Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply talyplar: Internetiň tizligi pesligi sebäpli onlaýn okuwlar bökdeýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Internetiň tizligi boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistanda talyplar onlaýn okuwlara gatnaşmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar. Bu habar ýurtda dowam edýän berk karantin çäklendirmeleriniň arasynda, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) okaýan lebaply talyplaryň käbiri üçin okuwlaryň onlaýn tertipde geçirilýän mahalyna gabat gelýär. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada lebaply talyplaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

"Lebap, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlaryndan talyplary "distansion tertipde okarsyňyz" diýip, awgustyň aýagynda Aşgabatdan öýlerine iberdiler. Şu günler olar öýlerinde onlaýn sapaklara gatnaşýarlar. Ýöne ýurtda Internetiň, WiFi-yň hiliniň pes bolmagy talyplaryň ählisini köseýär" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Aýna diýlip tutulmagyny soran Aşgabatda ýerleşýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň dördünji ýyl talyby 9-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, awgustyň aýagynda, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ondan ölýänleriň görnetin köpelen wagtynda, talyplar öz ýaşaýan sebitlerinden Aşgabada we beýleki welaýatlara goýberilmändi. Aşgabada baran käbir talyplar hem yzyna Lebaba iberilipdi. Şondan soň ÝOJ-larda okuwlar bölekleýin onlaýn tertibe geçirilipdi.

Şol bir wagtda, habarçylarymyz 10-njy sentýabrda Aşgabat şäherinde ýerleşýän käbir ÝOJ-lara dürli welaýatlardan talyplaryň duýdansyz getirilip başlanandygyny habar beripdiler. Daşoguzdan gelen talyplaryň bir bölegi 10-njy sentýabrda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, 13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirilipdi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagt onlaýn sapaklara gatnaşýan lebaply ýaşlaryň arasynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary bar.

"Biziň ýokary okuw jaýymyzda diňe Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda ýazgyda duran talyplar ÝOJ-laryň binalaryna, auditoriýalarda okamaga goýberilýär. Olar adaty režimde bilim alýarlar" diýip, Aýna belledi.

Ol häzir özi ýaly öýlerinde bilim alýan lebaply talyplaryň sanynyň ýüzlerçedigini aýdyp, Internetiň tizliginiň juda pesdigini we munuň talyplaryň onlaýn sapaklara gatnaşyp, kadaly bilim almagyny çäklendirýändigini hem belleýär.

"Talyplar ÝOJ-laryň mugallymlary tarapyndan messenjerlerine iberilen onlaýn wideolary hem kabul edip, açyp bilmeýärler. Internetiň tizliginiň aşa pes bolmagy onlaýn berilýän bilmi almakda gaty kynçylyk döredýär" diýip, Aýna belledi.

Onuň sözlerine görä, ikibada ÝOJ-laryň resmileri talyplara noýabr aýyndan başlap okuwlaryň adaty tertibe geçirilip, sapaklaryň auditoriýalarda geçiljekdigini aýtdylar. Soňra olar bu planyň dekabr aýyna çenli yza süýşürilendigini mälim etdiler.

"Welaýatdaky talyplar muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Sebäbi talyplar sapaklara onlaýn gatnaşyp bilmeýändigi sebäpli olaryň bilimi pese gaçýar. Bu talyplaryň ekzamenlerine, şeýle-de döwlet synaglaryna gaty ýaramaz täsir ýetirer" diýip, Aýna aýtdy.

Şeýle-de, ol talyplara döwlet tarapyndan her aý berilmeli talyp haklarynyň indi sentýabr aýyndan bäri berilmeýändigini hem sözüne goşdy.

Bellesek, raýatlara döwlet tarapyndan dünýädäki iň haýal we gymmat internet hyzmatlarynyň birini hödürlenýän türkmen häkimiýetleri geçen aý ýurduň Lebap we Mary welaýatlarynda Internetiň tizligini has-da peseldip başlady.

Türkmenistan Internet azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär. Internet tehnologiýalary boýunça habarlary yzarlaýan “Comparitech” neşiriniň awgustda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistan Interneti senzuralamakda "iň ýaramaz ýurtlaryň" arasynda agzalýar.

Öz çäginde koronawirusyň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda berk karantin çäklendirmeleri dowam edýär. Azatlygyň mundan ozal beren maglumatlaryna görä, ýurtda bu wirusdan keselleýänler we ondan ölýänler birneme azalýar, ýöne ýokançlygyň ilat arasyndaky gerimi heniz hem ýokary bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG