Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkekde mejbury zähmet we lukman Ismatullaýewanyň işi maslahatlaşyldy


Maslahata gatnaşyjylar lukman bilen raýdaşlyk bildirip, onuň suratyny ellerine alyp, bilelikde surata düşdüler.
Maslahata gatnaşyjylar lukman bilen raýdaşlyk bildirip, onuň suratyny ellerine alyp, bilelikde surata düşdüler.

Merkezi Aziýada zähmet hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän halkara missiýa 7-nji dekabrda gyrgyz paýtagty Bişkekde bäşinji konferensiýasyna başlady diýip, “Turkmen.news” habar berýär.

Garaşsyz neşiriň baş redaktory Ruslan Mýatiýew iki günlük maslahatyň birinji gününde çykyş edip, Türkmenistanda saklanyp galan mejbury zähmet we doktor Hursanaý Ismatullaýewanyň ilki bikanun işden boşadylyp, zähmet hukuklaryny talap edeninden soň dokuz ýyl azatlykdan mahrum edilişi hakynda gürrüň berdi.

Beýleki ýurtlaryň wekilleri öz ýurtlarynda garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň öz hukuklary ugrunda alyp barýan göreşi, dürli çäreleri geçirişi, zähmetkeşler üçin gowy kanunlaryň kabul edilmegi üçin edýän tagallalary hakynda gürrüň berseler, Mätiýew öz sözüni Türkmenistanda beýle zatlaryň ýokdugyny, ne işsizleriň, ne-de COVID sebäpli işlerini ýitirenleriň sanynyň bilinýändigini aýtmak bilen başlapdyr.

Soňra Mätiýew Türkmenistanda zähmet hukuklary bilen bagly iň agyryly meseleleriň birini, gowaça meýdanlarynda sowet döwründen bäri saklanyp galan mejbury zähmet problemasy hakynda gürrüň beripdir.

Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habar berişleri ýaly, Türkmenistanyň býujet edaralarynyň işgärleri her ýyl mejbury pagta ýygymlaryna çekilýär ýa-da ýygymçylary hakyna tutmak üçin pul tölemäge mejbur edilýär.

Mekdep okuwçylaryny guramaçylykly ýagdaýda pagta ýygymyna çekmek indi ençeme ýyl bäri kanun tarapyndan gadagan edilen hem bolsa, çagalar hem, edil ozalkylary ýaly, pagta ýygymy bilen meşgullanýar. Olar köplenç hakyna tutulan ýygymçylaryň bir bölegini düzýär, maşgalanyň maliýe ýagdaýy çagalary goşmaça iş, gazanç gözlemäge mejbur edýär diýip, žurnalist tomsuň yssysynda agyr şertlerde pagta ýygýan çagalaryň zähmet hakynyň günde 1-1,5 dollar töweregindeki serişde bolýandygyny belleýär.

Şeýle-de maslahatda zähmet hukuklarynyň bozulyşy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy we, neşiriň bellemegine görä, Türkmenistanda bu mesele hem giň ýaýran.

Bu ýerde gürrüň 2017-nji ýylda bikanun işden kowulan lukman Hursanaý Ismatullaýewanyň işi barada boldy. Ýolbaşçylar ilki onuň zähmet rugsadyny resmi taýdan tassykladylar we soň işe gelmezlikde aýyplap, işden boşatdylar. Hursanaý Rahmetownanyň öz sözlerine görä, ol näsaglara zerur bolmadyk bejergileri ýazmakdan, ýagny, ýolbaşçylaryň hassahana üçin goşmaça girdeji getirmek talabyndan ýüz öwrüpdir.

Netijede, öz hünäri boýunça işe ýerleşmez ýaly edilen Ismatullaýewa, ýurt içinde öz hukuklaryny gorap bilmän, daşary ýurtdaky garaşsyz neşire interwiýu berýär we soňra, bu mesele 2021-nji ýylyň tomsunda Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň guramaçylygynda geçirilen onlaýn maslahatynda gozgalandan bir gün soň tussag edilýär soňra, galplaşdyrylan kezzaplyk aýyplamalary esasynda, ýapyk gapylaryň arkasynda höküm çykarylyp, 9 ýyl ýyl azatlykdan mahrum edilýär.

Şonda onlaýn arkaly geçirilen maslahat “Merkezi Aziýa ýurtlarynda susdurmak praktikalary: Hukuk goraýjylaryň sesleri” diýlip atlandyrylypdy.

Bişkekdäki maslahata gatnaşyjylar lukman bilen raýdaşlyk bildirip, onuň suratyny ellerine alyp, bilelikde surata düşdüler. Ol suratda “Lukmanyň ýeri türmede däl, hassahanada. Hursanaý Ismatullaýewa azatlyk!” diýlip ýazylypdyr.

Maslahata Merkezi Aziýanyň dört ýurdundan (Täjigistandan başga), garaşsyz kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki hökümetden aýry guramalaryň 50-ä golaý wekili, şol san-da Russiýanyň we Ukrainanyň wekilleri gatnaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG