Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bäş adam bolup topuldylar". Türkmen aktiwistleri Stambuldaky hüjüm barada gürrüň berdiler


Eziz Mämmedow
Eziz Mämmedow

Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwistlerine basyş güýçlenýär. 11-nji oktýabrda Türkmen aktiwistleriniň üçüsi Stambulda näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjildi. Öz pikirini açyk beýan edýän we Türkmenistandaky problemalary gozgap, sosial mediada çykyş edýän türkmenistanlylaryň ýene ençemesine haýbatlar atylýar we hatda hüjüm ediljekleriň indikisi boljakdygy açyk duýdurylýar. Aktiwistler özlerine edilýän basyşyň aňrysynda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň durandygyna ynanýarlar.

11-nji oktýabrda agşam sagat 8 töweregi, Stambulyň Sogutluçeşme köçesinde "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň ofisinden çykyp barýanlara näbelli adamlar tarapyndan edilen hüjümde Aziz Mämmedowyň ýüzüne agyr zarba urlupdyr we burny döwülipdir. "Oguz medeniýet jemgyýetiniň" başlygy Nurmuhammet Annaýewiň çep eli ýaralanyp, onuň telefony we dokumentli sumkasy elinden alnypdyr, Bagtyýar atly oglanyň kellesine şikes ýetipdir.

Nurmuhammet Annaýew bolan ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

- Çykan wagtymyz, gapyny gulplajak bolanymyzda, bir adamyň üstümize gelip ugranyny gördüm. Kellesinde-de kepka, daşrakda ýene bir oglan garaşyp dur. Men eýýäm aňdym käbir zatlaryň bolup biljegini, ýöne ýanymdakylar hem çykansoň, biraz çekindiler şol taýda topulmaga. Biz ýöredik, olaram yzymyzdan ýöräp gaýtdylar welin, men aňdym bularyň bizi yzarlaýanyny. Men bäriniň polisiýasyna jaň edip, aýdyp gelip otyrdym, şular ýaly biz yzarlanýarys, töwerekde [wekilleriňiz] barmy diýip. Biz olar iki sanymyka diýsek, olar asyl bäş sany eken. Öňümizde-de garaşyp duranlar bar eken. Şeýlelikde, Sogutluçeşme köçesine öwrülenimizde taksä münüp gaýtjak bolanymyzda olar topulyp başlady.

Aktiwistiň sözlerine görä, yzlaryndan ýöräp gelýän adamlar aktiwistler taksi tutjak bolan pursadynda howlukmaç açyk hüjüme geçipdir.

- Biz aramyzda 30 metr ýaly ýer barmyka diýsek, olar ylgapdyrlar. Yzymyzdan ylgap, ilki Bagtyýar dostumyň kellesinden urýarlar, olam şol taýda ýere ýykylanda kellesi bardýura degip, deşilip, şol taýdan 3-5 minut ýatýar ol oglan. Ezizem öwrülip-öwrülmänkä onuň ýüzüne bir sapar urýarlar. Şol taýda onuň gözi çapylýar, ganap başlaýar gaşynyň aşagy. Olam gaçmakçy bolup, ýoluň beýleki tarapyna geçýär. Onuň elinde-de meniň ÝHHG-niň ýygnagynda geýjek kostýum-jalbarym bardy, ol şony göterip gelýärdi. Olam şony gaçyrmajak bolup, hapalamajak bolup, köçäniň ol tarapyna geçýär. Uly köçe, birgiden adamlar, maşynlar. Olaram durup bize seretdiler. Şeýle bir masgaraçylyk gelen derejämiz. Maňa-da, bir seretdim üstüme 180 boýlarynda, 90 kile agramly bir oglanyň topulyp gelýänini gördüm. Bir ýumruk kelläme, çekgäme, egnime degdi. Biraz basalaşdyk şol taýda.

Aktiwistiň sözlerine görä, ol gygyryp başlapdyr, şondan soň geçip barýanlar goşulypdyr we hüjümçiler gaçypdyr. Bu hüjüm polisiýa tarapyndan hasaba alyndy. Urlan aktiwistlere zerur medisina kömegi berildi. Annaýew derňewiň dowamynda polisiýanyň köçelerdäki kameralaryň wideo ýazgylaryny öwrenýändigini we hüjümçileriň şahsyýetini anyklamak boýunça iş geçirýändigini aýtdy.

Aktiwistler özlerine edilýän basyşyň aňrysynda türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň durandygyna ynanýarlar.

- Haçan kamerany görsek olar asyl bäş adam eken. Hemmesi ýüzleri, sakgallary syrylgyja. Biziň pikirimizçe olar Türkmenistan tarapyndan golaýda ugradylan Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine meňzäp duran, saçlaram gysgajyk. Hemmesäm türkmen. Sebäbi diýseň şolardan meniň üstüme topulan Lebap dialektinde sögünenini bilýän şol taýda.

Annaýew Türkmenistanyň Tükiýedäki ilçihanasynyň türkmen raýatlaryna edilen hüjüm barada hiç hili habar almandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Türkiýedäki diplomatik edaralaryndan resmi habar almak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Nurmuhammet Annnaýewiň sözlerine görä, şol günüň dowamynda hüjümiň öňýany aktiwistleriň günbatar neşiriniň žurnalistleri bilen duşuşygy bolup, interwýu geçirilipdir we soňra internetde göni efirde onuň çykyşy bolupdyr. Aktiwist hüjümçileriň özüniň nirededigini internetde eden çykyşyndan bilip "Oguz medeniýet jemgyýetiniň" ýerleşýän ýerine gelen bolmagyny çak edýär.

Türkmen aktiwistleri bu hüjümi Nurmuhamet Annaýewiň 14-15-nji oktýabr aralygynda Warşawada ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça uly çäresine gatnaşyp, türkmen režimini tankytlamak üçin planlaşdyran sapary bilen baglanyşdyrýarlar.

Annaýewiň özüniň we beýleki pikirdeşleriniň ençeme wagt bäri gorkuzmalara we haýbatlara duçar bolýandygyny aýtdy.

Türkmenistandaky problemalar barada öz pikirlerini açyk beýan edýän aktiwistlere 11-nji oktýabrda edilen hüjümden soň beýleki aktiwistlere haýbatly duýduryşlar berilýär. Ýaňy-ýakynda Stambulda tussag edilip, soň boşadylan Dürsoltan Taganowa özüne näbelli adamlar tarapyndan yzygiderli haýbat atylyp, "sen indiki bolarsyň" diýlen duýduryşlaryň berilýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede we Merkezi Ýewropada protest hereketlerini we aktiwistlerini basyp ýatyrmak üçin jenaýat gurluşlaryny ulanmak synanyşyklary barada öňden bäri maglumat alandyklaryny habar beripdi.

Türkiýedäki türkmen aktiwistleri soňky aýlarda yzygiderli basyşlara we fiziki zorluga sezewar edildi. Awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň öňünde nägilelik ýörişi geçirjek bolan birnäçe aktiwist näbelli adamlar tarapyndan tussag edildi we ýenjildi. Aktiwistleriň biri Farhad Durdiýew näbelli adamlar tarapyndan Türkmenistanyň konsullygyna aldanyp salyndy we şol ýerde ýenjildi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aktiwistlere edilýän basyşyň ýene güýçlenjekdigini aýdýar.

"Üns beriň, bu diňe bir başlangyçdyr. Olar gaty çynlakaý çemeleşýärler. Milli howpsuzlyk ministrligi olara başgaça gol uzadyp bilmeýär. Olar islendik garşylyk hereketini basyp ýatyrýança [basyşlar] güýçlener" - diýip Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmesi 11-nji oktýabrda anonim şertde habar berdi.

Türkmen aktiwistleri protestleriň täze tapgyryna başlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:04 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG