Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

MHM TikTok-da paýlaşylan bir wideo üçin onlarça adamy soraga çekýär


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda “bir hojalyga bikanun girmäge synanyşandygy” aýdylýan bir polisiýa uniformaly erkek adamyň ýönekeý raýatlar tarapyndan soraga çekilişini görkezýän wideo sosial ulgamlarda peýda boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marynyň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň işgärleriniň bu wideo boýunça onlarça adamy soraga çekýändigini habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, bu waka Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň bir obasynda bolupdyr. Daşarda düşürilen wideodan görnüşine görä, bir hojalyga girendigi aýdylýan polisiýa işgäriniň elinde çüýşe bar. Azatlygyň habarçysy “polisiýa işgäriniň elindäki çüýşeleriň arak we piwo çüýşeleridigini hem-de onuň özüniň serhoş ýagdaýda bolandygyny” habar berýär.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan başga bir polisiýa işgäri öz kärdeşiniň girmäge synanyşan öýüniň maşgalabaşysynyň Türkiýede işleýändigini we onuň 3-4 aýda bir gezek yzda galan maşgalasyna pul iberýändigini aýdýar.

Wideodan görnüşine görä, ýönekeý raýatlar polisiýa işgäridigi aýdylýan adamy “bir maşgalanyň namysyna göz dikmekde” aýyplaýarlar.

Bu wideo ilkibaşda TikTok ulgamynda paýlaşylypdyr, ýöne soňra YouTube we beýleki sosial ulgamlarda hem ýaýradylypdyr.

Azatlygyň habarçysy bu wideo boýunça oba ýaşaýjylarynyň ýerli Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilýändiklerini, şu wagta çenli onlarça adamyň ýerli polisiýa bölümine äkidilendigini habar berdi.

“Edil häzir ol oglanlaryň elinden el telefonlary alynýar, telefonlardaky wideolar pozulýar. Olaryň köpüsiniň TikTok sahypasy petiklenýär. Şeýle-de, olaryň kim bilen bu wideony paýlaşandyklary derňelýär. Wideonyň aşagynda negatiw teswir galdyran adamlar hem anyklanýar we soraga çekilýär” diýip, polisiýa işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, bu iş MHM işgärleri tarapyndan derňelýär.

“Polisiýa işgärleri şular ýaly hojalyklary gorap saklamagyň deregine, olaryň namysyna degýär” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Wideodan görnüşine görä, ýönekeý raýatlar bir hojalyga bet niýet bilen bikanun girendigi aýdylýan polisiýa ofiserini özleriniň prokuratura arz etjekdiklerini aýdýarlar.

Azatlyga mälim bolşuna görä, howpsuzlyk işgärleri bu maşgalanyň duldegşir goňşularyny, dogan-garyndaşlaryny we waka boýunça şikaýat bildirýän islendik adamy uzak möhletli türme tussaglygy bilen haýbat atýarlar.

Gürrüňi edilýän polisiýa işgäriniň şahsy maglumatlary Azatlyk Radiosyna mälim, ýöne redaksiýa bu maglumatlary çap etmekden saklanýar.

Polisiýa işgäri soraga çekilipdir, ýöne habarçymyzyň çeşmesi, onuň jogapkärçilige çekilmändigini aýdýar. Polisiýa ofiserini soraga çeken kärdeşleri, çeşmäniň sözlerine görä, “gülüşip, oňa ‘biz seni goldaýarys, ýöne tutulman etmeli ekeniň’ diýýärler”

Beýleki bir polisiýa işgäriniň sözlerine görä, waka gatnaşan polisiýa ofiseri “gara tegmil” bilen işden çykarylmaz, muňa derek, onuň çet etraplaryň birine ýa-da ýangyn söndüriji gullugyna geçirilmegi mümkin.

“Edil häzirki açlyk döwründe iýmäge çöregi gaýgy bolan hojalyklar görnetin köpelýär. Şondan peýdalanyp, ilki bilen hukuk goraýjylar maşgalalaryň namysyny depeleýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda ýeňil-ýelpaý kömek wadalary bilen ýalňyz ýaşaýan aýal maşgalalara duzak gurýan işgärler bar.

“Halkyň aglaba bölegi hukuk goraýjylar tarapyndan uly kösençliklere sezewar bolýar. Ýönekeý raýatlar hukuk goraýjylaryň üstünden arz-şikaýat etseler, olar diňlenmeýär. Gaýtam, olaryň özlerinden bahana gözläp başlaýarlar” diýip, beýleki bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlyk bu waka boýunça Marynyň welaýat polisiýasyndan kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG