Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda köpden bäri garaşylýan ýeňillikleriň ýerine azyk dükanlary ýapylýar


Aşgabat
Aşgabat

Aşgabatda koronawirus çäklendirmeleriniň ýene bir tapgyry başlandy. Indi ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän hususy azyk dükanlary ýapylýar. Azyk satýan lomaý bazar hem henizem ýapyk galýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdaky soňky ýagdaýlar barada habar berýär.

Aşgabatda çäklendirmeler pugtalandyrylyp, jaýlarda ýerleşýän ownuk azyk dükanlary ýapyldy, paýtagtyň eteginde mikroawtobuslar gadagan edildi.

Habarçynyň sözlerine görä, dükanlaryň köpçülikleýin ýapylmagy 1-nji noýabrda başlandy we dowam edýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde ýerleşýän dükanlarda azyk, öý goşlary we hojalyk üçin ýuwujy serişdeler satylýar. Dükan eýelerine dükan işiniň azyndan bir hepdelik togtadylandygy aýdylypdyr.

"Bu, ähli önümleriň zaýalanjakdygyny aňladýar. Tanaýan satyjylarym, mümkinçilik bolsa önümleri alyjylaryň öýlerine eltip berjekdiklerini aýtdylar, ýöne alyjylaryň köpüsi üçin bu mümkin däl" -diýip habarçy satyjylara salgylanyp, habar berýär.

Habarçynyň ýaşaýan öýünde 4 dükan ýapylypdyr, garşysynda ýerleşýän jaýlarda-da kiçi dükanlaryň hemmesi ýapylypdyr, olar azyk ýa-da garyşyk harytlary satýardy.

Ýurtda koronawirusyň bardygyny resmi taýdan ykrar etmedik Türkmenistanyň häkimiýetleri awgust aýynda söwda, hyzmat we güýmenje kärhanalaryny ýapmak boýunça berk çäreleri gördi. Bu koronawirusyň nobatdaky tolkunyna gabat geldi, keseliň ýaýramagy sebäpli hassahanalar COVID-19 diagnozy tassyklanan hassalaryň köpelmegine döz gelip bilmedi, morglar merhumlardan doldy, ölenler gonamçylyklarda gije-gündiziň dowamynda jaýlandy.

Aşgabatda bazarlaryň açylmajagy we girizilen gadagançylyklaryň ýene uzaldylandygy 1-nji noýabrda mälim boldy. Azatlygyň habarçylarynyň habar berşi ýaly, Aşgabatda we Maryda çäklendirmeler noýabr aýynyň ortalaryna, Lebapda dekabr aýyna çenli uzaldylypdyr. Bu barada telekeçilere ýerli häkimiýetler dilden habar beripdir.

1-nji noýabrda dükan eýeleri we satyjylar işläp başlamak umydy bilen lomaý bazara ýygnandylar. Habarçylaryň sözlerine görä, bazar şol gün açylypdyr, ýöne günortan ýene ýapylypdyr, diňe bazaryň çäginde ýerleşýän "Halk-Market" supermarketi açyklygyna galypdyr.

Häzirki wagtda Aşgabatda Teke bazaryndan başga, açyk howadaky bazarlaryň ählisi işleýär. "Kämil" we "Bagtyýarlyk" ýaly üç söwda merkezindäki supermarketler işleýär.

Azatlygyň çeşmeleri söwda desgalarynyň işine girizilen gadagançylygyň ýene güýçlendirilmegini we azyk dükanlaryň ýapylmagyny koronawirusyň ýaýramagynyň ýene-de güýçlenmeginiň öňüni almak boýunça çäreler bilen baglanyşdyrýar.

"Görnüşinden, täze tolkun başlady ýa-da täze tolkunyň başlanmagyna garaşýar" diýip, çeşme belleýär.

Ýurduň häkimiýetleri bu çäklendirmeler barada düşündiriş bermeýärler. Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimliklerinden resmi düşündiriş almaga synanyşdy, emma bu oňyn netije bermedi.

Bu aralykda, häkimiýetleriň girizýän çäreleriniň sebäbi we möhleti barada dymmagynyň fonunda, dükanlaryň eýeleri prokuratura ýüz tutmak üçin ýazan hatynyň aşagynda gol ýygnaýarlar.

Gulplama şertlerinde köp telekeçi girdejisini ýitirip, ýitgi çekdi, ýapylan desgalaryň işgärleri eklençsiz galdy. Döwlet tarapyndan pandemiýa zerarly kompensasiýa we maddy goldaw göz öňünde tutulmaýar. Tersine salgytlar artýar. Käbir satyjylar gadagançylygy bozup, gizlin söwda etmäge mejbur bolýar. Polisiýa düzgün bozujylary tutmak boýunça geçirýän reýdlerini soňky hepdelerde köpeltdi.

Türkmenistanda häzirki gulplama awgust aýynda girizildi. Mundan ozal söwda, naharhana we hyzmat kärhanalary 2020-nji ýylyň tomsunda köpçülikleýin ýapylyp, uzak arakesmeden soň şu ýylyň mart aýynda açylypdy.

Resmi Aşgabat girizýän gadagançylyklary we keselçiligiň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýa garamazdan, öz giňişliginde COVID-19 keseliniň resmi hasaba alynmandygyny aýdýan wagtynda, daşary ýurt hökümetleri Türkmenistany koronawirus howpy astyndaky ýurtlaryň sanawyna goşýarlar.

ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrligi öz raýatlaryna Türkmenistana barmazlygy maslahat berip, sebäbi ýurtda COVID-19 ýokaşma howpunyň derejesini kesgitläp bolmajagyny mälim etdi. Şeýle maglumatlar 1-nji noýabrda ABŞ-nyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri tarapyndan çap edildi.

Mundan öň Germaniýa Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna goşan ilkinji ýurt bolup, öz raýatlaryna Türkmenistana zerur bolmadyk syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmazlygy duýdurdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG