Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda pagta meýdanlaryny gowaça çöpünden arassalamak işlerine badalga berildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň tas ähli etrabynda pagta meýdanlaryny gowaça çöpünden arassalamak işlerine girişildi. Bu barada etrap häkimlikleri oba geňeşlikleriniň arçynlaryna şu hepdäniň başynda tabşyryk berdi. Azatlyk Radiosynyň welaýatyň ençeme etrabyna aýlanyp gören habarçysy şu günler bu işlere dürli ýaşdaky raýatlaryň, şol sanda ýaş gelinleriň we çagalaryň gatnaşýandygyny aýdýar.

"Şu gün (24-nji noýabr) howa gowy, gaty sowuk bolmansoň, hojalyklardaky kiçi çagaly gelinleri we çagalary-da gowaça meýdanynda görse bolýar. Erkek adamlar gowaçany düýbünden soguryp öňden ýöreýär, yzyndan gelinler we çagalar goparylyp taşlanan gowaçany çöpläp, bir üýşmek edip üýşürip çykýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ýaşaýjy 24-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmenistanda kärendeçi daýhanlar döwlet bilen baglaşylan şertnama esasynda pagta ösdürip ýetişdirýärler we onuň hasylyny döwletiň satyn alyş nyrhyndan ýerlerdäki harmanlara tabşyrýarlar. Şeýle-de, pagtaçy kärendeçiler diňe häkimiýetler tarapyndan rugsat berlenden soňra ekin meýdanlaryny gowaça çöpünden arassalap bilýärler.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, ýaşaýyş jaýlarynyň gaz üpjünçiligi kadaly bolan daýhan birleşiklerdäki kärendeçi hojalyklar ýygnalyp alnan gowaça çöpüni satmana taýýarlanýarlar.

Ýöne gaz üpjünçiligi ýaramaz ýa-da düýbünden gaz çekilmedik käbir obalaryň we täze mellek ýerleriniň ýaşaýjylary çagalaryny alyp, hojalyk bolup, pagta meýdanlaryna çykýarlar we gowaça çöpüni ýygnaýarlar. Olar özleriniň ýygnan gowaça çöplerini odun edip ýakyp, gyşda ýylynmagy umyt edýärler.

Habarçymyz ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň toksuz, gazsyz we suwsuz obalaryň, täze mellek ýerleriniň ýaşaýjylarynyň durmuşyna has-da agyr täsir ýetirýändigini aýdýar. Bu ýaşaýjylar ýuwunmakdan we ýylynmakdan başga-da, çaý demlemek we nahar bişirmek üçin-de oduna mätäç bolup galýarlar.

"Ulag ýa traktor tutmana ýagdaýy bolmadyk ýa-da pullaryny tygşytlamaga synanyşýan adamlar obalarda kimde eşek we eşegiň arabasy bar bolsa, şol hojalyklardan haýyş edip, eşek we eşek arabalaryny alýarlar. Olar ýygnan gowaça çöplerini şol eşek arabada öýlerine daşaýarlar. Olar munuň üçin eşek eýelerine "eşek paý" diýip, her güni 1-2 üýşmek gowaça çöpüni berýärler" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, kärende ýeriniň eýeleri yzy tirkegli bir traktor gowaça çöpüni 600 manada satýarlar. Olar gowaça çöpüni özleri ýygnap aljak hojalyklardan yzy tirkegli bir traktor gowaça çöpi üçin 400 manat soraýarlar.

"Eşekli daşaýandygymyz üçin traktoryň bir teležkasyny nädip hasaplajagymyzy bilmeýäris. Şonuň üçin her bir gektar gowaça meýdanyna 500 manat bereli diýip ylalaşýarys" diýip, gowaça çöpüni ýygnaýan ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şu ýyl Türkmenistanda pagta ýygym möwsümine resmi derejede 8-nji sentýabrda girişildi. 11-nji noýabrda resmi metbugat 2021-nji ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini we 620 müň gektar meýdandan 1 million 250 müň tonnadan gowrak pagta hasylynyň ýygnalandygyny habar berdi.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan kärendeçileriň ençemesi bu ýyl hasylyň pes bolandygyny, göz öňünde tutulan pagtany alyp bilmändiklerini gürrüň berdiler. 12-nji noýabrda Lebap welaýatyndaky habarçymyz pagta plan borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedik pagtaçy kärendeçileriň prokuratura işgärleriniň basyşlary bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG