Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda bazarlar, kafeler we restoranlar açylýar. COVID-19 ýoklugynyň kepilnamasy talap edilýär


Rus bazary, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Rus bazary, Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Paýtagtyň bazarlarynda satyjylara 18-nji dekabrdan söwdany dowam etdirmäge rugsat berildi. Dört aý çemesi arakesmeden soň, bazar işgärleri koronawirusyň ýoklugy barada şahadatnama alsalar, söwdasyny dowam edip bilerler. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan şu çaka çenli koronawirusyň bardygyny resmi derejede boýun almady.

Söwda kärhanalary we olaryň işgärleri köpden bäri garaşylýan işini dowam etdirmek üçin rugsat aldylar. Bu barada 16-njy dekabrda Azatlygyň habarçysy habar berdi. Onuň sözlerine görä, söwda ýerleriniň eýelerine we kärendeçilere koronawirusyň ýoklugy barada resminama alsalar, 18-nji dekabrdan başlap söwda etmäge rugsat berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, käbir bazarlarda bir gün öň söwda etmäge rugsat berildi. Hususan-da, il içinde “Lomaý bazar” diýlip, tanalýan “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” bazarynda saglyk rugsady esasynda 17-nji dekabrdan başlap satyjylara we dükan eýelerine işlemäge rugsat berildi. Şeýle hem, söwda işgärleri maska we ellik geýmek, dezinfeksiýa serişdelerini ulanmak ýaly arassaçylyk çärelerini berjaý etmeli.

Ýerzeminlerde ýerleşýän dükanlaryň we salonlaryň eýelerine-de şol bir şertlerde işlemäge rugsat berildi. Kafe we restoranlar açyldy. Teatrlaryň açylmagyna garaşylýar. Hususan-da, 26-njy dekabrda A.S.Puşkin adyndaky rus teatry tomaşaçylar üçin açylýar.

Şeýle-de, habarçylaryň sözlerine görä, işe başlamaga rugsadyň berilmegi bilen bir hatarda telekeçiler baýramçylyk üçin şäher bezeglerine serişde ýygnamak, köçeler üçin yşyklar we Täze ýyl agaçlaryny oturtmak ýaly häkimiýetler tarapyndan geçirilýän çärelere pul tabşyrmaly edildi. Söwdanyň we işiň entek başlamandygyna we telekeçilerde serişdeleriň ýokdugyna garamazdan, talap edilýän puly bermekden ýüz öwürýänlere kärhanasyny ýapmak we gapysyny möhürlemek haýbaty atylýar.

Çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegine noýabr aýynyň başynda garaşylýardy, soň bolsa düşündiriş bermezden birnäçe gezek yza süýşürildi.

Gulplama sebäpli birnäçe aýlap telekeçileriň köpüsi ýitgi çekdi we ýapyk desgalaryň işgärleri eklençsiz galdy. Döwlet tarapyndan koronawirus pandemiýasy zerarly zyýanyň öwezini dolmak üçin ilata maddy goldaw berilmedi. Munuň tersine, gazançsyz galan telekeçiler we söwdagärler kömegiň ýerine salgytlary we kärende tölegini berjaý etmäge mejbur boldular. Käbir satyjylar, gadaganlygy bozup, gizlin söwda etmäge mejbur boldular. Düzgün bozujylary tutmak üçin yzygiderli polisiýa reýdleri geçirildi.

Türkmenistanyň hökümeti girizen çäklendirmeleriniň wagty we şertleri, şeýle hem pandemiýa döwründe çäklendirmeler sebäpli zyýan çeken ilata döwlet goldawy barada beýanat etmedi.

Türkmenistanda gulplama awgust aýynda COVID-19 keseliniň we ölüminiň görlüp-eşidilmedik derejede köpelen wagtynda başlandy. Hökümete ýakyn çeşmeler koronawirus keseliniň ýurtda hasaba alynýandygyny, emma köpçülige mälim edilmeýändigini habar berdiler. Hökümete ýakyn çeşmäniň 14-nji oktýabrda Azatlyga beren maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda koronawirusdan 25000-den gowrak adam ýogalypdyr.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 273 milliondan geçip, hökümetler hemme ýere ýaýran COVID-19 keseliniň mutasiýalaryndan alada edýän wagtynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary koronawirusyň ýurtda henizem ýokdugyny aýdýarlar.

Türkmenistan birinji tapgyr berk çäklendirmeleri 2020-nji ýylyň tomsunda girizipdi, şonda söwda, hyzmat we güýmenje desgalary sekiz aý çemesi ýapyk durupdy we şu ýylyň mart aýynda açylypdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG