Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň hassahanalarynda näsaglara berilmeli dermanlar "aşakdan üçünji şahslara satylýar"


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary Türkmenabat şäherindäki käbir hassahanalarda medisina işgärleriniň arasynda "ýola goýlan özara peýdaly, bikanun hyzmatdaşlyk" barada habar berýärler. Saglyk bejergisini almak üçin hassahana ýerleşdirilen näsaglar dermanlary we medisina serişdelerini öz çykdajylarynyň hasabyna satyn almaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda, hassahanalaryň näsaglara berýän resminamalarynda, syrkawlaryň öz sözi bilen aýtsak, bu dermanlaryň we medisina serişdeleriniň hassahana tarapyndan üpjün edilendigi ýazylýar. Bu maglumatlar Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we giň ýaýran koronawirus ýokanjynyň ilata agyr zarba urmagyny dowam etdirýän mahalyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýagdaýlar barada Türkmenabadyň hassahanalarynda işleýän medisina işgärleriniň we ýakynda olarda saglyk bejergisini alan lebaplylaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Olaryň sözlerine görä, häzirki wagtda islendik kesel boýunça hassahanada ýatyp, saglyk bejergisini almak isleýän näsagalardan goşmaça barlagdan geçmek we goşmaça tölegleri geçirmek, şeýle-de dermanlary we medisina serişdelerini öz çykdajylarynyň hasabyna satyn almak talap edilýär.

"Näsag hökmany suratda rentgen barlagyndan we öýken lukmanynyň maslahatyndan geçmeli. Näsag bular üçin degişlilikde 30 we 18 manat tölemeli. Soňra COVID-19 testi üçin hem 100 manat geçirmeli. Soňra başga-da birnäçe analizlerden geçirip, degişli bölüme ýerleşdirýärler. Soňra lukman eliňe gerekli dermanlaryň sanawyny ýazyp berýär. Dermandan başga-da 40 sany bäşlik, 40 sany onluk şpris ýazýarlar. Bulardan başga-da, sanjym eder ýaly medisina pagtasyny we spirt serişdesini hem getirmegi talap edýärler" diýip, ýakynda Türkmenabadyň hassahanalarynyň birinde saglyk bejergisini alan lebaply ýaşaýjy başdan geçiren ýagdaýlaryny habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli näsagyň şahsyýetini we onuň haýsy hassahanada saglyk bejergisini alandygyny aýtmakdan saklanýar.

Näsagyň sözlerine görä, syrkawlar lukmanyň talap eden derman we medisina serişdelerini öz çykdajylarynyň hasabyna dermanhanadan satyn alyp, hassahana - lukmanlara we şepagat uýalaryna - tabşyrýarlar.

Ýöne näsaglar saglyk bejergisini tamamlap, hassahanadan çykmak üçin kassa baryp töleg geçirende, onuň saglyk resminamasynda syrkawyň dermanhanalardan satyn alyp getiren derman we medisina serişdeleriniň ýarysyndan köpüsiniň hassahana tarapyndan üpjün edilendigi barada ýazylandygyny görýärler.

"Men bu mesele boýunça ilki baş şepagat uýasynyň we soňra-da bölüm başlygynyň ýanyna girdim we olara "uýam, inim, siz maňa hassahanada ýatanym hakda pul töletdiňiz, derman we medisina serişdelerimi dermanhanadan getirtdiňiz, ýöne istoriýamda bularyň köpüsini hassahana berdi diýip ýazypsyňyz. Bu näme boldugy?" diýip soradym. Olar maňa "ýaşuly, siz bu dermanlar sizde barmy ýa ýok diýip soramadyňyz. Özüňiz dermanhanadan alyp geldiňiz we şonuň üçin biz siziň getiren derman we medisina serişdeleriňizi ulandyk. Ýöne biz düzgün boýunça bularyň hassahana tarapyndan üpjün edilendigini ýazdyk" diýip jogap berdiler" diýip, lebaply ýaşaýjy belledi.

Onuň sözlerine görä, saglyk işgärleri syrkawyň resminamasynda "hassahana tarapyndan üpjün edildi" diýlip ýazylan derman we medisina serişdeleriniň soňy bilen näme edilýändigine jogap bermeýärler.

Ýöne Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Türkmenabadyň hassahanalarynda işleýän medisina işgärleriniň ençemesi munuň soňky döwürde "giň ýaýran tejribedigini" aýdyp, şeýle diýýärler:

"Hassahana tarapyndan üpjün edilmeli dermanlar we medisina serişdeleri näsaglara satyn aldyrylýar. Resminamalarda bolsa, hassahanadaky bu serişdeleriň näsaglara sarp edilendigi görkezilýär. Şeýlelikde, hassahana işgärleri özaralarynda ylalaşyp, bu serişdeleri ýörite dermanhanalara ýa-da üçünji şahslara satuwa goýberip, goşmaça, bikanun gazanç edýärler. Bu tejribe şäheriň tas ähli hassahanasynda gaýtalanýar" diýip, Türkmenabadyň hassahanalarynyň birinde işleýän medisina işgäri anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenabadyň hassahanalaryndan, Lebap welaýat Saglyk müdirliginden we ýurduň Salygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Mundan ozal Azatlygyň habarçylary ýurduň saglyk pudagyndaky galplyklar, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlardan maýyplygyny tassyklatmak üçin soralýan para-berim barada habar beripdiler.

Mundan başga-da, habarçylarymyz hassahanalarda saglyk işgärleriniň resmi töleglerden daşary, köp halatda “aklyk” tama edýändiklerini we munuň ýurduň dürli künjeginde 200-1000 manat aralygynda üýtgeýändigini, çaga dogulanda "göbek enelere" tölenilýän "buşluk puluň" 5000 manada çeni ýetýändigini gürrüň beripdiler.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat ýurduň saglygy goraýyş pudagynda uly ösüşleriň gazanylandygyny aýdyp, muňa täze saglyk desgalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegini mysal getirýärler. Ýöne olar ýokarda beýan edilen ýagdaýlar hakda mesele gozgamaýarlar.

Bellesek, Lebabyň käbir hassahanalarynda näsaglara berilmeli dermanlaryň "aşakdan üçünji şahslara satylýandygy" baradaky maglumatlar Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we giň ýaýran koronawirus ýokanjynyň, şeýle-de azyk we derman gytçylygynyň hem-de gymmatçylygynyň ilata agyr zarba urmagyny dowam etdirýän mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG