Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Her gün täze baha. Türkmenistanda azyk önümleri günsaýyn gymmatlaýar


Gök önümleriň söwdasy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry (illýustrasiýa suraty)
Gök önümleriň söwdasy. Aşgabat, 2021-nji ýylyň dekabry (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy yzygiderli ýokarlanýar. Birnäçe günden bäri bahalar günsaýyn üýtgäp durýar. Bu aralykda paýtagtyň supermarketlerinde mata, eşik we gap-çanak ýaly önümler arzanladylan bahadan satylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň sözlerine görä, azyk önümleriniň käbir görnüşleri bir günde ortaça 40% ýokarlanypdyr. Düýn, her kilogramy 5 manada satylan pomidor, şu gün - 7; düýn 8 manat bolan hyýar, şu gün - 9; kiwi öňki 15 manatdan 30 manada ýetdi; miwe suwunyň bahasy 10 manatdan 16 manata çenli ýokarlandy; "Rýaba" atly daşary ýurt maýonezi 40-dan 50 manada çenli gymmatlady diýip, habarçy aýdýar.

Etiň bahasy birneme durnukly bolmagynda galýar. Geçen hepdäniň ahyrynda bahasy iki esse ýokarlanmagyndan soň, etiň häzirki döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasy üýtgewsiz, bir kilogramy 70 manat derejesinde galýar, bu Merkezi Bankyň kursy boýunça 20 dollara barabardyr. Bu bahadan et önümleriniň düzümi dürli bolup bilýär. Habarçylaryň habar berişi ýaly, ýurduň welaýatlarynda gaba salnyp satylýan etiň düzüminde bagyr, öýken ýaly bölekleri hem goşulýar.

Bu aralykda, 30-njy dekabrda irden Aşgabatda, Teke bazarynda doňdurylan daşary ýurt etiň bir kilogramy 35 manada satyldy. Satuw bir sagatdan köp dowam etmedi, et hemmä ýetmedi diýip, habarçymyz aýtdy.

Bahalaryň häzirki ýokarlanyşy subsidirlenen azyk önümleriniň nyrhyna-da täsir etdi. Çäkli mukdarda satylýan subsidirlenen azyk önümleriň käbir görnüşleri, hususan-da ösümlik ýagy we şeker soňky hepdede tas iki esse ýokarlandy. Azyk paýlary öýlere eltilýän paýtagtdan tapawutlylykda sebitlerde subsidirlenen bahalardan satylýan azyk önümleri tas ýok diýen ýaly. Welaýat ýaşaýjylarynyň täze ýyldyň öňüsyrasynda subsidirlenen önümleriň has köp satuwa çykarylmagy baradaky umytlary ozalky ýyllaryň tejribelerinden tapawutlylykda başa barmady.

Bu aralykda, Aşgabadyň supermarketlerinde arzanladyşlar yglan edildi. Ýurduň resmi habar beriş serişdelerine görä, "Jomart söwda" şygary astynda geçýän bu söwdanyň çäginde Täze ýyl baýramçylygy sebäpli uly söwda merkezlerinde käbir harytlar 50% -e çenli arzanladylan bahadan satylýar.

Azatlygyň habarçylary arzanladyşlaryň esasan ýurduň içinde öndürlen senagat önümlerine, şeýle-de möhleti tiz gutarýan azyk önümlerine degişlidigini aýdýarlar.

Garaşsyz neşir “Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabatdaky söwda merkezlerinde we bazarlarynda köp harytlaryň we önümleriň hakykatdanam arzan bahadan satylýandygyny habar berdi.

Neşiriň habaryna görä, "Berkarar", "Bagtyýarlyk", "Aşgabat" söwda merkezlerinde gap-gaçlar ortaça 30-40% arzanlapdyr, "Altyn Asyr" bazaryndaky dükanlarda bolsa, zenanlar mata satyn alýarlar.

"Öň 700 manatlyk pombarh mahmalynyň bir tikimligi indi 500 manada satylýar. "Suzana" atly matanyň bahasy 400-den 360 manata,"Gül ýupek" matasy 420-den 350 manada çenli arzanlady. Iň uzyn nobatlar 120-den 90 manada çenli arzanladylan meşhur ştapel matasy üçin düzüldi" diýlip, habarda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” satyjylara salgylanyp, olaryň şeýle arzan bahadan satmaga mejbur edilýändigini we häkimiýetleriň olara söwda ýerlerinden we patentlerinden mahrum etmek bilen haýbat atýandygyny habar berýär.

"Biz koronawirusa garşy çäklendirmeler ýaňy gowşadylmagyndan soň ýaňy işläp başladyk, indi bolsa, harytlary öz zyýanymyza satmaga mejbur edýärler" diýip, neşir paýtagtyň bazarlarynyň birinde işleýän söwdagäriň sözlerine salgylanýar.

Habarda Aşgabatda arzanladylan azyk önümleriniň arasynda bir kilogramynyň bahasy 70-110 manat aralygyndaky süýjüleriň birnäçe esse arzan bahadan satylýandygy aýdylýar. Häzir şol süýjüleriň bir kilogramy 20-24 manatdan satylýar, ýöne adam başyna bir kilogramdan köp satyn alyp bolmaýar. Dükanlaryň we tekjeleriň öňünde uzyn nobatlar düzülýär.

Aşgabatda çöregiň uly nobatlary hem saklanýar.

Döwlet dükanlarynda çörek satylanda, adamlar irden sagat 5-den nobata durýarlar. Söwda ir sagat 6-da başlaýar we bir sagatdan soň çörek gutarýar. Bu barada 29-njy dekabrda habar beren "Türkmenistanyň Hronikasy" Aşgabatdaky dükanlaryň biriniň öňündäki nobatyň wideosyny hem çap etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG