Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ýewropada G-20 sammitine gatnaşar, ýaranlary bilen Eýranyň ýadro programmasyny maslahat eder


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 29-njy oktýabrda Ýewropa geldi.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 29-njy oktýabrda Ýewropa geldi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 29-njy oktýabrda Ýewropa geldi. Ol saparynyň çäginde senagat taýdan ösen döwletleriň G-20 toparynyň Rimdäki geçjek sammitine gatnaşar, ýaranlary bilen Eýranyň ýadro programmasyny maslahat eder, şeýle-de Watikanda Rim papasy Fransis bilen duşuşar.

Dünýäniň klimatyň üýtgemeginden we howanyň global derejede ýylamagyndan ejir çekýän döwri, Baýden Glazgowda klimat boýunça geçjek COP26 konferensiýasyna hem gatnaşar.

Dine berk uýýan katolik Baýden, ilki bilen, 29-njy oktýabrda Watikanda Rim papasy bilen duşuşar.

Baýdeniň papa bilen duşuşygynyň dowamynda abort bilen bagly jedelli meseläniň gozgalyp-gozgalmajakdygy häzirlikçe aýdyň däl. Baýdeniň administrasiýasy çagany öz islegi bilen düşürtmegiň tarapynda çykyş etse, Katolik kilisesi muňa garşy çykýar.

Baýden ABŞ-nyň prezidenti bolan ikinji katolikdir. ABŞ-nyň ilkinji katolik prezidenti ýurda 1961-63-nji ýyllarda prezidentlik eden Jon F. Kennedi bolupdy.

30-njy oktýabrda Italiýanyň paýtagtynda iki günlük G-20 sammiti başlanýar.

Sammitiň çäklerinde Baýdeniň fransuz prezidenti Emmanuel Makron bilen ikiçäk gepleşikleri hem planlaşdyrylýar.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan duşuşygyň dowamynda meseleleriň giň gerimine serediljekdigini aýtdy. ABŞ-nyň Britaniýa we Awstraliýa bilen howpsuzlyk paktyny baglaşmagy netijesinde, Fransiýanyň suwasty gämiler boýunça iri ylalaşykdan mahrum bolmagyndan soň, taraplar özara gatnaşyklaryndaky dartgynlylyklary gowşatmagy maksat edinýärler.

Emma ABŞ-nyň resmileri Baýdeniň Makron, şeýle-de Germaniýanyň we Britaniýanyň liderleri bilen geçirjek gepleşikleriniň dowamynda esasan Eýranyň ýadro programma meselesiniň maslahat ediljekdigini bellediler.

Salliwan habarçylara Baýdeniň Eýran babatyndaky “bilelikdäki umumy strategiýa we garaýyş babatynda” tagalla etjekdigini mälim etdi.

Tähran 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça dünýäniň iri döwletleri bilen gepleşiklere noýabrda dolanjakdygyny aýtdy. ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlary bu ylalaşykdan çykarypdy.

Salliwan Baýdeniň türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen hem gepleşik geçirjekdigini nygtady.

1-nji noýabrda Baýden Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde klimat boýunça geçjek dünýäniň COP26 konferensiýasyna hem gatnaşar. BMG-niň howandarlygynda geçýän bu çärede ABŞ-nyň lideriniň möhüm çykyş etjekdigine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG