Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa Ukraina, Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça “agyr” gepleşiklere başladylar


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow. Ženewa. 10-njy ýanwar, 2022 ý.
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary Wendi Şerman (çepde) we Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow. Ženewa. 10-njy ýanwar, 2022 ý.

Ženewada Birleşen Ştatlaryň we Russiýanyň delegasiýalarynyň arasyndaky gepleşikler başlady. Bu möhüm diplomatiki gepleşikler Moskwanyň howpsuzlyk kepilleri baradaky talaplaryny öňe sürmegi we Ukrainanyň gündogarynda harbylarynyň sanyny artdyrmagy sebäpli ýüze çykan dartgynlylyklaryň fonunda geçirilýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň orunbasary, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň delegasiýasynyň ýolbaşçysy Wendi Şerman 10-njy ýanwarda Ženewada Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow bilen gepleşiklere başlady diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili mälim etdi.

Bu gepleşikler Russiýanyň Ukrainanyň serhetlerinde harbylarynyň sanyny artdyrmagy netijesinde dörän dartgynlylyklara gabat gelýär. Günbatar Moskwanyň munuň bilen Ukraina hüjüm etmäge taýýarlyk görýän bolmagynyň mümkindigi barada aladalanýar.

Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy, şeýle-de Ukrainanyň gündogarynda Kiýewiň hökümetine garşy söweşýän separatistleri goldaýar.

Gepleşikleriň resmi taýdan başlamagyndan bir gün öň, ýagny 9-njy ýanwarda Şerman we Rýabkow bilelikde iş agşamlyk naharynyň başynda duşuşdylar.

Iki diplomat 10-njy ýanwarda geçiriljek esasy gepleşikleriň dowamynda gürrüňi ediljek “iki tarapy hem gyzyklandyrýan özara meseleleri ara alyp maslahat etdiler” diýip, Döwlet departamenti 9-njy ýanwarda beýanat ýaýratdy.

Ženewadaky ikitaraplaýyn gepleşiklerden soň, aýralykda 12-nji ýanwarda Brýusselde NATO-Russiýa Geňeşiniň maslahaty, şeýle-de 13-nji ýanwarda Wenada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çarçuwasynda köptaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Döwlet departamenti Ženewadaky gepleşiklerde ikitaraplaýyn meseleleriň diňe kesgitli bölegine garaljakdygyny, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Ýewropadaky howpsuzlyk meselesini ýewropaly ýaranlar we hyzmatdaşlar bolmazdan gürrüň etmejekdigini mälim etdi. Bu görnüşinden, Russiýanyň Birleşen Ştatlardan we NATO-dan talap edýän howpsuzlyk kepilleri bilen baglylykda nygtalyp geçildi.

“Döwlet sekretarynyň orunbasary käbir meseleleriň 12-nji ýanwarda Brýusselde geçjek NATO-Russiýa Geňeşiniň duşuşygyna we 13-nji ýanwarda Wenada ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşiniň maslahatyna galdyryljakdygyny belledi” diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Şerman, Ukrainanyň NATO agza bolmak ugrundaky meýilleri bilen baglylykda, “Birleşen Ştatlaryň özygtyýarlylyk, territorial bütewilik we özbaşdak döwletleriň haýsy tarap bilen ýaranlyk gurmak boýunça karary erkin görnüşde kabul edip bilýändigi baradaky halkara prinsiplerine ygrarly bolup galýandygyny nygtady” diýip, Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

Galyberse-de, Şerman “Birleşen Ştatlaryň diplomatiki tagallalar bilen gazanyljak hakyky özgerişleri gowy garşylajakdygyny” hem aýtdy.

Rýabkowyň agşamlyk naharyndan soň žurnalistlere aýtmagyna görä, taraplar düýpli meseleleri maslahat edipdirler. Ol 10-njy ýanwardaky gepleşikleriň “agyr” boljakdygyny hem duýdurdy.

Dekabrda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden özüniň rus kärdeşi Wladimir Putin iki gezek telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Geçen aý Moskwa öz howpsuzlyk tekliplerini, şol sanda NATO-nyň öz çägini gündogar tarapa giňeltmejekdigi barada hem-de ýaranlygyň Gündogar Ýewropadaky harby hereketlerini çäklendirmegi, Ukraina we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmegi boýunça kepillik talaplaryny mälim etdi.

ABŞ resmileri rus talaplarynyň käbiriniň durmuşa geçirip bolmajakdygyny, beýlekileriniň hem dialog üçin açykdygyny aýtdylar.

Döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýanyň “Ukrainanyň maňlaýyna sapança diräp duran pursady”, Moskwa bilen gepleşiklerde öňegidişlikleriň bolmajakdygyny aýtdy.

“Bar bolan ara-tapawutlyklary çözmek, şeýle-de gapmy-garşylygyň öňüni almak üçin dialogyň we diplomatiýanyň ýoly bar” diýip, Blinken 9-njy ýanwarda CNN-e gürrüň berdi.

Mundan başga-da, Blinken eger-de Russiýa Ukraina hüjüm etse, onda munuň Moskwa üçin agyr netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy.

9-njy ýanwarda Ýewropa Bileleşiginiň Britaniýadaky ilçisi Žua Wale de Almeida Sky News telewideniýesine beren interwýusynda, häzirki pursat dartgynlylyklary diplomatiki gepleşikler bilen gowşatmak ugrunda tagalla edilýändigini, emma Russiýa Ukraina hüjüm etse, onda muňa utgaşykly jogap beriljekdigini duýdurdy.

ABŞ administrasiýanyň wekilleri Russiýa bilen käbir meseleler, şol sanda ýarag kontroly, raketalaryň ýerleşdirilmegi, harby türgenleşikler ýaly ýagdaýlar boýunça umumy nokady tapmak mümkinçilikleriniň saklanyp galýandygyny hem bellediler.

XS
SM
MD
LG