Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda urlup öldürilen bir oglan köprüden aşak zyňyldy


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady problemalaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda ýurtda jenaýat hadysalarynyň artýandygy barada has köp maglumatlar gelip gowuşýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we garaşsyz neşirler maglumat berýärler.

Ynamdar birnäçe çeşmämiziň habarçymyza aýtmagyna görä, geçen hepde Aşgabatda bolan ýakalaşykda bir oglan urlup öldürildi we soňra-da onuň jesedi köprüden aşak zyňyldy.

Waka 3-nji awgustda paýtagtyň demirýol wokzalynyň golaýyndaky, "Hitrowka" etrapçasyna tarap gidýän köprüde boldy. Şonda 18-21 ýaş aralygyndaky 10 töweregi oglan özleri ýaly beýleki bir oglana hüjüm etdi.

"Netijede, ýakalaşyk döredi. Ölýänçä urlan oglanyň jesedi, soňra köprüden aşak zyňyldy" diýip, çeşmämiz habarçymyza beren gürrüňinde heläk bolan oglanyň şahsyýetiniň we ýakalaşygyň sebäpleriniň nämälim galýandygyny hem aýtdy.

Onuň sözlerine görä, daş-töwerekde gözegçilik kameralarynyň bardygyna garamazdan, polisiýa wakanyň bolan ýerine öz wagtynda gelmedi.

"Olar merhumyň jesedi köprüden aşak zyňylandan soňra peýda boldular. Polisiýa oglany urup öldüren 10 töweregi oglany tussag etdi. Hatda olar waka şaýat bolan adamaryň hem ählisini tussag etdiler. Olary töwerekdäki gözegçilik kameralary arkaly tapdylar" diýip, çeşmämiz belledi.

Ol mundan ozal waka hiç hili gatnaşygy bolmadyk, diňe ýoldan geçip barýarka ýakalaşygy görüp, uruşýan adamlary aýyrmaga synanyşan raýatlara garşy jenaýat işiniň gozgalmagy bilen bagly wakalaryň köp bolandygyna ünsi çekip, şeýle diýdi:

"Şu sebäpli köp adam ýakalaşyklara goşulmaýarlar, uruşýan adamlary aýyryp, olary köşeşdirjek bolmaýarlar. Sebäbi olar soňra özlerine garşy hem jenaýat işiniň gozgaljakdygyny bilýärler" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, edil häzirki wakada hem, polisiýa işgärleri şaýatlara garşy jenaýat işini gozgamak barada haýbat atýarlar. Olar özlerine garşy jenaýat işiniň gozgalmagyny islemeýän raýatlardan $3000-den $5000-e çenli para soraýarlar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Soňky dört ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň ilaty agyr ykdysady krizis, işsizlik, azyk ýetmezçiligi we gymmatçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Habarçylarymyz bu kynçylyklaryň arasynda sosial problemalaryň barha ýitileşýändigini, dilegçileriň we zibil dörýänleriň köpelmegi bilen bir hatarda, soňky aýlarda ogurlyk, talaňçylyk we adam öldürmek ýaly jenaýatlaryň hem görnetin artýandygyny habar berýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan synçylar jenaýat hadysalarynyň köpelmegine ykdysady problemalar we karantin çäklendirmeleri sebäpli ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha kynlaşmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Bu ýagdaýlar barada garaşsyz neşirler hem maglumat çap edýärler. turkmen.news neşiri geçen hepdäniň ahyrynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bolan jenaýat hadysasy barada habar berdi.

9-njy awgustda çap edilen habara görä, şäheriň Azizbekow sebitindäki kwartirany talamak üçin giren ýaly bolup görünýän adamlar 14-nji mekdebiň başlangyç synp mugallymy Larisa Walerýewna Aýriýany we onuň ysmaz ýatan ejesini öldürýärler.

Azatlyga bu wakany öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady. Bu barada Türkmenbaşy şäheriniň Polisiýa müdirliginden hem maglumat alyp bolmady.

Bellesek, bu, Türkmenistanda raýatlaryň öz öýlerini talamaga gelendigi aýdylýan ogrular tarapyndan öldürilendigi barada soňky bir aýyň içinde bilinýän dördünji wakadyr.

Türkmen hökümeti ýurtda sosial-ykdysady krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan jenaýat hadysalary barada ýurduň Statistika baradaky döwlet komiteti hem anyk sanlary mälim etmeýär. Döwlet media serişdeleri-de ýurduň ösüşini mahabatlandyrýan gepleşikleri yzygiderli efire berip, ýurtda köpelýän jenaýat hadysalary barada hiç hili mesele gozgamaýar.

XS
SM
MD
LG