Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak prezidenti zorlukly wakalardan soň, Almaty şähärine ilkinji saparyna geldi


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Almaty şäherine geldi, bu onuň ýurduň iň uly şäherine geçen hepde bolup geçen ganly gozgalaňlardan soň eden ilkinji sapary boldy.

Tokaýewiň metbugat sekretary Berik Uali Tokaýewiň 12-nji ýanwarda Almaty şäherinde adatdan daşary ýagdaý boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşandygyny, zorluk wagtynda öldürilen hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň garyndaşlary we kärdeşleri bilen duşuşandygyny aýtdy. Zorlukda ölenleriň takyk sany entek belli däl.

Gazagystanyň habar beriş serişdeleri 12-nji ýanwarda, zorlukly wakalar köşeşeli bäri, ýene 1700 adamyň tussag edilendigini habar berdiler. Bu tolgunyşyklar wagtynda tussag edilenleriň jemi sanyny tasdan 10 müň adama ýetirdi.

Kasym-Žomart Tokaýew 11-nji ýanwarda, ýurtdaky görlüp-eşidilmedik tolgunyşyklaryň arasynda çagyrylan harby kömegiň, rus ýolbaşçylygyndaky KHŞG goşunlarynyň basym ýurtdan çykyp başlajakdygyny yglan etdi.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, 11-nji ýanwarda Gazagystanyň iň uly şäheri Almatynyň howa menzilinden uçan iki sany Il-76 harby transport uçary Moskwa rus raýatlaryny alyp geldi.

Ministrlik her uçarda 145 raýatyň ýurduna dolanandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu wezipe doly berjaý edilýänçä, rus raýatlarynyň Gazagystandan getirilmeginiň dowam etdiriljekdigi aýdylýar.

BMG-niň adam hukuklary boýunça hünärmenleri 11-nji ýanwarda Gazagystanyň häkimiýetlerini demonstrantlara garşy "güýç ulanmagy, şol sanda janalgyç ýaraglary ulanmagy” togtatmaga çagyrdylar.

BMG-niň Terrorçylyga garşy durmak we adam hukuklary meseleleri boýunça ýörite hasabatçysy Fionnuala Ni Aolain beýanat çap edip, Gazagystanyň demonstrantlary, raýat jemgyýetiniň aktiwistlerini, adam hukuklaryny goraýjylary, žurnalistleri we syýasy partiýalary nyşana almak üçin “terrorçylyk” adalgasyny aşa giňden ulanandygyny we munuň, görnüşinden, gorky ornaşdyrmak maksady bilen edilendigini we çuň alada döredendigini” aýtdy.

BMG-niň beýleki hukuk hünärmenleri bolsa, Gazagystanyň prezidentiniň howpsuzlyk güýçlerine we goşuna "garakçylar we terroristler" diýip häsiýetlendiren demonstrantlaryna garşy göni ok atmak buýrugyny bermeginden alada bildirdiler.

Şeýle-de, BMG-niň hukuk hünärmenleri Gazagystanda döwletiň demonstrantlara garşy güýç ulanylmagynyň “garaşsyz we adam hukuklary nukdaý nazaryndan derňelmegine” çagyrdylar.

Tokaýew 11-nji ýanwarda ilkinji gezek Gazagystanda häkimiýet üstündäki içerki dawanyň bardygyny ýaňzytdy "ýurduň ilkinji prezidenti döwründe gaty uly girdejili kompaniýalaryň we halkara derejesinde tanalýan baý adamlaryň peýda bolandygyny" aýtdy.

"Adamlara degişli zatlary olara bermegiň, yzygiderli kömek bermegiň wagty geldi. Hökümet bu hili kompaniýalaryň Gazagystanyň Halk gaznasyna goşýan goşantlarynyň nähili bolmalydygyny kesgitlemek meselesine göz aýlamaly" diýip, ol döwletdäki oligarhlaryň ýurtdaky “bäsleşigiň azalmagyndaky roluny” tankytlady.

Nazarbaýewiň ýakyn töweregindäki adamlara garşy gönükdirilen uly göçümiň çäginde, Tokaýew hökümete “Operator ROP” kompaniýasynyň işini togtatmagy buýurdy. Zir-zibilleri toplamak we gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan iri kompaniýa, gazagystanlylaryň köpüsiniň pikiriçe, öňki prezident Nursoltan Nazarbaýwiň krpe gyzy Aliýa Nazarbaýaewa degişli bolup durýar.

11-nji ýanwarda Tokaýew tarapyndan premýer-ministrlige hödürlenen Alihan Smailow birnäçe sagat içinde parlamentde tassyklandy. 49 ýaşly Smailow öň premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işleýärdi.

Almaty şäher saglyk müdirliginiň başlygy Nariman Tabynbaýewiň 11-nji ýanwarda žurnalistlere aýtmagyna görä, zorlukly wakalarda ýaralanan 1200-den gowrak adam lukmançylyk kömegini sorap, döwlet saglyk edaralaryna ýüz tutdy.

XS
SM
MD
LG