Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň paýtagtynda polisiýanyň onlarça "gözegçilik nokady" gurlar


Aşgabadyň polisiýa posty (arhiw suraty)
Aşgabadyň polisiýa posty (arhiw suraty)

Türkmenistanyň paýtagtynda 20 sany polisiýa gözegçilik nokadynyň gurluşygy üçin tender yglan edildi. Garaşsyz türkmen neşirleriniň habaryna görä, şuňa meňzeş tenderler geçen ýyl hem yglan edilipdi, şonda jemgyýetçilik tertibini saklamak üçin guruljakdygy aýdylan bu desgalar "barlag nokatlary" diýlip häsiýetlendirilipdi.

Içeri işler ministrliginiň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan yglan edilen tender baradaky habar 15-nji oktýabrda "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

"Gündogar.org" onlaýn neşiri Aşgabatda jemi 20 barlag nokadynyň gurulmagynyň planlaşdyrylýandygyny döwlet habar beriş serişdelerine salgylanyp, habar berýär we Türkmenistanyň beýleki şäherlerinde şuňa meňzeş desgalaryň gurluşygy barada habaryň ýokdugyny belleýär.

“Türkmenistanyň Hronikasy" bolsa, şuňa meňzeş tenderiň bir ýyl ozal eýýäm iki gezek yglan edilendigini, ýöne şonda guruljak desgalaryň barlag nokatlary diýilendigini ýazýar.

2020-nji ýylyň 3-nji aprelinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow premýer-ministriň howpsuzlyk meseleleri boýunça orunbasary Çarymyrat Amanowa jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegine gözegçilik etmek üçin ýörite nokatlary gurmagy tabşyrdy diýlip habarda aýdylýar. Şonda bu nokatlaryň kanuny hem tertip-düzgüni güýçlendirmek, raýatlaryň şahsy we emläk howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, ilkinji kömegi bermek we bilim işlerini geçirmek üçin ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljakdygy habar berlipdi.

TDH döwlet habar gullugynyň şol döwürde habar berşi bu gözegçilik nokatlary iň köp ilatly etraplarda dörediler we ol ýerde nobatçylyk etjek polisiýa işgärleri gije-gündiziň dowamynda gözegçilik eder.

Kanun goraýjy edaralar üçin gözegçilik desgalaryny gurmak boýunça tenderiň häzir yglan edilen pursady, koronawirusyň ýurtda ýaýramagy sebäpli berk çäklendirmeleriň we ilata gözegçiligiň artan döwrüne gabat geldi. Bazarlar we hyzmat kärhanalary awgust aýyndan bäri ýapyk galýar. Bu döwürde, çäklendiriji çäreleriň berjaý edilmegine goşmaça gözegçilik edilýär. Polisiýa maskasyz adamlary saklamak we söwda gadagançylygyny bozýanlary gözlemek ýaly işler bilen başagaý bolýar.

Azatlygyň habarçylarynyň soňky maglumatlarynda Türkmenistandaky koronawirus çäklendirmeleriniň azyndan 1-nji noýabrda çenli dowam etjekdigi aýdylýar. Türkmen häkimiýetleri ne koronawirusyň ýurtda ýaýrandygyny resmi taýdan boýun alýar, ne-de girizilýän çäklendirmeleriň sebäbi we möhleti barada ilata habar berýär.

Synçylaryň pikiriçe, barlag nokatlarynyň gurulmagy polisiýanyň gözegçilik çäreleriniň hasam güýçlendirilendigine şaýatlyk edýär.

“Barlag nokatlarynyň gurulmagy, elbetde, barlag geçiş tertibiniň girizilmegini aňladýar. Şeýle desgalaryň gurulmagynyň başga sebäbi bolup bilmez "-diýip, Gündogar.org neşriniň maglumatynda onuň baş redaktory Baýram Şyhmyradow aýdýar. Şeýle-de, neşir Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine jaň edendigini, emma onuň wekiliniň Aşgabatda gözegçilik nokatlaryny gurmak planlary baradaky soraga döwlet syryna salgylanyp, jogap bermändigini ýazýar.

Türkmenistanda ýaşaýan synçy Serdar Aýtakowyň pikiriçe, gözegçilik postlaryny gurmak planlary "režimiň umuman güýçlendirilmegi" barada habar berýär.

- "Sowet döwründe bar bolan "milisiýanyň opornyý punkty" ýaly gurluşlaryň döredilmegi, kyn ýetginjekler bilen işleşýän wezipeleri we polisiýanyň çagalar otaglaryny döremek barada gürrüň gidýär. Bu, häkimiýetleriň sowet döwrüniň tejribesine gaýdyp gelip, jenaýatyň öňüni almaga we diňe gyssagly çäre görmek bilen çäklenmän kanun bozmalaryň öňüni almak çärelerine üns bermäge mejbur bolýandyklaryny aňladýar. Häzirki wagtda her etrapda polisiýa bölümi işleýär, emma olar operatiw işleri berjaý edýär, indi bolsa profilaktiki işleriň geçirilmegi, aýratynam çagalaryň we ýaşlaryň arasynda öňüni alyş işlerini geçirmek boýunça başlangyç döreýär. Ýöne onuň näderejede täsirli boljakdygyny aýtmak kyn" - diýip, synçy Azatlyk bilen söhbetdeşlikde belläp geçdi.

Serdar Aýtakowyň bellemegine görä, galyberse-de, ýurduň häkimiýetleri ilatyň dürli gatlaklaryna gözegçiligi uzak wagtdan bäri güýçlendirip gelýärler.

- "Bu, uniwersitetlerde başga welaýatlardan gelip okaýanlara-da degişli, olar ýapyk we goralýan umumy ýaşaýyş jaýlarda ýerleşdirilýär. Talyplaryň durmuşyna doly gözegçilik edilýär. Gaty berk düzgün-nyzam, ýaşaýan ýerine gaýdyp gelmegiň şertleri we beýleki gözegçilik çäreleri üpjün edilýär we bu ähli uniwersitetlere degişli bolup, "berk režimli talyplar şäherçesine" meňzeýär. Aşgabatly bolmadyk studentlere bu "uniwersitet şäherçeleriniň" daşynda hususy kwartiralarda ýerleşmek gadagan edilýär, kadadan çykmalar bar, ýöne seýrek. Mundan başga-da, Aşgabatda ýaşaýan talyplar hem gözegçilik astynda saklanýar, olar islendik "gadagan" ýa-da "islenilmeýän" mazmunly maglumatlary okamazlygy üçin şahsy telefonlaryny islendik wagtda tabşyrmaga mejbur edilýär"- diýip synçy aýdýar.

Birnäçe ýyl bäri türkmen paýtagtyna başga welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň girmegine dürli çäklendirmeler yzygiderli girizildi. COVID-19 pandemiýasy başlanaly bäri sebit ilatynyň paýtagta girmek mümkinçiligi hasam azaldy. Mundan başga-da, Aşgabadyň polisiýasy paýtagtdan bolmadyklary tutmak we çykarmak üçin yzygiderli reýd geçirdi.

Synçy Serdar Aýtakowyň pikiriçe, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň howpsuzlyk çärelerini has-da güýçlendirmek meselesine berýän ünsi, olaryň ýagdaýa gözegçiligi ýitirmek gorkusynyň barygyny, şeýle hem jemgyýetiň kriminallaşýandygyny gytaklaýyn boýun alýandygyny görkezýär.

- "Häkimiýetler repressiýalary kanuny taýdan ulanmagyň çeşmesiniň tükenmegine ýa-da tükenip barýandygyna göz ýetiren bolmaly. Bu bolsa, kanunçylygyň çägindäki jezalaryň daşyna çykmak, mejbury göçürmeler, ýa-da ýetginjekler koloniýalarynyň üstüni doldurmak ýaly repressiýalara ýol açmak howpuny döredýär. Ýöne bu ýerde meseläniň iki tarapy bar, bu, jemgyýetiň radikallaşmagyna we açyk garşylyga sebäp bolup biler, sebäbi howpsuzlyk güýçlerine ynamsyzlyk eýýäm uly derejä ýetdi, olaryň edýän "bikanunçylyklary" bolsa islendik pursatda öz-özünden tolgunyşyklara sebäp bolup biler. Häkimiýetler muňa gowy düşünýärler we şonuň üçin olar "öňüni alyş" çärelere üns berýärler" -diýip, Serdar Aýtakow Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Azatlyk Radiosy ozal Aşgabatda we ýurduň beýleki şäherlerinde agyr ykdysady ýagdaý we sosial problemalar bilen baglanyşykly ogurlyk, talaňçylyk ýaly jenaýatlaryň we öz janyna kast etmek ýaly ýagdaýlaryň sanynyň köpelendigi barada habar beripdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG