Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda degişlilikdäki arzan azyklar gaýtadan gymmatlaýar


Aşgabatdaky azyk nobatlary
Aşgabatdaky azyk nobatlary

Türkmen häkimiýetleriniň geçen ýylyň aýagynda baýramçylyklara gabatlap gyt azyk harytlarynyň nyrhlaryny emeli ýagdaýda arzanlatmak synanyşyklaryndan soň, iýmit önümleriniň bahalary, şol sanda döwlet dükanlarynda hem gaýtadan ýokarlanyp başlady. Şol bir wagtda, habarçylarymyz ýiti ykdysady krizisiň arasynda adamlaryň subsidirlenen azyklar üçin soralýan resminamalary almak synanyşyklarynda, döwlet edaralarynyň öňünde uzakly gün nobatda garaşýandyklaryny hem belleýärler.

“2022-nji ýyla geçip, döwlet dükanlarynda soňky hepdelerde arzanladylan azyklar täzeden gymmatlap başlady, käbiri bolsa ýene düýbünden satuwdan ýitdi. Mysal üçin, 1 litrlik günebakar ýagy 37 manada galdy; hususy dükanlarda ol 39 manat. Pagta ýagy bolsa düýbünden tapdyrmaýar. Ony hususyýetçiler gizlin ýagdaýda 55-60 manat aralygynda satýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli atlandyrylmasyzlygyny soran ýaşaýjylaryň biri 6-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, Azatlygyň beýleki sebitlerdäki habarçylary hem bu günler azyk önümleriniň gaýtadan gytalyp we gymmatlap başlandygyny tassyklaýarlar. Bazarlarda ýylyň ilkinji hepdesiniň dowamynda azyklaryň, şol sanda et, çörek we ýag önümleriniň bahalarynyň hem ortaça 30-50% aralygynda gymmatlandygy bellenilýär.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilat degişlilikdäki arzan bahadan we çäkli mukdarda satylýan subsidirlenen azyk önümlerine bagly bolmagynda galýar. Paýtagt Aşgabatda ýaşaýjylara iýmit paýlary öýlere eltilip satylýan bolsa, sebitlerde subsidirlenen bahalardan satylýan önümler uzak wagtlap söwdada peýda bolmaýar.

Dört ýyl çemesi wagt bäri ýurduň ýaşaýjylary çörek we un ýaly esasy azyk önümlerini satyn almakda uly kösençlikleri başdan geçirýärler, uzyn nobatlarda durmaga mejbur bolýarlar. Oba ýerlerine subsidirlenen bahadan iýmit birnäçe aýlap eltilmeýär. Bu ýagdaý azyk önümleriniň täjirçilik bahasynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň arasynda bolup geçýär.

Aşgabatdaky çörek nobatlary. Sentýabr, 2021 ý.
Aşgabatdaky çörek nobatlary. Sentýabr, 2021 ý.

Galyberse-de, bu günler raýatlar subsidirlenen azyklar üçin soralýan resminamalary almak üçin tas uzakly gün diýen ýaly döwlet edaralarynyň öňünde nobatda geçirmeli bolýarlar.

“Täze ýyla geçip [Lebabyň] Türkmenabat şäheriniň jaý dolandyryş edarasynyň öňünde ýüze golaý adam paýok alyp bilmek üçin soralýan resminamalary almak üçin nobatlarda garaşýar. Ol edara öýlän sagat 15-19 aralygynda dokumentleri berse-de, adamlar ir sagat 10-dan eýýäm nobat tutup başlaýarlar” diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň biri 6-njy ýanwarda habarçymyza aýtdy.

Subsidirlenen bahadan azyk önümlerden düzülen paý her bir öýe niýetlenýär. Bir jaýda altydan gowrak adam hasaba alnan maşgalalara iki paýogyň berilmegi göz öňünde tutulýar. Köp çagaly maşgalalar diňe bir pasportyny görkezmek bilen çäklenmän, jaýda ýazga duran ähli ýaşaýjylary hasaba alýan öý kitabyndan göçürme we girdejilerinden tutulan salgyt barada hem kepilnama bermeli bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG