Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Toý-dabara hyzmatlary döwlet gözegçiligine alynýar. Türmedäki aýdymçylardan habar ýok


Toý üçin bezelen awtoulag
Toý üçin bezelen awtoulag

Türkmenistanda toý-dabaralarda edilýän medeni hyzmatlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky düzgünnama tassyklanyldy. Türkmen prezidentiniň 20-nji awgustda gol çeken karary “toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek”, “bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen” düşündirilýär.

Esasan toý hyzmatlary bilen bagly elden-ele geçýän uly möçberdäki maliýe serişdelerini nazara alýandygy çaklanylýan täze kararyň resmi düşündirişinde "milli medeniýetiň we sungatyň özboluşlylygyny, däp-dessurlary gorap saklamak” maksady hem bellenip geçilýär.

Toý, dabara hyzmatlary baradaky kararda aýdymçylar, sazandalar, tansçylar, alyp baryjylar, beýleki sungat işgärleri we döredijilik toparlary agzalyp geçilýär.

Türkmenistanda toý hyzmatlary, toý mekanlary we beýlekiler hökümet tarapyndan doly gözegçilik edip bolmaýan 'uly biznese' öwrüldi diýip, ýerli synçylar aýdýar.

Ýurtda hökümet derejesinde wagyz edilýän dabaraly çäreler, toý tutmakda ýaryşmak 'nogsanlygy' aglabasy garyp ýaşaýan ilata goşmaça ýük bolan çykdajylary köpeldýär we şol aralykda hem 'ýokarlarda' birleriniň jübüsini doldurýar diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly žurnalist belledi.

Onuň sözlerine görä, salgytsyz girdeji üstündäki gizlin göreşler netijesinde käte, esasan toý bagşylary arkaly wagyz edilýändigi aýdylýan neşe maddalary bilen baglylykda, aýdymçylaryň käbiriniň türmä basylýandygy, prezidente aýdym bagyşlap, başyny gutarmaly bolýan bagşylaryň hem bardygy öňräk belli boldy.

Mysal üçin, Azatlyk 2017-nji ýylyň başynda aýdymçy Pälwan Halmyradowyň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdi.

Redaksiýa mälim bolşuna görä, Halmyradowa 2016-njy ýylyň noýabr aýynda iş kesilipdir we çeşmeler onuň bikanun walýuta operasiýalarynda aýyplanandygyny aýtdylar.

Şol bir wagtda, prezidente aýdym bagyşlap, kyn ýagdaýdan çykýan bagşylar hem bar diýip, synçylar aýdýar.

Azatlyk 2017-nji ýylyň sentýabrynda estrada aýdymçysy Laçyn Mämmedowanyň sekiz ýyllyk gadaganlykdan soň, Instagramda sahypasyny açyp, jemgyýetçilige çykandygyny habartm.org saýtyna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanda toý hyzmatlaryny edýän adamlar, hususan-da bagşy-sazandalar, täze döreýän toý-dabara däplerinde bezelen awtoulaglary bilen hyzmat edýän sürüjiler we beýlekiler, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, degişli guramalaryň özlerine hossarlyk edýän wekillerine belli derejede pul töläp, salgyt tölemän, gazanç edip gelýär we täze karar, belki-de, ilkinji nobatda toý bagşylaryny nyşana alýar.

Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ykdysatçy bu düzgünnamanyň döwlet gaznasy üçin goşmaça girdeji çeşmelerini tapmak maksadyny yzarlaýandygyny aýtdy.

Resmi kararda tassyklanan düzgünnamanyň jikme-jiklikleri açylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG