Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyl aýagy ygally geldi, hünärmenler suw meselesinde 'arkaýynlaşmazlygy' ýatladýar


 Garagum kanaly
Garagum kanaly

Soňky günlerde Türkmenistanda her gün diýen ýaly, ýa gijelerine ýagyş ýagýar, bu ýagyn ýüzläp gektar ýere ekilen bugdaýyň “maňlaýyndan dirär, emma bu arkaýynlaşmaga esas bermeýär diýip, Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen oba hojalyk hünärmenleri aýdýar.

“Bu ýagyn bugdaý ekilip, gögeriş alnan ýerlerden gowy hasylyň ýygnalyp biljegine umyt döredýär, emma tohumlyk bugdaýyň bir böleginiň arçynlar tarapyndan ogurlanyp satylandygy, sürlüşi ýaly boş ýa-da ala-mula gögeriş bilen galjak ýerleriň hem boljagy çaklanýar” diýip, 67 ýaşly gökdepeli kärendeçi Azatlyk radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Geçen iki-üç ýylda bolan gurakçylyk, üstesine daýhanlar üçin döredildi diýilýän “ajaýyp şertleriň”, daýhanlaryň öz sözleri bilen aýtsak,“hakykatda döredilmeýändigi, hatda gerek wagty suwuň hem ýeterlik bolmaýandygy” sebäpli Türkmenistanda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi, hökümet derejesinde hem boýun alnyşy ýaly, yzygiderli peseldi.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 30-njy noýabrda geçirilen mejlisinde pagta ýygymynyň şindi hem dowam edýändigi bilen birlikde, geljek ýyl üçin taýýarlyk görmek meselelerine hem üns çekildi.

Emma gökdepeli daýhan prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygy boýunça berýän tabşyryklarynyň, hususan-da suw howdanlaryny arassalamak, zeýkeşleri çuňaltmak baradaky çagyryşlarynyň ýyldan-ýyla gaýtalanmakdan başga, uly bir netijesiniň ýokdugyny öňe sürýär.

Bu pikiri Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertde gürleşen 45 ýaşly tejenli kärendeçi hem “dogry” hasaplaýar.

Onuň pikiriçe, Türkmenistanda uzak ýyllar gowaça ekilen ýerlerden kadaly hasyl almagyň esasy şerti gyşda tutulan ýuwuş suwlaryna bagly.

Emma hünärmenler Türkmenistanyň 1 müň 1 ýüz kilometre çekilen Garagum kanalynyň düýpli idege, yzygiderli arasslaýyşa mätäçdigini, bu işi mundan aňryk gijä goýmagyň agyr netijeleriniň boljakdygyny duýdurýarlar (Okuw kitaplarynda soňra Bereketden Etrege çenli 240 km kanal çekildi diýen maglumat hem bar, emma synçylar munuň ýalandygyny aýdýarlar).

“Mundan öň Garagum kanalynyň her üç kilometr aralygynda kanaly gyrmançadan arassalaýan zemsnarýadlar bolardy, emma olar indi ýok. Kanaly gyrmança basdy. Amyderýa joşanda, Lebap welaýatynyň obalaryna çenli suw basmagynyň sebäbi, kanalyň suw çekmezligi, akabada suw akara ýer bolmazlygybilen bagly” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan suw hünärmeni aýtdy.

Kanalyň arassalanmazlygynyň üstesine, suw howdanlary hem uzak ýyllap idegsiz galdy, Däneata suw howdany (Bereket etrabynda) gazylmady, Gökdepe suw howdany, Hanhowuz suw howdany, Zeýt suw howdany hem gyrmança basyp, ýygnamaly suwlaryny ýygnap bilenok diýip, hünärmen sözüniň üstüni ýetirdi.

Mundan başga, hünärmenler ozallar derýalaryň ugrunda hem suw ýygnamak, toplamak tejribeleriniň bolandygyny, ol suwlaryň gerek ýerinde ulanylandygyny ýatladýarlar.

“Günbatar Türkmenistanda Köpetdag bilen Garagumuň arasy ortaça 30-35 kilometr, aralyk takyr-da, gumuň ýakasynda ýörite howdanlar gazylýardy. Bu uly güýç hem talap etmeýärdi. Emma bu howdanlar dagdan inen sil suwlarynyň toplanmagy bilen, netijede 20 süri goýny, ýabany gezip ýören düýeleri suwa ýakmaga şert döredýärdi” diýip, balkanly hünärmen Azatlyk radiosyna aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti dikeldilen Halk maslahatynyň ilkinji mejlisinde oba hojalygynda geçirilmeli reformalar boýunça öz tekliplerini orta atdy. Soňra anyk bolşuna görä, indiki ýyldan döwletiň oba hojalyk önümlerini satyn alyş nyrhlary ýokarlandyrylýar. Şeýle-de, käbir hususy telekeçilere ýerleriň uzak möhletli berilmegi, kärendeçilere tehnika satyn almak üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, beýleki käbir çäreler haklynda gürrüň edilýär.

Bellemeli ýeri, bu Türkmenistanda 1990-njy ýyllardan bäri geçirilen oba hojalyk synaglarynyň şowsuz çykandygyny boýun almak bolýar. Mälim bolşy ýaly, ozal ýurduň birinji prezidenti öz “Täze oba syýasatyny” yglan etdi, soň, 2007-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba adamlarynyň problemalaryny çözmegi wada berdi.

Emma hünärmenler, eger ýurtda suw desgalaryny, şol sanda zeýkeşleri gyssagly arassalamak işleri ýola goýulmasa, ýuwuş suwlary we beýleki suwaryş işleri kada salynmasa, suwuň we ýeriň hakyky eýeçiligi döredilmese, "hiç bir oba hojalyk reformasynyň bolmajagyny" ýatladýarlar.

XS
SM
MD
LG