Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda bir talyp gyz pyçaklanyp öldürildi, jenaýatçy gözlenýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

26-njy noýabrda Türkmenabatda bir talyp gyz öz kwartiralarynda öli tapyldy. Azatlygyň polisiýadaky çeşmesi pidanyň ilki zorlanandygyny soňra kükreginiň bäş ýerinden pyçaklanandygyny aýdýar.

Türkmenistanda dowam edýän durmuş-ykdysady kynçylyklaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurt boýunça barha ýokarlanýan jenaýat hadysalary barada habar berýärler.

Geçen hepde Türkmenabat şäheriniň köp gatly jaýlarynyň birinde anna güni günortan sagat 11-12 töwereklerinde ýaş gyzyň öli jesediniň tapylmagy ýerli polisiýany herekete geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň polisiýadaky çeşmesi bu jenaýat boýunça häzirki wagtda derňew işleriniň güýçli depginde alnyp barylýandygyny habar berýär.

Azatlygyň ýerli habarçysy talyp gyzyň pyçaklanyp öldürilmeginiň şäher ýaşaýjylarynyň arasynda alada döredendigini habar berýär.

“Ol gyz akylly, edepli, owadan gyzdy. Bu waka bütin Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryny gaýga batyrdy. Jenaýatçy tiz wagtda tapylar diýip umyt edýäris” diýip, pidanyň goňşusy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar jenaýatçynyň berk jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.

“Bu jenaýat işi doly derňelmeli, jenaýatçy eden etmişine doly jogap bermeli” diýip, beýleki bir türkmenabat ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Azatlygyň polisiýadaky çeşmesi häzirki wagtda jenaýatçynyň gözlenýändigini, onuň şahsyýetiniň mälim däldigini habar berdi.

Azatlyk pidanyň we onuň hossarlarynyň şahsy maglumatlaryny aýan etmekden saklanýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ýaş gyz Türkmenabatda ejesi bilen bir kwartirada ýaşaýan ekeni, wakanyň bolan wagty ýaş gyzyň ejesi öýde däl, işde ekeni.

Öldürilen ýaş gyz Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biriniň 3-nji ýyl talyby.

Polisiýadaky çeşmämiz jenaýatçynyň gyzyň öýde ýekeliginden peýdalanandygyny aýdýar. “Bu jenaýatçy tapylar we tussag astyna alnar” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda durmuş-ykdysady kynçylyklaryň arasynda ýokarlanýan jenaýat hadysalary barada yzygiderli habar berýärler.

Şuňa meňzeş beýleki bir jenaýat hadysasy iýul aýynda Daşoguzda bolup geçdi. Şonda 19 ýaşly talyp gyzyň öýde ýeke wagty goňşusy tarapyndan palta bilen öldürilendigi güman edildi. Bu iş boýunça jenaýatçylar polisiýa tarapyndan ele salyndy we tussag edildi.

Şondan bir hepde ozal özlerini Öý dolandyryş edarasynyň işgärleri diýip tanyşdyran ogurlar gündiz wagty Aşgabatda bir jaýa girip, är-aýaly pyçakladylar, maşgalanyň 20 ýaşly gyzyny zorladylar we olaryň öýlerini taladylar. Habarçymyz pyçaklanan är-aýalyň bir keselhananyň reanimasiýa bölüminde bejergi alandygyny habar berdi.

Awgustda bir ýaş ýigit Aşgabadyň “Hitrowkasynda” 18-21 ýaşlaryndaky 10 töweregi deň-duşy tarapyndan urlup öldürildi we köprüden aşak oklandy. Çeşmämiz bu iş boýunça ähli jenaýatçylaryň tussag edilendigini habar berdi.

Ýurtda ykdysady krizis, galyberse-de häkimiýetler tarapyndan boýun alynmaýan pandemiýa we onuň getiren çäklendirmeleri dowam edýän mahaly, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýönekeý raýatlaryň gündelik duçar bolýan kynçylyklary, barha ýitileşýän durmuş krizisi, artýan jenaýat hadysalary, ýygjamlaşýan ogurlyk wakalary, talaňçylyk we beýleki sosial problemalar barada yzygiderli habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG