Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky Saakaşwili kemsidilendigini aýdansoň, Gürjüstanda has köp protestiň geçirilmegine garaşylýar


Gürjüstanda adamlar öňki gürji prezidenti Mihail Saakaşwilini goldap, 8-nji noýabrda Tbilisiniň "Azatlyk" meýdançasynda ýöriş geçirdiler.
Gürjüstanda adamlar öňki gürji prezidenti Mihail Saakaşwilini goldap, 8-nji noýabrda Tbilisiniň "Azatlyk" meýdançasynda ýöriş geçirdiler.

Gürjüstanda oppozisiýa partiýalary 9-njy noýabrda has köp protestleri geçirmegi planlaşdyrýarlar. Bu waka bir aý gowrak ozal açlyk yglan eden, öňki gürji prezidenti Mihail Saakaşwili türme keselhanasynda garawullar tarapyndan kemsidilendigini aýdandan bir gün soňa gabat gelýär.

Oppozisiýa partiýalarynyň käbir wekilleri we tarapdarlary 8-nji noýabrda "Azatlyk" meýdançasynda ýöriş geçirenden soň, gijäni Tbilisidäki hökümet administrasiýasynyň binasynda geçirdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gürji gullugynyň habaryna görä, irden bu sebitde birnäçe ýüz adam üýşdi we polisiýa demir böwetleri ýerleşdirdi.

Ýörişde Birleşen milli hereketiň (BMH) lideri Nika Melia Saakaşwiliniň boşadylmagyny we raýat klinikasyna iberilmegini talap etdi.

Ýörişiň öňüsyrasynda, Saakaşwili saglyk ýagdaýlary bilen bagly aladalaryň arasynda, Rustawidäki türmeden Gldani türme klinikasyna geçirildi.

8-nji noýabrda eden çykyşynda Saakaşwili klinika geleninde garawullar tarapyndan dil üsti bilen hem-de fiziki taýdan kemsidilendigini aýtdy.

Saakaşwili Facebookda ýerleşdirilen hatynda diňe öz lukmanlaryny kabul etjekdigini we türmedäki medisina işgärleri bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy. Şeýle-de, ol yglan eden açlygyny “ölüme çenli” dowam etdirmegi hem wada berdi.

Birnäçe ýyllap öz-özüni sürgün eden Saakaşwili ýerli saýlawlardan öň, oppozisiýa üçin kampaniýa geçirmek üçin Gürjüstana gaýdyp gelensoň, 1-nji oktýabrda tussag edildi.

2004-nji ýyldan 2013-nji ýyla çenli prezident bolan Saakaşwili 2013-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndan gysga wagt soň ýurtdan çykdy. Oňa garşy häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda we parlamentiň oppozisiýa agzasynyň ýenjilmegi bilen bagly subutnamalary gizlemäge synanyşmakda 2018-nji ýylda gaýybana iş kesildi.

Saakaşwili bu aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.

BMH 3-nji oktýabrda geçirilen munisipalitet we şäher häkimligi saýlawlarynda häkimiýet başyndaky “Gürji arzuwy” partiýasyndan ep-esli yzda galdy.

Oppozisiýa “Gürji arzuwynyň” saýlawlaryň 30-njy oktýabrda geçirilen ikinji tapgyryny galplaşdyrandygyny aýtdy. Ses berişligiň netijesinde milliarder we Saakaşwiliniň bäsdeşi Bidzina Iwanişwili tarapyndan döredilen “Gürji arzuwy” partiýasy ýurduň bäş uly şäherinde ýeňiş gazandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG