Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda azyk harytlarynyň bahalary sähel peselip başlady, ýöne unuň nyrhy üýtgemedi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir dükan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistanda bir dükan.

Maryda 50 kilogramlyk bir halta ýokary hilli unuň bahasy 600 manat, birinji sort unuň haltasy 500 manat. Sebitde unuň gymmat bahasy saklanyp galýar. Ýöne beýleki käbir azyk önümleriniň bahalary pese düşüp başlady. Bu aralykda, geçen hepdäniň ahyrynda paýtagt Aşgabatda, häkimiýetleriň görkezmesi bilen, hususy söwda dükanlaryny ýapmak işleri bat aldy. Ýerli ýaşaýjylar munuň gysga möhletli wagtlaýyn çäredigine umyt baglaýar. Häkimlik wekilleri öz penasyndaky hususyýetçilere bu çäräniň “ýagdaýlar aýdyňlaşýança” bir hepde töweregi dowam etjekdigini aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berýärler.

Maryda göle etiniň bahasy 63 manat, goýun eti 55 manat. Has ozal, soňky birnäçe aýyň dowamynda ýurduň dürli künjeklerinde etiň bahasynyň 70, 80, hatda 100 manada çenli çykan wagtlary we ýerleri bolupdy.

Mary welaýatynda göle we goýun eti öňküsinden arzanlaýan mahaly, üwelen et 70 manatdan bahalanýar. Towuk budunyň bir kilogramy 50 manat. Bu bahalar hususy söwdadaky bahalardyr.

50 kilogramlyk bir halta ýokary hilli un walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 170 dollara, gara bazaryň bahasy boýunça tas 27 dollara barabar bolýar.

Şu günler Mary welaýatynyň söwda nokatlarynda günebakar ýagy 45-55 manat aralygynda bahalanýar, 1 kg sogan 5 manat, 1 kg kartoşka 7 manat, bürünç 10 manat, şeker 17 manat, gök alma 7 manat, gyzyl alma 10 manat, pomidoryň 1 kilesi 8 manat, ähli konditer önümleri 2-3 manat arzanlady.

Azyk harytlarynyň bahalaryndaky soňky üýtgeşmeler baradaky habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda toplumy boýunça geçiren iş maslahatynyň yz ýanyna gabat geldi.

4-nji noýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň ýokary derejeli söwda resmileri bilen duşuşyp, bu toplumyň ýagdaýyny maslahat etdi.

Mejlisiň dowamynda resmiler, adat bolşy ýaly, uly-uly ösüş sanlaryny getirdiler. Meselem, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň eksporty, hasabata görä, ýangyç-energetika serişdeleri hasaba alynmanda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 48 göterim ýokarlanypdyr. Söwda ministrligi ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda ýurduň söwda dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 118 göterim töweregi ösendigini aýdýar. Ýurduň senagatçylary we telekeçileri oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde geçen ýylyň ýanwar-oktýabr aý aralygy bilen deňeşdirilende bu ýyl 120 göterim töweregi ösüş gazanypdyr.

Ýöne mälim bolşy ýaly, halkara ekspertler, galyberse-de, Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy ýaly halkara maliýe institutlary türkmen hökümetiniň hödürleýän ösüş sanlaryny ygtybarsyz hasaplaýarlar.

Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda “hususy haryt öndürijileriň azyk önümlerini gündelik söwdada elýeterli bahalardan ilata ýetirmegiň wajypdygyny” belledi we bu ugurda söwda kärhanalary bilen önüm öndüriji kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekdi.

Galyberse-de, Berdimuhamedow halkyň hal-ýagdaýynyň hem-de abadançylygynyň ykdysady bähbitlerden ileri tutulmalydygyny aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 6-njy noýabrda öýlän “Parahat” etrapçasynda ýerleşýän ähli söwda dükanlarynyň ýapylandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, häkimlik wekilleri öz penasyndaky käbir söwda dükanlarynyň eýelerine jaň edip, öz iş ýerlerini “ýagdaýlar aýdyňlaşýança” bir hepde töweregi möhlet bilen ýapmagy maslahat berýärler, beýleki dükanlaryň ählisi mejbury ýapylýar. 6-njy noýabr güni irdenden başlap, polisiýa işgärleri Aşgabatda söwda dükanlarynyň öňünde miwe we bakja önümleriniň satylmagyny gadagan edipdir.

Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň abadançylygynyň ykdysady bähbitlerden ileri tutulmalydygyny ündeýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçysy prezidentiň ýakyn töwereginiň biznes bäsdeşligi bilen baglylykda Aşgabatdaky “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” lomaý söwda merkezini ýykmak barada maglumatlaryň bardygyny habar berýär.

Şeýle-de, paýtagtda hususy dükanlar näbelli möhlete çenli ýapylýan pursatynda, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, “belli-belli adamlar tarapyndan” 200 müň dollara satyn alnandygy aýdylýan “Turist” otelde (Syýahatçy) barlar daňdan 4-e çenli işleýär, polisiýa bu desgalary goraýar.

Galyberse-de, paýtagtly habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabatdan Büzmeýine, Gökdepä hem-de Änewe gatnaýan hususy “marşrutkalar” gadagan edilipdir. Ýolagçylar özleriniň gatnaýan köpçülik transport serişdelerini saýlamak hukugyndan mahrum edilip, habarçymyza görä, diňe awtobuslarda gatnamaga ugrukdyrylýarlar. Paýtagtdan gatnaýan awtobuslar bolsa, habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, prezidentiň ýakyn töwereginiň biznes gatnaşyklary bilen ilteşikli hasaplanýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda döwlet emlägini hususylaşdyrmak işleri batlandy. Söwda toplumy boýunça geçirilen soňky maslahatda bu ugurdaky işleri çaltlandyrmak ýene bir gezek nygtaldy.

Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy bankomatlarda nagt ýetmezçiliginiň dowam edýändigini habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak nobatlary talonlar arkaly ýola goýulýar.

“Oba dükanlarynda kartdan söwda edip bolmaýar. Hökümet dükanlarynda wagtal-wagtal ilatyň azyk paýlary berilmeýär. Mart aýyndan bäri un paýlanmadyk obalar bar. Şeker, un, ýag çörek almak üçin birnäçe sagatlap nobata durmaly” diýip, bir maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

4-nji noýabrda söwda pudagy boýunça geçirilen maslahatda, uly-uly ösüş sanlary getirilenden soňra, prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepowa “işden goýberen kemçilikleri üçin” “käýinç” yglan etdi. Döwlet mediasy söwda resmisiniň işde goýberen kemçiliklerini aýdyňlaşdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG