Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gijeki çörek, çüýrük ýumurtga, wada berlen un. Ykrar edilmedik krizisdäki durmuş


Aşgabadyň dükanlarynda çörek daňdan, adam başyna 3 buhankadan satylýar. Aşgabat, noýabr, 2021.
Aşgabadyň dükanlarynda çörek daňdan, adam başyna 3 buhankadan satylýar. Aşgabat, noýabr, 2021.

Türkmenistanda azyk krizisi barha agyrlaşýar. Ýurduň köp ýaşaýjysy üçin çörek we un satyn almak gaty kyn meselä öwrüldi. Käbir sebitlerde un satylmaýar, köp wagtlap una garaşýan adamlar dükanlara üýşüp nobatda durýar, paýtagtda bolsa gijelerine çörek satylýar. Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri Lebapdaky we Aşgabatdaky soňky ýagdaýlar barada habar berýärler.

Türkmenistanyň gündogarynda un birnäçe aý bäri döwlet dükanlaryna eltilmeýär. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 4 aýdan gowrak wagt bäri un satylmansoň, ilatyň öňki aýlar üçin un paýoklary köýüpdir we indi ýaşaýjylar iň bolmanda noýabr aýynyň un paýyny satyn almaga synanyşýarlar.

2-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçylary häkimiýetleriň un üpjünçiliginiň yza süýşürilmeginiň sebäbini düşündirmezden, unuň ýakyn günlerde satuwa çykaryljakdygyny aýdypdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýerli dükanlarda ullakan nobatlar emele gelipdir. Şu günki gün nobatda duran adamlar sanaw düzýärler. Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýanyň işgärleri nobata duranlaryň düzen sanawlarynyň nusgalaryny alýarlar we dükanlaryň öňünde duran adamlaryň mobil telefonlaryny ellerinden alýarlar.

"MHM we polisiýa işgärleri sanawlary göçürýärler, bir nusgasy ministrlik üçin, beýlekisi polisiýa, üçünjisi jaý dolandyryş edarasy we dördünjisi dükan işgärleri üçin alynýar. Nobatda duranlaryň telefonlary ellerinden alynyp, olaryň un satyn alanlaryndan soň yzyna berjekdikleri aýdylýar"diýip, 1-nji noýabrda Farapdaky 1-nji dükanda bolan ýagdaý barada gürrüň beren ýerli bir çeşme un satuwynyň irden 4:30 başlajakdygynyň aýdylandygy habar berdi.

Ýurtda un paýy maşgala üçin aýda 5 kilogramdan hasaplanýar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary üçin un paýynyň mukdary 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda azaldyldy, ondan ozal döwlet dükanlarynda adam başyna 5 kilogram un, bir kilogramy 1 manatdan satylypdy.

Azyk önümlerini kesgitlenen bahadan satýan döwlet eýeçiligindäki dükanlarda unuň ýok wagtynda, hususy söwda nokatlarynda-da unuň ýetmezçiligi ýüze çykdy we bahalar ýokarlandy.

Lebap welaýatynyň hususy dükanlarynda 300 gram agramly 1 çöregiň bahasy 12 manat. Agramy 500-600 gramlyk çöregiň bahasy 21 manat. Bir halta un hiline görä, 800-1500 manat aralygynda satylýar.

Farapdaky bazarlarda uny ýokary bahadan hem satyn almak kyn. Polisiýa beýleki sebitlerden un getirilmeginiň öňüni almak üçin reýd geçirýär. Etraplaryň arasynda polisiýa gözegçiligi edilýär we geçip barýan awtoulaglar barlanýar. Unuň tapylan ýagdaýynda ulag eýesine jerime we konfiskasiýa howpy abanýar, şeýle hem satyn alnan unuň çeşmesini anyklamak üçin derňew geçirilýär. Bu ýagdaýda köp adam para bilen gutulmagy makul bilýär.

Azatlygyň çeşmesiniň habaryna görä, saklanan adamlardan unuň alnan ýeri we satan adam barada soralýar. "Unuň un zawodyndan tanyşlaryndan satyn alnandygyny bilseler, hökman jenaýat işi gozgalýar "- diýip çeşme aýdýar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenabatdan barýan ýolda bolup geçen wakalaryň birinde, iki halta un tapylan awtoulagyň eýesi polisiýa işgärlerine 100 manat para we ýanyndaky uny berip, gutulypdyr.

Bu aralykda Aşgabatda döwlet dükanlary gijelerine çörek satmagyny dowam etdirýärler. Her adam başyna 3 çörek satylýar.

Aşgabatdaky çeşmeler tarapyndan Azatlyga ugradylan wideolarda adamlar ellerinde üç çörek alyp, dükanlardan çykýarlar we ýene-de onlarça adam nobata dur. Bu ýagdaý garaňkyda bolýar. Irden çörek satuwy bes edilýär.

Aşgabadyň häkimiýetleri nobatlaryň öňüni almak boýunça çäreleri 2021-nji ýylyň maý aýynda prezidentiniň oglunyň tankydyndan soň güýçlendirdi. Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow dükanlaryň daşyndaky nobatlaryň kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyna zyýan ýetirýändigini aýtdy.

2-nji noýabrda Azatlygyň habarçysy oktýabryň aýagynda azyk paýyna towuk budlarynyň, günebakar ýagynynyň we şekeriň daşyndan her biri 1 manatdan 10 sany ýumurtganyň goşulandygyny habar berdi. Azyk paýynyň getirilmegi üçin goşmaça 3 manat alynýar.

Habarçynyň sözlerine görä, köplenç ýumurtga çüýrük bolýar.

"Arzanlygyna begenip, köpler aslynda ýok edilmeli zaýalanan ýumurtgalary alýarlar" - diýip habarçy aýdýar.

Soňky aýlarda, esasanam Aşgabatda, maşgala başyna düşýän paý ortaça 5 kilogram un, 1 litr pagta ýagy, 1 litr ösümlik ýagy we bir towuk budy ýaly önümlerden ybaratdy. Iýmit paýlary paýtagtyň ýaşaýjylaryna öýlerine eltilip, berilýär. Öýlere azyk önümlerini eltip bermek tejribesi hem prezidentiň oglunyň tankytlandan soň başlandy.

Ýurduň häkimiýetleri birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän azyk krizisini resmi taýdan ykrar etmeýärler, ýöne azyk paýyny yzygiderli azaldýarlar. Ýagdaýy boýun almagyň ýerine ýurduň häkimiýetleri azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini öňe sürýärler.

Hökümet 2021-nji ýylda 1,4 million tonna bugdaý ýygnap, galla meýilnamasynyň ýerine ýetirlendigini yglan etdi. Beýleki ýurtlaryň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistan goňşy ýurtlardan bugdaý we un import etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG