Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda býujet işgärleri gribe garşy sanjym etdirmäge mejbur edilýär


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň häkimiýetleri edara-kärhanalarda işleýän işgärleri gribe garşy waksina urdurmaga we onuň bahasyny tölemäge mejbur edýärler. Şeýle-de, welaýatyň häkimiýetleri ilata koronawirusa garşy waksinanyň nobatdaky dozasyny 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinden urup başlamaga taýýarlanýar. Bu çäreler dünýäde koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň giňden ýaýraýan we ýurtda karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilýän mahalyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, şu günler Türkmenabat şäheriniň tas ähli hassahanalarynda we edara-kärhanalarynda, şol sanda "Gök guşak" kärhanasynda işgärlere gribe garşy sanjym edilýär.

Gribe garşy "Ultriks" rus waksinasy hökmany bolup, bu mejbury sanjym üçin býujet işgärlerinden her edarada aýry-aýry töleg tölemek talap edilýär.

Meselem, saglyk işgärleri bu waksina üçin 21 manat tölemeli edilen bolsa, "Gök guşak" kärhanasynyň işgärlerinden 25 manat ýygnalýar.

"Tas ähli edaralarda bu waksinany edip başladylar. Ýöne işgärlerden ilki pul ýygnaýarlar, soňra-da sanjym edýärler. Puly diňe nagt alýarlar, bank karty bilen töläp bolmaýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly býujet işgäri 7-nji dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Şu günler welaýatyň häkimiýetleri ilata koronawirusa garşy waksinanyň nobatdaky dozasyny 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinden urup başlamaga hem taýýarlyk görýär. Bu babatda Türkmenabadyň Saglyk öýlerindäki maşgala lukmanlary häzirden hasabat taýýarlaýarlar.

"Koronawirusa garşy waksina öňki tertip boýunça ediler. Meselem, 2021-nji ýylyň fewralynda medisina işgärlerine sanjym edilen bolsa, şol tertip boýunça ilki bilen, ýagny öňümizdäki ýylyň ýanwarynda medisina işgärlerine waksina urlup başlanar" diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan türkmenabatly maşgala lukmany aýtdy.

Ol koronawirusa garşy waksinanyň nobatdaky dozasynyň tölegli boljakdygy ýa-da bolmajakdygy barada häzirlikçe anyk maglumatyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Azatlyk sebitdäki waksinasiýa çäreleri barada Lebap welaýat Saglyk müdirliginden we Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Ýöne bu çäreler sebitde karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilýän we dünýäde COVID-19-yň täze, omikron görnüşiniň giňden ýaýraýan mahalyna gabat gelýär.

Lebapdaky habarçymyz noýabryň ortalarynda bölekleýin açylan bazarlaryň, dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň gapylaryna 3-5-nji dekabr aralygynda gaýtadan möhür basylandygyny habar berdi. Şeýle-de, welaýatda metjitleriň ilata açylmagy goýbolsun edildi. Farap etrabynda köçelere hlorly suw sepmek işleri güýçlendirildi. 6-njy dekabrda Mary welaýatynda hem bazarlaryň we dükanlaryň aglabasy ýapyklygyna galýar.

1-nji dekabrda Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň omikron görnüşiniň ýurtda wirusyň nobatdaky tolkunyny döretmeginden alada edýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäginde COVID-19-yň ýekeje hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlap gelýärler. Ýöne Azatlygyň habarçylary saglyk işgärleriniň ençemesine salgylanyp, ýurtda adamlaryň koronawirus bilen keselleýändigi we ondan ölýändigi barada geçen ýylyň bahar paslyndan bäri habar berip gelýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Türkmenistana iş saparyny tamamlan missiýasy 29-njy noýabrda beýanat ýaýradyp, türkmen häkimiýetlerini ýurtda COVID-19-yň bardygyny ýüze çykarmak boýunça tagallalary güýçlendirmäge çagyrdy.

Koronawirusyň omikron görnüşi ilkinji gezek geçen aý Günorta Afrikada ýüze çykaryldy we azyndan ýigrimiden köpräk ýurda ýaýrady. Saglyk hünärmenleri “omikronyň” örän ýokançdygyny aýdýarlar, ýöne olar bu wirusyň adamlary has hassa etjegini ýa-da onuň sanjymlardan has ökde çykjagyny anyk aýdyp bilmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG