Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýramalynyň hassahanasynda öýsüz adamyň duçar bolan güni


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Baýramaly etrap hassahanasyna ýerleşdirilen zir-zibil dörýän, öýsüz adamyň duçar bolan güni ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň we saglyk pudagynyň häzirki ýagdaýynyň gerimini açyp görkezýär.

"Ony hassahananyň koridorynda ýatyryp goýdular. Onda hiç hili barlag işlerini geçirmediler. Ol diňe gatyrak gygyryp başlasa, lukmanlar gelip, "jögülik etme" diýip, käte ýüzüni aldylar, käte-de gaty agyrsyna çydamasa, agyryny azaldýan sanjym etdiler" diýip, waka şaýat bolan bir maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde 22-nji noýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly marylylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, 21-nji noýabrda bir adamyň ýolda iki bükülip ýatanyny gören ýaşaýjylar tiz kömek ulagyny çagyrdylar.

"Bu adamy Baýramaly etrap hassahanasyna getirip, birinji gatda, koridoryň ugrundaky nosilkada ýatyryp goýdular. Oňa "Niräň agyrýar?" diýip soranlarynda, içini tutdy. Içinde organ kän, onuň näme sebäpden içiniň agyrýandygyny lukmanlar hiç hili anyklamadylar. Ony barlagdan geçirmediler. Oňa rentgen hem etmediler" diýip, hassahanada waka şaýat bolan marylylaryň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu adamy etrap ýaşaýjylarynyň köpüsi tanaýar. Ol şäheriň dürli künjegindäki zir-zibil dökülýän çeleklere aýlanyp, iýmäne çörek we beýleki azyk önümlerini gözleýärdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistan öz garaşsyzlygynyň iň agyr ykdysady kynçylyklaryndan birini başdan geçirýär. Bu kynçylyklar pandemiýanyň getiren saglyk krizisi bilen utgaşyp, has-da ýitileşdi we sosial problemalaryň möwjemegine getirdi.

Soňky aýlarda ýurtda işsizlik, habarçylarymyzyň sözlerine görä, giňden ýaýrady we ýarawsyz hossarlary üçin derman satyn alyp bilmeýän adamlar, dilegçiler, zibil dörýänler, ten söwdasy bilen meşgullanýanlar, öýsüz raýatlar köpeldi.

"Bu adamyň uly ses bilen ençeme sagatlap kösenip ýatanyna hassahanadaky adamlaryň ençemesi şaýat boldy. Ol gygyryp ýatansoň, lukmanlar oňa agyrysy aýrylar ýaly diňe bir derman sançdylar, başga hiç zat etmediler" diýip, maryly ýaşaýjy sözüne goşdy.

Hassahananyň koridorynda oturan adamlaryň biri onuň üst-başynyň gaty könedigini, köp ýeriniň ýyrtykdygyny we ondan ýakymsyz ysyň gelýändigini aýdyp, "onuň hiç hili hossarynyň ýokdugyny aňsa bolýardy" diýdi.

"Häzir hassahana düşseň, haýsy otaga baryp, analiz etdirjek bolsaň, nagt azyndan 5-10 manat, köp gapylara baranyňda, ondanam kän pul tölemeli. Bu parany bermeseň, ýüzüňe tas seretmeýärler. Şol sebäpden bu adamy hiç bir barlagdan geçirmediler" diýip, ol belledi.

Azatlyk bu aýdylan ýagdaýlar barada Baýramaly etrap hassahanasy we saglyk müdirligi bilen telefon arkaly habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 23-nji noýabrda sagat 9:00-13:00 aralygynda eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Azatlygyň habarçylary pandemiýanyň arasynda ýurduň saglyk pudagyndaky "para-berimiň has-da möwjändigini" habar berip gelýärler.

Olaryň maglumatlaryna görä, hassahanalarda saglyk işgärleri resmi töleglerden daşary, köp halatda “aklyk” tama edýärler we bu ýurduň dürli künjeginde 200-1000 manat aralygynda üýtgeýär, çaga dogulanda "göbek enelere" tölenilýän "buşluk puluň" möçberi 5000 manada çenli ýetýär.

Türkmen häkimiýetleri ne ykdysady kynçylyklary, ne-de saglyk ulgamyndaky "para-berimi" boýun alýarlar. Resmi metbugat ýurduň saglygy goraýyş pudagynda uly ösüşleriň gazanylandygyny aýdyp, muňa täze saglyk desgalarynyň açylyp ulanylmaga berilmegini mysal getirýär.

Bu aralykda, Baýramalynyň hassahanasynda hossarsyz adamyň kösenip ýatanyna şaýat bolan ýaşaýjylar onuň soňky ykbalynyň näbellidigini hem aýtdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG