Özbegistanda prezident saýlawlary geçirildi. Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlaryň kadaly geçendigini habar berdi. Resmi maglumatlara görä, saýlaw uçastoklary ýapylan wagtyna çenli ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sany 71% -den geçipdir.
Şawkat Mirziýoýew Özbegistan garaşsyzlyk alanyndan bäri ikinji prezident boldy. Ýurduň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow 2016-njy ýylda aradan çykdy; ynsan hukuklaryny goraýjylar hem žurnalistler onuň ýurdy dolandyran döwrüni diktator režimi diýip atlandyrdylar.
Mirziýoýew prezident wezipesine girişenden soň, Özbegistany daşary ýurt maýadarlaryna we jahankeşdelerine açmak, korrupsiýa garşy göreşmek hem-de ýurdy umuman demokratiýalaşdyrmak üçin, birnäçe özgertmeleri geçirmegi wada berdi.
Häzirki Zaman telekanaly Mirziýoýewiň dolandyran bäş ýylynda, Özbegistanda bolup geçen üýtgeşmeleriň hem özgerişleriň netijeleri barada, dürli pudaklaryň bilermenleri bilen söhbetdeş boldy.
Ykdysadyýet
Özbegistanyň Maliýe ministriniň öňki orunbasarynyň aýtmagyna görä, soňky bäş ýylda Özbegistanyň ykdysady ýagdaýy ep-esli gowulaşypdyr. Onuň sözlerine görä, Özbegistan halkara maýa goýumlary üçin has özüne çekiji bolup, Merkezi Aziýada möhüm geosyýasy roly oýnaýar.
“Döwletiň ykdysadyýete has köp täsir etmeginiň deregine biziň ykdysady ösüşiňiz üçin, ilat bilen bir hili sosial şertnama baglaşyldy. Häkimiýetler hakykatdanam köp jogapkärçiligi öz üstüne aldylar. Indi Özbegistan Merkezi Aziýa diýilýän geosyýasy giňişlikde öz ornuny kesgitlemekde özboluşly pozisiýa eýeleýär” diýip, Abdulla Abdukadyrow aýdýar.
Ynsan hukuklary
Ynsan hukuklaryny goraýjy, şeýle hem Özbek-German Adam hukuklary gaznasynyň başlygy Umyda Niýazowa Özbegistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşandygyny, ýöne düýpgöter üýtgemändigini aýdýar.
“Biz Şawkat Mirziýoýewden has köp zada, onuň häzirki edenlerinden artyk derejä garaşypdyk. Ýöne edilenleri puja çykarmaly däl, Özbegistan nähili-de bolsa üýtgedi. Hawa, metbugat üçin eglişikler bar, žurnalistlere Kerimowyň döwrüne garandakydan, köpräk zat aýtmaga rugsat berildi. Şeýle-de bolsa, Özbegistan nusgawy awtoritar režimli döwlet bolmagynda galýar. Häzirki geçen saýlaw Kerimowyň saýlawlaryndan kän bir tapawudynyň ýokdugyny görkezýär. Özbegistan häzirki wagt çatrykda, Şawkat Mirziýoýew ýurdy liberallaşdyrmaga alyp barmaga taýynmy” diýip, Umyda Niýazowa aýdýar.
Migrasiýa
Özbek-Rus adam hukuklary aktiwisti hem-de "Tong Jahoni" (“Daň Jahany”) adam hukuklary guramasynyň başlygy Walentina Çupik Russiýadaky Özbegistandan bolan zähmet migrantlarynyň hukuklarynyň nähili üýtgändigi we umuman üýtgeşmeler barada, Häzirki zaman telekanalyna interwýu berdi. Şeýle hem ol daşary ýurtlara işlemek üçin migrantlary guramaçylykly işe alýan adamlaryň arasyndaky korrupsiýa barada aýtdy.
“Ýagdaý diňe döwlet biziň migrantlarymyzy gorap başlanynda, ilçihanamyz we konsullygymyz işe girişen ýagdaýynda üýtgäp biler. Häzir migrantlar saklanýan wagtynda, olara adam hukuklaryny goraýjylardan başga hiç kim kömek edip bilmeýär. Hökümet entegem gulçulykdan başga hiç ýere alyp barmaýan, guramaçylyk işlerini gurnaýar. Şondan soň gulçulyga düşen adamlar üçin jogapkärçilik çekmek islemeýär" diýip, Walentina Çupik aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.