Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda gowaça çöpüni birugsat ýygnaýan kärendeçilere jerime salynýar


Gowaça çöpi. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.
Gowaça çöpi. Türkmenistan. Illýustrasiýa suraty.

Lebapda pagta hasyly ýygnalan gowaça meýdanlarynyň çöpüni birugsat çapyp, ýygnaýan kärendeçiler administratiw jogapkärçilige çekilýär we olara jerime salynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, Farap we Dänew etraplarynyň obalarynda, şol sanda “Goýgala”, “Parahat” we “Kyraç” geňeşliklerinde gowaça çöpüni birugsat çapan pagtaçy kärendeçilere jerime salnypdyr.

Türkmenistanda nobatdaky pagta möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Adat bolşy ýaly, ýurtda pagta möwsümi bu ýyl hem häkimiýetleriň mejbury zähmetden peýdalanmagy, şol sanda býujet işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň ýygyma mejbury çekilmegi ýaly çäreler bilen alnyp baryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýygym möwsüminiň dowamynda yzygiderli habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew dowam edýän pagta möwsüminiň 25-nji dekabrda resmi taýdan tamamlanýandygyny yglan edipdir.

Azatlyga mälim bolşuna görä, wise-premýeriň bu baradaky tabşyrygy welaýat resmileriniň dykgatyna ýetirildi.

Habarçymyza görä, ýakyn günlerde oba hojalyk boýunça wise-premýeriň Lebap welaýatynyň gowaça meýdanlaryna sapar etmegine garaşylýar.

Garaşylýan saparyň öňüsyrasynda habarçymyz býujet işgärlerinden ýygym üçin öz orunlaryna adam ugratmagyň talap edilýändigini habar berýär.

Talaba laýyklykda, jemagat hojalygynyň işçileri pagta ýygymyna özleri gatnaşmaly bolýar.

Muňa garamazdan, Azatlygyň habarçysy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, gowaça meýdanlarynda ýygmak üçin pagta hasylynyň ýokdugyny habar berýär.

“Pagta ýok. Býujet işgärleriniň işini togtadyp, olara uly magistralyň ugrunda pagta daşaýan tehnikalardan gaçan pagtany ýygnadýarlar.Olary ýola ugradýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Bu aralykda, Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, pagta hasyly ýygnalan gowaça meýdanlarynda gowaça çöpüni birugsat ordurýan kärendeçilere temmi bermek işleri administratiw jogapkärçilik bilen çäklenmeýär. Olar gowaçadan boşan ýerlerine öz hasabyna bugdaý ekmäge mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

“Resmi rugsat bolmazdan, gowaçanyň çapym işlerini geçiren kärendeçilere her bir gektar ýer üçin 1000 manat möçberinde jerime töletdirýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Habarçymyz gowaça çöpüniň birugsat çapylmagy bilen bagly jerime töletdirilen bir farap ýaşaýjysynyň duçar bolan kynçylyklaryny mysal getirdi.

Farap etrabynyň bir kärendeçisi pagta hasyly ýygnalan gowaça meýdanynyň çöpüni häkimiýetlerden birugsat çapdyrandan soňra, iki müň manat möçberinde jerime tölemäge mejbur edilipdir.

Faraply kärendeçi iki gektar gowaçadan 600 manat möçberinde ýyllyk girdeji gazanandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli kärendeçiler döwletiň oba syýasatyna nägilelik beýan edýärler.

“Talamak kemini goýmadylar” diýip, bir kärendeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy we 600 manat girdeji gazanyp, 2000 manat jerime tölän kärdeşiniň ýagdaýyna salgylandy.

Bu aralykda, 30-njy noýabrda Azatlyk Radiosy maryly mehanizatorlaryň ätiýaçlyk şaý ýetmezçiligi barada habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty ýurduň oba hojalyk pudagyndaky kemçilikler barada, galyberse-de kärendeçi daýhanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG