Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köýtendagda bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär


Türkmen hökümeti daýhanlaryň ýyllar boýy şikaýat edip gelýän meselelerini gozgamaýar.
Türkmen hökümeti daýhanlaryň ýyllar boýy şikaýat edip gelýän meselelerini gozgamaýar.

Türkmenistanda gurak gelen ýylyň we oba-hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň arasynda Lebabyň kärendeçileri barha ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan kärendiçler Amyderýanyň suwunyň aşak düşendigini, ekin meýdanlarynyň bugdaý atyzlaryna suw ýetmeýändigini, netijede hasyldan düýbünden mahrum galyp biljekdiklerini aýdýarlar. Mundan öň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurypdy.

“Lebabyň Köýtendag sebiti welaýatyň beýleki künjeklerine garanyňda has yssy hasaplanýar we bugdaý hem has ir ekilýär. Häzirki wagt ösüş suwuna wagt geldi, emma suw düýbünden tapdyrmaýar. Amyderýanyň suwunyň derejesi juda peseldi. Mundan otuz ýylka garanyňda ol bir arygy ýadyňa salýar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran köýtendagly kärendiçileriň biri 4-nji noýabrda ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz häzir welaýatyň beýleki künjeklerinden, şol sanda Türkmenabatdan suw pompasy bolan traktorlaryň we suw çelekli ulaglaryň Köýtendaga ugradylýandygyny, olaryň bir aýyň dowamynda bugdaý meýdanlary üçin zeýkeşlerden suw almaly boljakdyklaryny belledi.

Şol bir wagtda, Köýtendaga iş saparyna ugradylýan sürüjiler eýýäm onlarça ýyl bäri ulanylýan ulaglarynyň uly ýola ýarap-ýaramajakdygyny soraga alýarlar.

“Ulaglarymyzyň 300 km golaý ýola ýarajakdygy gümana. Onsuz hem onlarça ýyl bäri ulanylýan bu ulaglarymyz häli-şindi sandan çykyp dur, ätiýaçlyk şaýlary hem tapdyrmaýar. Ýolbaşçymyz Köýtendaga gitmesek, işden çykarjakdygy bilen haýbat atýar. Men giderin, ulagymyň duran ýerinde men hem körpeçämi ýazyp, ýoluň ugrunda ýatybererin” diýip, Türkmenabadyň “Gök-guşak” paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Galyberse-de, ençeme lebaply daýhanyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda Lebabyň ençeme etrabynda suw nasoslary ýetmezçilik edýär. Daýhanlar Amyderýadaky suwuň häzirki derejesinde ekerançylyga zerur bolan suwuň nasoslaryň kömegi bilen alynmalydygyny, ozaldan bar bolan suw sorujy nasoslarynyň agramly böleginiň bolsa hatardan çykandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan 31-nji oktýabrda güýzlük bugdaý ekişiniň tamamlanandygyny yglan etdi. Resmi maglumata görä, ýurtda munuň üçin 690 müň gektar ýer bölünip berlip, geljek ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar.

Türkmen hökümeti we mediasy ýurtda oba-hojalyk pudagyny ösdürmek, şeýle-de suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýdýar. Emma bu ugurda alnyp barylýan anyk işler barada hasabat bilen çykyş etmeýär, şeýle-de daýhanlaryň ýyllar boýy şikaýat edip gelýän meselelerini gozgamaýar.

Şol bir wagtda, halkara guramalary, şol sanda BMG Türkmenistanda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýändigini duýdurýarlar. 26-njy awgustda BMG-niň resmi websaýtynda çap bolan hasabatda guramanyň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasy Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurypdy.

2019-njy ýylda Türkmenistan dünýäde aşa suw ýetmezçiliginden ejir çekýän ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edildi. Bütindünýä serişdeler instituty (WRI) tarapyndan çap edilen suw töwekgelçiligi baradaky hasabata görä, Türkmenistan aşa suw ýetmezçiligini başdan geçirýän 17 ýurduň biri boldy.

Soňky döwür halkara jemgyýetçiligi, hususan-da iri Günbatar ýurtlary, galyberse-de, köp sanly iri halkara guramalar klimatyň üýtgemegi, howanyň global maýlamagy ýaly meseleler boýunça ähli ýurtlaryň tagallalaryny birleşdirmäge synanyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG