Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler Täze ýylyň şygaryny wasp edip, täze rekord goýmaga taýýarlanýar


Ýylyň şygary. TDH-nyň suraty
Ýylyň şygary. TDH-nyň suraty

Türkmenistanlylar ýurduň bäş sebitiniň arasynda onlaýn görnüşinde teleköpri gurnap, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna bagyşlanan ýörite aýdym-sazly programma bilen, Täze, 2022-nji ýyly garşy almaga taýýarlanýar; bu çäre sebitleriň baş arçalarynda jem bolup, medeniýet we sungat wekilleriniň bilelikde aýtjak aýdymlary bilen jemlenmeli. Emma Lebap sebitiniň adamlarynyň köpüsi nägile, olar özara gürrüňçilikde halkyň prezidentiň alkyşlanmagyna gaharlanýandygyny, ýurtda ýok bolçulygy wasp edýän sözleriň “aç halka çörek bolmaýandygyny” aýdýarlar.

“Adamlar razy däl, çörek nobatlary arkadag halkyny ekläp bilmänsoň döredi, ol işini başaranok, halk aç” diýip, lebaply medeniýet işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Anonimlik şertinde gürleşen medeniýet işgäriniň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler sebitiň etraplaryndaky we obalaryndaky medeniýet işgärlerini, hususan-da aýdym aýdýan, azda-kände talanty bar raýatlaryň ählisini Türkmenabatdaky ak öýde Täze ýyl dabarasyna taýýarlaýarlar.

Aýry-aýrylykda gürleşilen medeniýet wekilleriniň tassyklamagyna görä, bu ýyldaky Täze ýyl konserti has uludan tutulýar, sebitleriň aýdymçylary, paýtagtdaky tanymal bagşylaryň, halk artistleriniň sesine ses goşup, “Halkyň Arkadagly ýylynyň” şanyna köp bolup aýdym aýtmaly, bu aýdymyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine umyt baglanýar.

Şu aralykda, TDH-nyň 28-nji dekabrda beren habaryna görä, ýurduň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Halkyň Arkadagly zamanasy — agzybirligiň, jebisligiň, döwletliligiň, adalatyň we ösüşiň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenleriň sözlerine görä, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkyň erk-isleginiň beýany bolup, döwlet baştutanynyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady özgertmelerini.. giňden wagyz etmäge gönükdirilen.

Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy çykyş edenleriň Türkmenistanyň gazananlaryny wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrandyklaryny belleýär.

Maslahat sungat ussatlarynyň prezidente bagyşlanan çykyşlary, ugurdaş sergi bilen utgaşdyryldy.

Mundan başga, şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hem gürrüňi edilýän şygara bagyşlanan dabara geçirildi.

Resmi habarda tassyklanmagyna görä, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetiren “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly edebi-sazly çykyşy halkyň prezidentden hoşallygynyň “döredijilikli beýany boldy”.

Azatlygyň ýerli habarçysynyň 27-nji dekabrda beren maglumatynda görä, geljek ýylyň şygaryny we prezidentiň şahsyýetini TW arkaly mahabatlandyrmak üçin gurnalýan çäreler Maryda hem birnäçe gün bäri dowam edýär.

Esasy çäreler "Ak öýde" geçirilýär. Gatnaşýanlar talyplar, medeni işgärler we býujet işgärleri. Çäreler öňünden planlaşdyrylan görnüşde we tertipde geçirilýär diýip, habarçy aýtdy.

"Adamlar kamera emeli ýylgyrmaly we aýdylan wagty el çarpmaly. Çäreler sahnalaşdyrylýar. Buýruga görä, toý lybaslaryny geýen adamlar öz ýurdunyň abadançylygyny we gülläp ösýändigini görkezmeli" diýip, Azatlygyň Mary şäherindäki habarçysy aýtdy.

Bu çäreler prezidentiň öz ogluny, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy sebitlere, bazar nyrhlaryny we adamlaryň durmuş şertlerini gözi bilen görüp, çözülmeli meseleler barada teklip taýýarlamaga iberen hepdesiniň yz ýanyndan geçirilýär. S.Berdimuhamedow sebitlerdäki ýagdaý bilen tanşyp, Türkmenistanda geçirilendigi aýdylýan reformalaryň üstünlikli bolandygyny hökümet mejlisinde beren hasabatynda doly tassyk etdi we bu onuň nähilem bolsa bir özgerişlik teklipleri bilen gelmegine garaşan adamlarda uly lapykeçlik döretdi diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň we ýerli synçylaryň tassyklamagyna görä, wise-premýeriň ýurtdaky nyrhlary we ilatyň hakyky ýagdaýyny bilmezligi mümkin däl, ýöne ol, döwlet habar serişdeleriniň alaçsyz işgärleri, eklenjini wagyzçylykdan gözlemeli bolan döredijilik işgärleri ýaly, prezidentiň we halkyň öňünde ýalan sözlemegi saýlap aldy.

Lebaply ýaşaýjynyň sözlerine görä, “Halkyň Arkadagly zamanasy” bir-birine ynanýan adamlaryň arasynda eýýämden başgaça – “Arkadagyň pazor zamanasy” diýlip ulanylýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 2015-nji ýylda türkmen mediasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we sazyna döredilendigi aýdylan “Öňe, öňe, diňe öňe, jan watanym – Türkmenistan” atly aýdymyň “Ginnesiň rekordlar kitabyna” girizilendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG