Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sekizýap suw howdanynyň çägi, gurakçylyk sebäpli, azyndan 2,5 esse kiçeldi


"Meteožurnalda" çap edilen surat
"Meteožurnalda" çap edilen surat

Barha köpelýän görnüş subutnamalary 2021-nji ýylda Türkmenistanda bolan gurakçylygyň näderejede uly täsiriniň bolandygyny görkezýär diýip, “Meteožurnal” bu gurakçylygyň keminden soňky 70 ýylda bolan iň agyr gurakçylyklaryň üçlügine girendigini habar berýär. Azatlygyň habarçylary geçen ýyl Amyderýada hem suwuň juda azalandygyny habar berdiler. Mundan başga, suw ýetmezçiligi paýtagtda hem ilatyň yssy howada şypa gözleýän çüwdürimleriniň aýlap ýapylmagyna alyp geldi. Emma Türkmenistan, beýleki sebit ýurtlaryndan tapawutlylykda, gurakçylygyň netijelerini gizlemegini dowam etdirýär. 2021-nji ýylda sebitiň ähli ýurtlary diýen ýaly gurakçylyk ýa-da, Eýranda bolşy ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli gidroelektrik stansiýalarynyň işinde ýa-da oba hojalygynda ýüze çykýan kynçylyklar barada habar berdiler. Diňe Türkmenistanyň häkimiýetleri bugdaý, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak meýilnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini habar berdiler. Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti, anyklaşdyrmazdan, ýurtdaky suw meseleleri bilen bagly ýene bir buýruga gol çekdi. Oba hojalygynda dörän agyr ýagdaýlar, şol sanda suw meseleleri sebäpli, Türkmenistanyň ilaty barha kän daşardan getirilýän azyk önümlerine mätäç bolýar, emma hökümet eksporty artdyrmagy talap edýär diýip, synçylar aýdýar.

Resmi maglumatlar ýa-da metbugatda çap edilen habarlar bolmansoň, emeli hemra suratlary esasynda alnan görnüş subutnamalary gurakçylygyň derejesini kesgitlemekdäki ýeke-täk çeşme bolup biler diýip, neşir ýazýar.

“Google Earth” tarapyndan täzelenen suratlarda adybir dag derýasynyň boýundaky Sekizýap suw howdanynyň näderejede peselendigini görmek bolýar. Bu suw howdany uly däl, ýöne onuň çuňlugy, derýanyň akýan dag jülgesinde eýeleýän ýeri bilen, esli bar.

2021-nji ýylyň maý aýynyň aýagynda düşürilen suratlara üns berseňiz, garamtyl-goňur reňk suwy däl-de, sil zerarly toplanan läbigi, suwuň çekilmegi bilen garalyp galan guşagy görkezýäne meňzeýär.

Gurak gelen 2020-nji ýylyň iýun aýynda düşürilen suratlar bilen deňeşdirilende, suw howdanynyň gerimi 9,3 gektardan 3,9 gektara çenli, suw howdanynyň perimetri bolsa 1,8 kilometrden 1 kilometre çenli azalypdyr. Bu suw howdanyň suwy 2014-nji ýylda işe girizileli bäri hiç haçan beýle pes bolmandy.

Sekizýap derýasynyň esasan ýerasty suw üpjünçiligi bar. Onuň esasy gözbaşlary Germap jülgesindäki birnäçe çeşme bolup durýar. Derýanyň uzynlygy 25 kilometre, ortaça ýyllyk suw akymy 1 m3/s töweregi.

Bu hili derýalaryň režimi gidrologiki taýdan hem, ýerasty suw üpjünçiliginiň näderejede azalýandygy nukdaý nazaryndan hem, gurakçylygyň derejesine baha bermek üçin möhüm bolup durýar diýip, neşir belleýär. Şeýle-de habarda 2021-nji ýyldaky suratyň 23-nji maýda düşürilendigi aýdylýar.

Bu gurakçylygyň ýetjek ýerine ýeten wagty däl, öňde ygalsyz we adatdan daşary yssy tomus bar, bu bolsa suw howdanynyň tomus möwsüminde has çekilendigini, tasdan gurara gezek gelendigini aňladýar.

2021-nji ýylda sebitiň ähli ýurtlary diýen ýaly gurakçylyk ýa-da, Eýranda bolşy ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli gidroelektrik stansiýalarynyň işinde ýa-da oba hojalygynda ýüze çykýan kynçylyklar barada habar berdiler.

Diňe Türkmenistanyň häkimiýetleri bugdaý, pagta we beýleki ekinleri ýygnamak meýilnamalarynyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini habar berdiler.

Azatlygyň habarçylary ýurtdaky suw ýetmezçilikleri, gurakçylyk we beýleki tebigy hadysalar barada yzygiderli, öz wagtynda habar berýärler. Emma türkmen häkimiýetleri bu maglumatlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Şeýle-de, hünärmenleriň ýurduň suw howdanlarynda we ýaplarynda emele gelen agyr ýagdaýlar, suwuň bisarpa ulanylyşy barada aýdýan pikirlerine, görüp boljak çareler barada berýän maslahatlaryna garamazdan, türkmen hökümeti dowamly suw ýetmezçiliginiň we gurakçylygyň ilatyň durmuş derejesine, ýurtdaky azyk üpjünçiligine, mallaryň ýagdaýyna ýetirýän täsirleri barada hiç bir maglumat bermän, hökümet tankytçylary tarapyndan manysyz diýlip häsiýetlendirilýän uly taslamalara köp möçberde döwlet serişdesini harçlamagyny dowam etdirýär.

Şu aralykda Türkmenistanyň prezidenti ýurtdaky suw meseleleri bilen bagly ýene bir buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurduň suw serişdelerini aýawly hem-de netijeli peýdalanmak maksady bilen, 2022-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberleri tassyklanyldy diýip, TDH habar berdi. Emma bu buýruň jikme-jiklikleri, onuň ýurtdaky dowamly suw ýetmezçiliginiň, şol sanda suw joşmalarynyň mümkin bolan netijelerine ýertirip biljek täsiri aýdylmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG