Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda kärende ýerlerine käşir, şugundyr we mekgejöwen eken daýhanlaryň ekinleri sökülýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Geçen hepde Lebap welaýatyna Aşgabatdan ýörite barlag topary geldi. Paýtagtdan gelen bu barlagçylar sebitiň oba hojalyk pudagynda barlaglary geçirip, kärende ýerlerinden ikinji hasyl almakçy bolýan daýhanlaryň ekin meýdanlaryny sökýärler. Olar munuň sebäplerini bu ekinler zerarly gowaça we bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýändigi bilen düşündirýärler. Ýöne daýhanlar suw üpjünçiligi meselesiniň bu ekinler ekilmezden öň hem uly problemadygyny aýdýarlar.

Şenbe güni (31-nji iýul) Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli, 35 adamdan ybarat delegasiýa Aşgabatdan Lebaba geldi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýagdaýlar barada ýerli kärendeçiler we welaýatyň oba hojalyk edaralarynyň işgärleri bilen söhbetdeş boldy.

Barlagçylar ýolsuz ýerlerde hereket edýän ýörite harby ulaglaryň 10-a golaýyna münüp, welaýatyň tas ähli etraplaryndaky obalara baryp gördüler. Olar bugdaýyň ýa-da gögermän galan gowaçanyň yzýany ekilen ähli ekinleri traktor bilen sürüp aýyrmagy tabşyrdylar.

"Barlagçylar baryp ýetişmedik ýerleriniň häkimlerine ikinji gezek hasyl almak üçin ekilen ähli ekinleri bir hepdäniň içinde sökmegi, göni sürüm traktoryny goýbermegi tabşyrdylar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Bäşim diýlip tutulmagyny soran oba hojalyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, kärende ýerlerinden galla hasylyny ýygnap alan käbir kärendeçiler bugdaýyň yzýany öz ekerançylyk ýerlerine, şeýle-de gögermän galan gowaçanyň ýerine käşir, şugundyr we mekgejöwen ýaly ekinleri ekipdirler.

Daýhanlar aşa yssy howanyň we suw ýetmezçiliginiň bugdaý hasylynyň pes bolmagyna getirendigini, şol sebäpli aralyk ekinleri ekip, özleriniň kärende ýerlerinden ikinji gezek hasyl almak isleýändiklerini aýdýarlar.

"Bugdaý hasyly pes bolandygy sebäpli bu ýyl göz öňünde tutulan girdejini alyp bilmedik. Käbir ýerlerde gögermän galan gowaça meýdanlary hem bar. Daýhanlar bu ýerlere aralyk ekinleri ekdiler. Ýöne häzir biziň agyr zähmetimizi puja çykarýarlar. Käşir, şugundyr we mekgejöwen ekilen ýerlerimizi bir ýan ujundan traktor bilen sürüp, ekinlerimizi aýyrýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Gylyçdurdy diýlip tutulmagyny soran darganataly kärendeçi habarçymyza gürrüň berdi.

Oba hojalyk işgäri Bäşimiň aýtmagyna görä, häzire çenli Dänew we Darganata etraplarynyň Dänew, Nyýazow, Parahat, Azatlyk we Göýnük daýhan birleşiklerinde ortaça 600 gektar ýere ekilen aralyk ekinler traktor bilen sürlüpdir.

"Galan ýerlerdäki ekinleriň hem sökülip, ýerleriň şüdügär edilendigi barada 6-njy awgusta çenli hasabat bermeli" diýip, oba hojalyk işgäri belledi.

Aşgabatdan gelen delegasiýa käşiriň, mekgejöweniň we şugundyryň sökülmeginiň sebäplerini bu ekinler zerarly gowaça we bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýändigi bilen düşündirýärler.

Ýöne kärendeçiler Amyderýanyň suwundan peýdalanýandyklaryny aýdyp, suw üpjünçiligi meselesiniň bu ekinler ekilmezden öň hem uly problemadygyny aýdýarlar.

"Emeldarlar döwlet ýerlerindäki suw ýetmezçiligi problemasyny halkyň boýnuna atmak isleýärler. Kärendeçileriň plan borçnamasy esasynda ekýän bugdaý we gowaça hasyly suw, dökün we tehnika ýetmezçiliginden ýylyň-ýylyna ejir çekýär. Emeldarlaryň hatardan çykan ýa-da ogurlanan suw nasoslary problemasyny çözmäne pullary, şeýle-de ýaplary arassalamaga tehnikalary ýok" diýip, darganataly kärendeçi belledi.

Galyberse-de, kärendeçiler boş duran ekin meýdanlaryna ekilen aralyk ekinleriň ilatyň azyk üpjünçiligine peýdalydygyny hem-de ondan galan ot-çöpüň mallar üçin ot-iým bolýandygyny aýdýarlar.

Daýhanlar bu meseleler boýunça welaýat we etrap häkimlerine arz-şikaýat bildirmegiň netije bermeýändigini hem belleýärler.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginden we onuň Lebapdaky bölüminden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki oba hojalyk pudagynda kärendeçiler köplenç plan borçnamasy esasynda döwlete hasyl tabşyrýarlar. Olar köplenç bugdaý, gowaça we kartoşka ýaly döwlet tarapyndan kesgitlenen ekinleri ekýärler.

Şu ýyl Türkmenistanda galla oragy möwsümine iýunyň başlarynda girişildi we aýyň ahyryna çenli bugdaý plan borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigi yglan edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG