, Hytaý, Siriýa we Belarus ýaly ýurtlar bilen bir hatarda, "iň ýaramaz ýurtlaryň" arasynda agzalýar.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan başga maglumatlary almaga hukuklary kepillendirilýär.

Türkmen häkimiýetleriniň Internet elýeterliligini hasam çäklendirip başlamagy, sosial medialarda türkmen hökümetiniň, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna garşy tankydy pikirleriň artyp başlan döwrüne gabat geldi.

Türkmenistanda petiklenen saýtlara nädip girmeli?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:46 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG