Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda okuwçylar pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilip başlandy


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilip başlandy. Türkmenistanyň gündogar welaýatynyň häkimiýetleri, geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl okuwçylardan pagta ýygymyna öz islegi bilen gatnaşýandygy barada dil haty alýarlar. Bu maglumatlar Lebapda pagta ýygmak üçin ýygymçy tapdyrmaýandygy baradaky habarlardan tas bir hepde soňa gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, pagta ýygymyna 5-nji synpdan ýokary synp mekdep okuwçylary çekilýär. Olardan gündelik pagta planyny ýerine ýetirmek, ýagny günde 25 kilogram pagta ýygmak talap edilýär.

"Häzir Farabyň 8, 11, 15, 18 we 26-njy orta mekdepleriniň okuwçylary Kraç, Nyýazow, Berzeň, Jendi ýaly daýhan birleşiklerindäki pagta meýdanlarynda pagta ýygýarlar. Olaryň ýany bilen mekdep mugallymlary hem pagta ýygymyna çekilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli mugallymlaryň biri 26-njy oktýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmeti we çaga zähmetini gadagan edýär. Ýöne Azatlygyň, garaşsyz neşirleriň maglumatlaryna we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň hasabatlaryna görä, iş ýüzünde türkmen häkimiýetleri pagta önümçiliginde ýyllarboýy çaga zähmetinden ýa-da mejbury zähmetden peýdalanyp gelýärler.

Häkimiýetler pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti resmi taýdan boýun almaýar we bu barada çap edilen hasabatlara hem-de maglumatlara reaksiýa bildirmeýär. Resmi metbugat ýurtda pagta hasylynyň esasan kombaýnlar bilen ýygnalýandygyny, el güýjüniň bolsa “ýokary ruhubelentlik bilen” meýletin ýagdaýda ýygym işlerine goşant goşýandygyny öňe sürýär.

Farabyň häkimiýetleri bu ýyl özlerini mejbury we çaga zähmetinden peýdalanmak baradaky aýyplamalardan belli bir derejede "goramaga" synanyşýana meňzeýär. Mekdep ýolbaşçylary, geçen ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl okuwçylary pagta ýygymyna "öz islegi bilen gatnaşýandygy" barada dil haty ýazmaga mejbur etdiler.

"Çagalardan alnan dil hatynda olara "Men ýygymy öwrenmek maksady bilen, öz islegim bilen pagta ýygymyna gatnaşýaryn" diýip ýazdyrdylar" diýip, mugallym belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Lebap welaýat, Farap etrap häkimlikleri we Bilim müdirlikleri bilen telefon arkaly habarlaşyp, goşmaça maglumat we kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy oktýabrda sagat 13:00-17:00 aralygynda eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Bellesek, Lebapda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna köpçülikleýin çekilýändigi baradaky maglumatlar sebitde pagta ýygmak üçin ýygymçy tapdyrmaýandygy hakdaky habarlardan tas bir hepde soňa gabat geldi.

"Indi pagta ýygmaga adam ýok, sanlyja býujet işgäri ýygaýmasa, olaryň sany ujypsyz ilatyň 10%-ne ýetmeýär. Işsizler bolsa eklenç üçin köpräk gazanjyň gözleginde. Eger bu gidişine gitse, gowaçany hiç kim ýetişdirmez" diýip, Azatlyk bilen gepleşen lebaply çeşme 20-nji oktýabrda beren maglumatynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, öň pagta meýdanlarynda işlemäge zar bolan günlükçi işçiler häzir köplenç hususy hojalyklarda gök önüm we miwe ýygmak işlerinde zähmet çekýärler. Pagta meýdanlarynda işleýänleriň azalmagyna ýygymçylara berilýän zähmet hakynyň örän ujypsyzlygy sebäp bolýar.

Ýygymçynyň bir günki zähmet haky 15 manatdan aşmaýar. Şol bir wagtda, hususy hojalyklarda gök önüm, miwe ýygmak işlerine gatnaşýan adamlaryň gündelik zähmet haky 45 manada ýetýär.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri pagta ýygymyna býujet işgärlerini, goşun gullukçylaryny, okuwçylary mejbury gatnaşdyran bolsa, şu ýylyň awgustyndan dürli administratiw bidüzgünçilikler üçin saklanan adamlary, şol sanda arakhorlary, ten söwdasyny edýänleri, aliment bergisi bolan raýatlary we maska režimini bozanlary hem çekip başlady.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekildi we 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG