Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlenýär, Maryda bazarlar ýapyklygyna galýar


Boş söwda nokatlary. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Dünýäde koronawirusyň täze, omikron görnüşi giňden ýaýraýan mahaly, Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlandy. Lebapda noýabryň ortalarynda bölekleýin açylan bazarlaryň, dükanlaryň we awtoýuwalgalaryň gapylaryna gaýtadan möhür basyldy. Şeýle-de, metjitleriň ilata açylmagy goýbolsun edildi. Farap etrabynda köçelere hlorly suw sepmek işleri güýçlendirildi. Şu günler Mary welaýatynda hem bazarlaryň we dükanlaryň aglabasy ýapyklygyna galýar. Ýurduň käbir sebitlerinde karantin çäklendirmeleri güýçlendirilýän mahaly, türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmän gelýärler.

5-nji dekabrda Lebabyň administratiw merkezi Türkmenabat şäherinde karantin çäklendirmeleri gaýtadan güýçlendirilip başlandy. Polisiýa işgärleri şäheriň kiçi bazarlaryny, şol sanda il içinde "Owgan bazar" diýlip atlandyrylýan söwda nokadyny we 2-nji etrapçada ýerleşýän gurluşyk bazaryny doly ýapdylar.

"Söwdagärleri bazarlaryň golaýyna-da goýbermeýärler" diýip, türkmenabatly telekeçileriň biri anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, habarçymyz polisiýa işgärleriniň 3-nji dekabrda şäheriň Zelili köçesiniň iki tarapynda ýerleşýän dükanlara, awtoýuwalgalara, awtoulag bejerýän serwislere we awtoulag şaýlaryny satýan dükanlara duýdansyz reýd gurnandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýerdäki telekeçileriň ählisine jerime salyndy we olaryň iş ýerleriniň gapylaryna gaýtadan möhür basyldy.

Bu köçede beýlekiler bilen bir hatarda, awtoulag şaýlaryny satýan dükanlaryň 40-a we awtoýuwalgalaryň 10-a golaýy ýerleşýär.

Bellesek, noýabryň ortalarynda ýurduň käbir sebitlerinde karantin çäreleri bölekleýin gowşadylandan soň, Türkmenabatdaky käbir bazarlarda we dükanlarda işiň gaýtadan dikeldilmegine rugsat berlipdi ýa-da polisiýa olardaky söwdany görmezlige salypdy.

"Söwdagärler bazarlaryň arka tapyndaky gapylardan girip, söwda edýärdiler. Dükan eýeleri bolsa möhürlerini aýryp, gaýtadan söwda edip başlapdylar" diýip, türkmenabatly telekeçi aýtdy.

Telekeçileriň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, söwdanyň gaýtadan çäklendirilmeginiň sebäplerini ne polisiýa işgärleri, ne-de bazar resmileri düşündirýärler.

Ýöne ýagdaýdan habarly çeşmäniň habarçymyza aýtmagyna görä, karantin çäklendirmeleriniň täzeden güýçlendirilmegi ýokary derejeli döwlet resmisiniň Aşgabatdan welaýata sapar etmeginiň öň ýanyna gabat geldi.

"5-nji dekabrda irden Türkmenabada ýokary derejeli döwlet resmisi geldi. Onuň gelmegi bilen, şäherde hususy eýeçilikdäki köne awtobuslaryň gatnawy hem ýatyryldy. Polisiýa olaryň eýelerine Aşgabatdan gelen resmi gidýänçä, awtobuslary ýola çykarmagy gadagan etdi" diýip, çeşmämiz 5-nji dekabrda gürrüň berdi.

Bu aralykda, beýleki bir habarçymyz Lebap welaýatyndaky, şol sanda Farap etrabyndaky metjitleriň 6-njy dekabrda hem ýapyklygyna galýandygyny, jemagat we juma namazlarynyň okalmagyna rugsat berilmeýändigini habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, noýabr aýynda metjitleriň 1-nji dekabrda açyljakdygy yglan edildi. Ýöne geçen hepde bu kararyň 6-njy dekabra süýşürilendigi aýdyldy.

"Baş müfti "häzir dünýäde pandemik ýagdaýyň çylşyrymlydygyny" aýdyp, köpçüligiň bir ýere ýygnanmagynyň ýalňyş boljakdygy barada karar çykarypdyr" diýip, ýagdaýdan habarly bir türkmenabatly anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Mundan başga-da, welaýatyň Farap etrabynda köçelere hlorly suw sepmek işleri güýçlendirildi. Welaýatyň serhetaýaka etraplarynda uçardan derman sepmek işleri hem güýçli depginde alnyp barylýar.

Şu günler Maryda hem bazarlaryň we dükanlaryň aglabasy ýapyklygyna galýar. Häzirki wagt welaýatda diňe azyk önümleri satylýan bazarlaryň käbirleri açyk bolup, beýleki harytlaryň söwdasy gizlin ýa-da polisiýa "para bermek" esasynda amala aşyrylýar.

"Oguzhan köçesiniň ugrundaky "Ak bazarda" söwdagärleriň diňe belli bir bölegini bazara salýarlar. Olaryň galan bölegi bazaryň golaýyndaky hojalyklaryň howlularyny kireýine alyp, şol ýerde söwda edýärler. Polisiýa bu hojalyklaryň her birinden 300 manat para soraýar. Şol puly beren hojalyklara azar berilmeýär we polisiýa işgärleri bu ýerlerdäki söwdany görmezlige salýarlar" diýip, maryly telekeçi anonimlik şertinde 6-njy dekabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň tomus paslynyň ahyrynda berk karantin çäklendirmelerini girizdiler. Bazarlary, restoranlary, ilata hyzmat ediş nokatlaryny we güýmenje merkezlerini ýapdylar, ýurduň içinde transporty çäklendirdiler. Bu waka ýurtda wirusyň möwjän mahalyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, noýabryň ortalarynda habarçylarymyz Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynda karantin çäklendirmeleriniň gowşadylyp başlanandygyny we käbir bazarlaryň, dükanlaryň, restoranlaryň, kafeleriň bölekleýin we "Awazadaky" myhmanhanalaryň doly açylandygyny habar berdiler.

Azatlyk gowşadylan karantin çäklendirmeleriniň gaýtadan güýçlendirilmeginiň sebäpleri barada Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi. Ýöne şu aýyň başynda Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi türkmen häkimiýetleriniň koronawirusyň täze, omikron görnüşiniň ýurtda wirusyň nobatdaky tolkunyny döretmeginden alada edýändigini habar berdi.

Türkmenistanda girizilýän karantin çäklendirmeleri we olaryň möhleti barada beýanat bilen çykyş etmeýän türkmen häkimiýetleri ýurduň çäginde COVID-19-yň hasaba alnandygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler.

Şol bir wagtda, BSG-niň wekiliýeti Türkmenistanyň öz serhet çäginde koronawirusyň ýokdugy baradaky öňe sürmesine soňky bir aýda iki gezek aç-açan şübhe bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG