Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farabyň polisiýasy häkimligiň öňünde üýşen adamlary "gozgalaň etmekde aýyplady"


Illýustrasiýa suraty (Arhiw suraty)
Illýustrasiýa suraty (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda 200-e golaý adam döwletiň subsidirlenen bahasyndan satylýan käbir azyk önümleriniň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna nägilelik bildirmek üçin etrap häkimliginiň öňünde ýygnandy. Polisiýa bu ýere üýşen adamlary "gozgalaň etmekde" aýyplap, "atyp öldürmek" bilen haýbat atdy. Bu wakanyň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Habarçymyzyň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap etrabyň döwlet dükanlarynda ilata subsidirlenen bahadan satylýan käbir azyk harytlarynyň nyrhlary 7-8 esse ýokarlandy. Ozal 1 litri 3 manat bolan pagta ýagynyň bahasy 24 manat kesgitlendi.

Duýdansyz güýje girizilen bu ýiti gymmatlama ilatyň arasynda nägilelikleri döretdi. Netijede, 200-e golaý adam öz nägileliklerini beýan edip, häkimiýetlerden haraý, çykalga gözläp, 10-njy ýanwarda irden Farap etrap häkimliginiň binasynyň öňünde ýygnandy.

"Adamlar subsudirlenen azyk önümleri bolmasa, özleriniň alýan aýlyklaryna, pensiýa we kömek pullaryna bazar bahasyndan azyk satyn alyp, gün görüp bolmajakdygyny aýtdylar. Olar aýlyklar, pensiýalar, döwlet kömek pullary 10% ýokarlandyrylan bolsa, subsidirlenen azyk önümleriniň 700%-800% gymmatlandygyny bellediler. Adamlar aýlyklary, pensiýalary we kömek pullaryny hem şonça ýokarlandyrmagy, soňra subsidirlenen bahalary bazar şertlerine geçirmegi teklip etdiler" diýip, habarçymyz şaýat bolan ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, raýatlaryň teklipleri häkimligiň işgärleri tarapyndan diňlenmedi. Muňa derek, aradan köp wagt geçmänkä, häkimligiň öňüne aýnasy garaldylan mikroawtobusda gara maska dakynan 15 töweregi ýaragly harby geldi. Olar häkimligiň binasyna ýerleşdirildi.

Şondan soňra etrap polisiýasynyň wekilleri bu ýere üýşen adamlaryň öňünde çykyş edip, olary "gozgalaň etmekde" aýyplap, "atyp öldürmek" bilen haýbat atdy.

"Polisiýa adamlara "ýene şeýle köpçülik bolup gozgalaň etseňiz gaty görmäň. Şu ýerde atarys, hossarlaryňyza öliňizi hem bermeris. Aç we dynç öýüňizde ýatyň" diýdi. Adamlar gorkunjyna dargaşdylar" diýip, wakanyň bolan ýerindäki bir ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Häkimligiň öňüne üýşen adamlaryň birnäçesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde işsizlik zerarly çörek satyn almaga-da pullarynyň ýokdugyny aýdyp, özleriniň hökümet wekillerinden haraý gözläp barandyklaryny, ýöne olaryň özleri bilen hamana jenaýatçy ýaly çemeleşendigini hem belledi.

"Polisiýa işgärleri "Size gozgalaň etmelidigini kim aýtdy? Arkaňyzda kim dur?" ýaly soraglary hem berdiler. Hakykatdan aç raýatlaryň arkasynda hiç kim ýok. Biziň azyk almana pulumyz hem ýok. Biz haýyş bilen barsak-da, bize hamana döwleti agdarmak maksady bilen baran ýaly seretdiler" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Bellesek, habarçylarymyz we çeşmelerimiz ýurt raýatlarynyň resmilerden haraý gözläp, häkimlikleriň öňüne üýşendigi barada mundan ozal hem ençeme gezek habar beripdi. Ýöne habarçylarymyz häkimiýetleriň adamlaryň üýşen ýerine ýaragly harbylary ýerleşdirmegi barada ilkinji gezek habar berýärler.

Bu waka goňşy Gazagystandaky protestleriň fonunda, türkmen häkimiýetleriniň ýurduň dürli künjeginde ilata gözegçiligi güýçlendiren mahalyna gabat geldi. Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan kanun goraýjylaryň birnäçesi "türkmen hökümetiniň halkyň aýaga galmagyndan alada edýändigini" aýdypdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Farap etrap häkimliginden we polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri geçen ýylyň soňky günlerinden bäri subsidirlenen bahalardan ilata satylýan azyk paýlaryndaky önümleriň sanyny, görnüşlerini esli azaldyp, olaryň bahalaryny tapgyrlaýyn esasda ýokarlandyryp gelýär.

27-nji dekabrda Aşgabadyň döwlet dükanlarynda ösümlik ýagynyň bir litrlik çüýşesi 35 manat, şekeriň bir kilogramy 18 manat boldy. Bularyň ozalky bahalary degişlilikde 19 we 9 manada deňdi.

Munuň bilen bir wagtda, azyk önümleriniň hususy söwdadaky bahasy hem yzygiderli gymmatlaýar. 30-njy dekabrda Aşgabatdaky habarçymyz azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň bir günde ortaça 40% ýokarlanandygyny habar berdi.

Türkmenistanda pandemiýanyň arasynda ýitileşen ykdysady kynçylyklar, işsizlik we azyk gymmatçylygy has köp maşgalany subsidirlenen azyk önümlerine garaşly goýýar.

Türkmen häkimiýetleri we döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ne ykdysady kynçylyklary, ne işsizligi, ne-de azyk gymmatçylygyny we gytçylygyny boýun alýarlar. Muňa derek, döwlet telekanallarynda 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň 10% ýokarlandyrylandygy aýdylyp, munuň "ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrjakdygy" baradaky reportažlar wagtal-wagtal halk köpçüligine ýetirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG