Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow sebit saparlarynyň hasabatyny berdi, üýtgeşiklige garaşanlar gynandy


Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow
Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow prezidente sebitlere eden sapary barada hasabat berip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň “netijeliligini”, hakykatdanam “azyk bolçulygynyň döredilendigini” tassyklady we döwlet baştutanyna aýdylýan öwgüli sözleri gaýtalady. Prezident bolsa öz gezeginde, ilat Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmagy, 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda raýatlaryň şäher awtobuslarynda mugt gatnadylmagyny guramagy, mediada arzanladylan bahadan satylýan harytlaryň giňden mahabatlandyrmagyny buýurdy. Emma sebitleriň ýaşaýjylary Azatlyk bilen söhbetdeşlikde özleriniň 'bu spektakldan lapykeç bolandyklaryny" gürrüň berýärler.

Döwlet baştutany bir hepde öň orunbasaryna Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurtda öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmak, bazarlardaky we dükanlardaky harytlaryň nyrhlaryny görmek tabşyrygyny berdi.

S.Berdimuhamedow ýurduň sebitleriniň ählisine sapar edip, önüm öndürijiler, söwda ulgamynyň işgärleri, telekeçiler we ýönekeý alyjylar, ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşandygyny, “welaýatlaryň ählisiniň bazarlarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini, ...bahalaryň elýeterlidigini” aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, prezidentiň tagallalary netijesinde, miwe, bakja önümlerini öndürmek üçin müňlerçe gektar ýer berildi; telekeçilere tohum, dökün, tehnika satyn almaklary üçin ýeňillikli karzlar berilýär.

Mundan öňki ýyllarda şeýle mümkinçilikleriň daýhanlar üçin döredilendigi aýdylýardy, emma soň köplenç bergili çykýan daýanlar netijesizlikde tankytlandy we hususy telekeçiler diýilýänlere has köp ýer bermek we şert döretmek teklibi orta atyldy. "Haýp, bu özgertmeleriň bolar diýlen netijeleri bazarda, haryt bolçulygynda ýa bahalaryň elýeterliliginde görünmedi" diýip, synçylar aýdýar.

Ýöne kiçi Berdimuhamedow başga pikirde:

“Ilatymyza häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň öndüren towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, balyk, tüwi, un, ýag, şeker önümleri... hödürlenýär” diýip, ol türkmen TW-sinde tekrarlanan bolçulyk habarlaryny tassyklady.

Şu aralykda Azatlygyň ýerli habarçylary ilatyň “nobatdaky spektakldan” örän lapykeç bolandygyny habar berdiler.

“Serdaryň welaýatlara aýlanmagyna begenip garaşan ilatyň umyt-arzuwlary boş çykdy, arzan haryt aljak adamlar daş etraplardan gelip, gijesi bilen nobata durdy” diýip, habarçymyz aýtdy.

“Adamlar ilki bu gurnalýan spektakly çyn hasaplady” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň biri aýtdy.

Prezidentiň ogly welaýatlara gelip-gideninden soň, halk içinde “bu bir sirk, sahnanyň klouny bolsa Berdimuhamedow” diýip, gülýänler hem bar.

“Halk gaty umyt etdi, emma dollaryň bahasy duşse-de, harytlaryň nyrhy kän üýtgemeýär” diýip, Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiri garaşan zatlarynyň bolmandygyna gynanjyny bildirdi.

Aýdylmagyna görä, köp adam “prezidentiň ogly islän dükanyna girer, bu edilýän zatlaryň [galplyklaryň] üstüni açar, onuň abraýdan gaçaçy gelmeýär, ol hemme zady düzeder, [harytlary] bol-elin eder” diýen ýaly süýji arzuw edipdir.

“Halkyň eden umydy çykmady. Ogly kakasyndan beter oýnatgy, görkezilene ynanýar, edilýän mahinasiýalar gözüne görünmeýär, bu prezident bolsa, öňküden hem beter günde ýaşarys, ösüş ýok bizde” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi aýtdy.

“Munuň sahnadygyny, oýundygyny bäş ýaşly çaga-da bilýär, diňe kloun diýmeli muňa... Ýaňy ýöremegi öwrenen çaganyň elinden tutup, nirä alyp gitseň, ol şol tarapa hem ýöreýär. Berdimuhamedowyň oglam edil şol çaga beýnisi bilen hereket edýär, özüni aldaýandyklaryny bilmeýär” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi has gaharly gürledi.

Türkmenistanyň ilaty soňky ýyllarda dowamly azyk gytçylygy, gymmatçylyk, şol sanda maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýerli synçylar we hökümet tankytçylary bu ýagdaýlary netijesiz dolandyryşyň we giň ýaýran korrupsiýanyň netijesi hasaplaýar.

Emma häkimiýetler ýurtdaky durmuş, maliýe kynçylyklaryny boýun alman, aýlyklaryň yzygiderli ýokarlandyrylýandygyny, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanýandygyny tassyklaýarlar.

S.Berdimuhamedowyň mejlisde beren hasabatynda ynandyrmagyna görä, öňki ýyllarda hem aýdylyşy ýaly, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň zähmet haklaryny şu ýylyň 25-nji dekabryna çenli bermek üçin zerur çäreler görüldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG