Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen howaýollary Türkmenistanyň raýatlaryny Türkiýeden getirer


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

14-nji ýanwarda Stambuldan Türkmenabat şäherine uçaryň barmagyna garaşylýar. Bu barada “Turkmen.news” 13-nji ýanwarda agşam habar berdi. Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, “Türkmenistan” milli howa gatnaw kärhanasynyň uçary Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlaryny watanyna alyp barýar.

Türkmenistan tarapyndan guralan ýörite T53902 uçary, Stambulyň halkara howa aeroportunyň resmi web sahypasynda eýýäm tertibe goşuldy, habar berlişine görä, uçar ýerli wagt bilen sagat 10:00-da ýurduň gündogar sebitine ugraýar diýip, "Turkmen.news" 13-nji ýanwarda habar berdi.

Neşir "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň uçarynda COVID-19 pandemiýasy sebäpli Türkiýede galmaga mejbur bolan türkmen raýatlaryny alyp barýandygyny habar berdi.

Türkiýeden Türkmenistana barýan uçar baradaky habar daşary ýurtlarda galýan türkmen raýatlaryny öz ýurduna eltmek boýunça uzak arakesmeden soň peýda bolan ikinji maglumatdyr.

12-nji ýanwarda Azatlygyň Türkmenabatdaky çeşmeleri ýurduň raýatlaryny Gazagystandan eltmek üçin planlaşdyrylýan uçar barada habar berdi. Azatlygyň Türkmenistandaky habarly çeşmesine görä, 15-nji ýa-da 16-njy ýanwarda "Türkmenhowaýollarynyň" uçarynyň Gazagystandan türkmen raýatlaryny alyp barmagyna garaşylýar. Çeşme, bu uçuşyň guralyşynyň Gazagystandaky syýasy wakalar bilen baglanyşyklydygyny belleýär.

Azatlygyň çeşmelerine görä, soňky bir ýarym aýyň içinde türkmen raýatlaryny daşary ýurtlardan getirmek boýunça uçarlar bolmandyr. Soňky gezek ýolagçy uçary Türkmenistana 30-njy noýabrda Moskwadan barypdyr.

Daşary ýurtlara okuw ýa-da iş sebäpli çykan türkmen raýatlarynyň ep-esli bölegi Türkiýede bolýar. Bu aralykda, Türkiýeden raýatlary Türkmenistana eltmek üçin uçarlar birnäçe aýdan bir gezek guralýar. Mundan öň şeýle uçarlaryň iýul we noýabr aýlarynda bolandygy mälim.

Ýurda gaýdyp baran raýatlar Türkmenabatda üç hepdelik karantin zolagynda saklanýarlar.

Türkmenistanyň migrasiýa häkimiýetleri we "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekilleri planlaşdyrylan uçuşlar barada habar bermeýärler, metbugat habarlaryny-da kommentirlemeýärler.

Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda galan raýatlaryň arasynda Türkmenistana barýan uçarlara islegler yzygiderli artýar. Munuň bilen birlikde, uçarlara münmek üçin mümkinçilikler gaty çäkli. Köp adamlar Türkmenistana gitmek üçin sanawlara ýazylmaly bolýarlar we ençeme aýlap garaşýarlar.

Azatlyga Türkiýedäki türkmenleriň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda düzülen sanawda 800-den gowrak adam bar. Bir ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistana gitmek üçin nobatyna garaşýan 48 ýaşly Gulmyrat Babajanowyň dekabr aýynda Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, ol bir ýyllap garaşansoň, nobatynyň 812-den 839-a çenli yza süýşendigini bilip galypdyr.

Mundan başga-da, Azatlyk bilen Orsýetde söhbetdeş bolan türkmenistanlylar Türkmenistana uçmaga taýýarlanýan uçar barada sanawda duran adamlara hut öňýany gyssagly habar berilýändigini we adamlarda syýahata taýýarlanmaga käte ýeterlik wagtyň bolmaýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň häkimiýetleri global koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlary ýurduna getirmek üçin çäreleri 2020-nji ýylyň awgust aýynyň aýagynda görüp başlady. Ýatlatsak, Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli öz serhetlerini 2020-nji ýylyň fewral aýynda ýapdy. Ýolagçy howa gatnawynyň bes edilmegi türkmen raýatlarynyň ýurduň daşyna çykmagyny kynlaşdyrdy we müňlerçe raýaty ýurduň daşynda galdyrdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG