Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zenan syýasatçyny jynsy wideo arkaly masgara etmek synanyşygy başa barmady: özbekler häkimiýetleri 'nejis usullary' ulanmakda ýazgarýarlar


Hökümedi tankytlamak bilen dile düşen Feruza Babaşewa.
Hökümedi tankytlamak bilen dile düşen Feruza Babaşewa.

Özbek zenan syýasatçysy Feruza Babaşewa döwlet işgärlerini tankytlamagy bilen dile düşenden soň, sosial ulgamda göýä onuň gatnaşmagynda diýilýän jynsy gatnaşykly wideo peýda boldy. Deputat Daşkent şäher Içeri işler bölümini haýbat atmakda we şantaž etmekde aýyplaýar.

22-nji noýabrda, Halk Demokratik partiýasynyň Urtaçirçik etrabynyň geňeşiniň başlygy Feruza Babaşewa şäher prokuraturasynyň haýyşy boýunça parlament eldegrilmesizliginden mahrum edildi. Munuň sebäbi internetde seks wideosynyň peýda bolmagy. Ýöne ol deputatlyk ygtyýarlygyny saklap galýar.

— Olar gaty jan etseler-de, meniň işimde wezipeden bikanun peýdalanmak ýa-da korrupsiýa aýyplamasyny tapmadylar. Ahyrynda [meni abraýdan düşürmek üçin] örän pes hem ýigrenji herekete gitdiler– diýip, Babaşewa Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Görnüşinden, hökümeti açyk tankyt edýän deputata garşy ýiti hem resmi kampaniýa azyndan birnäçe hepde bäri dowam edýär.

Şu aýyň başynda prokurorlar Babaşewadan kazyýete gelip, özüne bildirilýän günälere jogap bermegi talap etdiler. “Agrobankyň” ýolbaşçysy prokuratura ýüzlenip, özüni “ogry” diýip, atlandyrany üçin, Babaşewadan arz edipdir. Babaşewa ol aýyplamany ret etdi. Ol “Agrobank” mugallymlardan – öz müşderilerinden bank kartlaryndan nagt pul alanlarynda, olaryň 1% komission tölemeli bolýandyklaryny tankytlapdy we muny “ogurlyk” diýip atlandyrdy.

Şondan birnäçe günden soň, 15-nji noýabrda, 43 ýaşly Babaşewanyň näbelli bir adam bilen bir düşekde düşürilendigi aýdylýan wideo internetde peýda boldy.

Onuň ertesi güni Daşkendiň Içeri işler edarasy ýaşaýjylar arz edenlerinden soň, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň jelephana hökmünde ulanylýandygy aýdylýan ýaşaýyş jaýyny barlandyklary barada habar ýaýratdy.

Olaryň sözüne görä, 2-nji oktýabrda geçirilen reýdde “jynsy gatnaşykda bolan" “erkek D. Ş. we bir aýal F. B" aýan edilipdir.

Polisiýanyň beýanatynda "reýdiň wideo ýazgylarynyň" sosial media nädip ýaýrandygynyň derňelýändigi aýdylýar.

Babaşewa şol pursatda şol jaýda bolandygyny boýun alýar, ýöne wideonyň “toslanyp tapylandygyny” öňe sürýär.

23-nji noýabrda ol Azatlyk Radiosyna wideonyň parlamentdäki alyp barýan işine goşulmak synanyşygydygyny aýtdy.

— Deputat bolmasam, meniň bilen bagly beýle ýagdaý asla bolmazdy. Beýle ýagdaý [menden tapawutlylykda] tankyt etmekden saklanýan beýleki deputatlar bilen ýüze çykanok ahyryn – diýip, Babaşewa aýdýar.

AKTIWLIGI ÜÇIN AR ALMAK

Babaşewa köp raýatdan, şol sanda blogerlerden we bloger-deputat ýoldaşlaryndan giň goldaw aldy, olar kanun goraýjy guramalary başganyň şahsy durmuşyna goşulyşmakda günäkärlediler.

Facebook sahypasynda eden ýüzlenmesinde we telegram-hasabynda eden beýanatynda, Babaşewa reýd wagtynda polisiýa işgärleriniň özüni üç

sagatlap saklandyklaryny, beýlekilere bolsa jaýdan çykmagy buýrandygyny aýtdy.

Feruza Babaşewa Urtaçirçik etrap geňeşiniň ahlak komissiýasynyň maslahatynda. 2021-nji ýylyň 22-nji noýabry.
Feruza Babaşewa Urtaçirçik etrap geňeşiniň ahlak komissiýasynyň maslahatynda. 2021-nji ýylyň 22-nji noýabry.

Onuň sözlerine görä, howpsuzlyk işgärleriniň bäşisi ýazylan hata gol çekmäge mejbur edip, oňa basyş görkezipdirler we hatda barmagyny döwüpdirler. Olaryň talabyna görä, Feruza dymyp gezmäge kaýyl bolmaly eken. Ýöne olaryň geçiren reýdi barada dymmalymy ýa-da başga bir zat hakda dymdyrmak isleýändikleri belli däl.

Babaşewa reýd wagtynda hukuk goraýjy guramanyň işgärlerini "haýbat atmakda" we "şantaž etmekde" günäkärleýär. Deputat iki ýyl mundan ozal ýerli geňeşe saýlanaly bäri özüne garşy kampaniýa alyp barylýandygyny aýdýar. Ol awtoulagynyň döwlendigini we maşgala agzalaryna haýbat atylandygyny-da mälim edýär.

Babaşewanyň pikirine görä, hukuk goraýjy edaralar we beýleki ýerli resmiler onuň "dogruçyl işinden" närazy bolýarlar, onuň ýönekeý ýaşaýjylara kömek etmek we hukuklaryny goramak synanyşyklaryndan el çekmegini isleýärler.

— Deputat hökmünde meniň işimde ýekeje-de hukuk bozmalary tapmadylar – diýip, Feruza aýdýar.

Deputat häkimiýetleriň parlament mejlislerinde her bir kanun taslamasyny "makullaýan", "el çarpýan" we hökümetiň hereketlerine garşy durmaýan kanun çykaryjylaryň bolmagyny isleýändiklerini aýdýar.

Babaşewa bolsa sosial media ulgamyndan örän aktiw peýdalanyp geldi, ol Facebook sahypasynda ýygy-ýygy raýatlar tarapyndan gozgalýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdy, resmi wekiller bilen duşuşyp, ýönekeý halkyň meselelerini gozgady.

Deputat Babaşewa dürli meseleleriň we päsgelçilikleriň köpüsini çözmäge synanyşdy – käbir sebitlerde elektrik togunyň kesilmegi, şäher ýaşaýyş jaýyny almak isleýän maýyp aýalyň ýagdaýy, käbir ene-atalardan gowuşýan arzalarda, mekdebiň “arabaglanyşyk arkaly” telekeçileriň birine bikanun satylmagynyň öňüni almak ýaly meseleleriň arasyna goşuldy.

Babaşewa köplenç häkimiýetlerden gozgalýan meselä jogap bermegi talap edýär hem olary hereketsizligi üçin tankytlaýar. Özbegistanda elektrik togunyň kesilmeginiň geçmişe öwrülendigini aýdany üçin, Senatyň başlygy Tanzila Norboýewany tankytlady.

Telegram’da "Onda bu ýalanmy?" diýen at bilen Babaşewa garaňky otaglarda oturan özbekleriň elektrik paýlanyş režiminden nägileligini görkezýän dürli wideolary ýerleşdirdi.

Babaşewa özbekleriň garaňky otagda oturandygyny hem-de elektrik energiýasynyň paýlanyş düzgüninden närazylygyny görkezýän wideony ýerleşdirdi. Şol wagtda häkimiýetler ýurtda elektrik togy bilen baglanyşykly kynçylygyň ýokdugyny habar beripdiler.
Babaşewa özbekleriň garaňky otagda oturandygyny hem-de elektrik energiýasynyň paýlanyş düzgüninden närazylygyny görkezýän wideony ýerleşdirdi. Şol wagtda häkimiýetler ýurtda elektrik togy bilen baglanyşykly kynçylygyň ýokdugyny habar beripdiler.

Merkezi Aziýanyň awtoritar döwletinde tankyt kabul ederliksizdir. Şeýle-de bolsa, deputatyň açyk tankytlary üçin, ondan jynsy-wideo şekili bilen ar alnanda, Babaşewa adamlardan köp taraplaýyn goldaw we duýgudaşlyk gazandy.

JEMGYÝETÇILIK GOLDAWY

Babaşewany abraýdan düşürmek maksady bilen taýýarlanan jynsy gatnaşykly wideo indi ters netijeleri döredýäne meňzeýär.

Maşgalasy – adamsy bolan aýala we enä wepasyzlyk etdi diýilmegi makullanman, sosial ulgamlary ulanýanlaryň köpüsi häkimiýetlere garşy hüjümlerinde, şeýle "pes çäreleri görendikleri" üçin ýazgardylar.

Daşkent şäheriniň bir ýaşaýjysy Farida Şerif Facebook’da: "Häkimiýetler öz hataryndaky adamlaryň batyrgaý [hereketine] çydam etmeýändiklerini ýene bir gezek görkezdiler” diýip ýazdy.

Başga bir ulanyjy häkimiýetleriň Babaşewany nyşana almak üçin "banditlik usulyna" ýüz urandygyny ýazdy.

“Bu awa çykmak, adamy tutmak üçin duzak gurulmagy. Kimdir biri üçin duzak – bu ýigrenjilik, ýöne häkimiýet başyndaky adamlar muny etmegi halaýarlar – bu garakçylyk usuly" diýip, Başit Ziýatdinow ýazýar.

Daşkentden Bella Sabirowa: "[Babaşewanyň] indiki gezek saýlanjak ýa-da saýlanmazlygyny diňe adamlar çözýär" diýip ýazdy.

“[Onuň resmi derejesi] döwlet işgärlerine bagly däl. Mundan başga-da, polisiýa kameralar bilen hususy öýlere girmäge we internetde wideo goýmaga hakly däldir. Onuň bedeni – onuň öz ygtyýaryndaky zat" diýip, Sabirowa Facebook’da ýazdy.

Özbegistanlylaryň köpüsi Babaşewany öz işini dowam etdirmäge çagyrdy.

“Göreş bes edilmeli däldir. Ol boýun bolmaly däldir. Ol wezipeli adamlaryň arasyndaky korrupsiýany paş etmek üçin çäreleri görmeli... Siziň üçin ýeke-täk ýol – öňe gitmek" diýip, Gaýrat Kalandar ýazýar.

"Diňe Siz utulmadyňyz” diýip, Zülfiýa Jumaniýazowa ýazýar.

Bu aralykda, Özbegistanyň mejlisiniň deputaty Rasul Kuşerbaýew Babaşewanyň işine gatnaşyp, şahsy durmuşyň eldegrilmezligini bozandygy üçin, kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň jogapkärçilige çekilmegine çagyryş etdi.

"[Babaşewa bilen] bolup geçen waka biziň jemgyýetimizde, gynansak-da, adamy abraýdan düşürmek üçin, erbet we bikanun usullary ulanmagyň mümkindigini görkezýär" diýip, ol Telegram'da ýazýar.

Makala taýýarlananda, Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň materiallaryndan peýdalanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG