Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa göçmek isleýän türkmenlerden Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek talap edilýär


Aşgabadyň halkara aeroporty. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň halkara aeroporty. (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän, goşa raýatlygy bolan türkmen raýatlary ýurdy terk etmekde dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Russiýa hemişelik ýaşamak üçin göçüp gitjek türkmenistanlylaryň käbirinden türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmek talap edilýär. Goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň ençemesi özleriniň başdan geçirýän ýagdaýlaryny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berdi.

"Türkmenistanyň häkimiýetleri Russiýa hemişelik ýaşamaga gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň köpüsinden Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmegi talap edýär. Häkimiýetler dilden edýän bu talabynyň sebäplerini düşündirmeýär. Köp adam göçüp gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmäge mejbur bolýar" diýip, goşa raýatlygy bolan aşgabatlylaryň biri 24-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň kynçylyklary şondan soň has-da köpelýär. Sebäbi olar türkmen raýatlygyndan ýüz öwürýändikleri barada Türkmenistanyň häkimiýetlerine arza tabşyrmaly bolýarlar. Häkimiýetler bu arzalara ýylda iki sapar - maý we noýabr aýlarynda - seredýär.

"Häkimiýetler arzalara maý ýa noýabr aýynda seredip bilmese, onda raýatlaryň işi ýene alty aýa çenli uzaýar. Şeýle-de, käte häkimiýetler adamlaryň Türkmenistanyň raýatlygyndan ýüz öwürmek baradaky arzalaryny ret edýär we munuň sebäplerini köplenç düşündirmeýär. Käte bolsa, olar adamlaryň karzlarynyň, şol sanda salgyt we aliment bergileriniň bolmagyny sebäp görkezýärler" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Soňky ýyllarda Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň sany barha artýar. Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapansoň, raýatlaryň ýurduň daşyna akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşip başlansoň, geçen ýylyň tomsunda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde nobatlar ýene artdy.

Goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, häkimiýetler olaryň türkmen raýatlygyndan çykandygy baradaky maglumaty köplenç telefon arkaly habar berýär. Olar bu baradaky resmi haty bermegi uzaga çekýärler.

"Bu resmi hat bolmasa, raýatlar Russiýa gitmek üçin resminamalary öz wagtynda düzedip, göçmek üçin zerur bolan işlerini edip bilmeýärler: jaýlaryny satyp bilmeýärler, ýurtdan gitmek üçin Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýazga durup, türkmen Migrasiýa gullugynyň işgärleri bilen ylalaşyp bolmaýar, Türkmenabat şäherine we Moskwa uçmak üçin biletleri satyn alyp bolmaýar. Bularyň ählisini edip ýetişmek üçin adamlara diňe bir aý wagt, ýagny bir aýlyk wiza berilýär" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Ýöne ol köp adamyň bir aýda göçüş düzgünlerini we taýýarlyklaryny tamamlap ýetişmeýändigini aýdýar. Şol sebäpli olar Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary ýaly öz wizalarynyň möhletini uzaltmaly bolýarlar.

"Bu adamlar üçin goşmaça çykdajy we goşmaça iş bolýar. Sebäbi adamlar wiza üçin-de pul tölemeli bolýarlar. Şeýle-de, köp adam jaýyny satyp, kireýine jaý alyp ýaşamaly bolýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Şeýle-de, Türkmenistandan gitmek baradaky resminamalary kabul edilen raýatlaryň dollardaky bank kartlary hem, öňünden hiç hili duýduryş berilmezden, petiklenýär. Şondan soňra bu raýatlar öz bank kartlaryndaky dollar serişdelerini diňe resmi kurs esasynda manatda nagtlaşdyryp bilýärler. Häzirki wagt ýurtda 1 dollar resmi kursda 3,5 manada, gara bazaryň bahasynda takmynan 25 manada deň.

Habarçymyz Russiýa göçüp gitmek isleýän raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň ýene biriniň öý haýwanlaryny öz ýanlary bilen alyp gitmek bilen baglydygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, uçaryň bortuna jemi bäş sany öý haýwanyny almaga rugsat berilýär. Uly itler ýa haýwanlar uçaryň goş ýüklenýän bölegine alynýar. Ýöne soňky döwürde uçarlaryň goş ýüklenýän böleginde ýyladyş ulgamynyň işlemeýändigi aýdylyp, öý haýwanlary uçara alynmaýar.

"Adamlar soňky pursada çenli öz haýwanlaryny ýanlary bilen alyp gitmäge rugsat beriljekdigini ýa berilmejekdigini bilmeýärler. Käbir adamlar öz haýwanlaryndan ýüz öwürmäge mejbur bolýarlar, käbirleri bolsa Türkmenistandan göçüp gitmekden ýüz öwürýär" diýip, goşa raýatlygy bolan aşgabatly ýaşaýjy anonim şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol bu mesele boýunça türkmenleriň rus häkimiýetlerine kömek sorap hat ýazandygyny, onda olaryň uçaryň bortunda öý haýwanlary üçin has köp ýeriň bölünip berilmegini haýyş edendigini hem aýtdy.

"Bu babatda ýörite petisiýa hem başladyldy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary olar Türkmenistandan gideninden soň hem gutarmaýar. Sebäbi köp raýat Moskwa barandan soň, öz ýükleriniň we goşlarynyň Türkmenistanda uçara ýüklenmändigini bilip galýar.

"14-nji ýanwarda S7 howaýollary kompaniýasynyň uçarynda Moskwa uçan raýatlaryň 34 sanysy Domodedowo aeroportuna baranda, bagažlaryny alyp bilmedi. Olara goşlarynyň Türkmenabat şäherindedigi we 28-nji ýanwarda gurnaljak nobatdaky uçuşda geljekdigi aýdyldy. Köp adam ýyly eginbaşsyz galdy. Şeýle-de, olaryň köpüsi başga şähere, mysal üçin Kazana uçup gitmeli boldy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden we Migrasiýa gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Raýatlaryň ýurtdan gitmegi bilen bagly problemany aç-açan ykrar etmeýän Türkmenistanyň häkimiýetleri soňky ýyllarda ilatyň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak boýunça dürli çäreleri gördi. Olaryň arasynda pasport bermekden ýüz öwürmek, raýatlaryň elinden pasportlaryny almak, döwlet edaralarynyň işgärleriniň biometriki pasportlaryny tabşyrmagyny talap etmek we ýurtdan çykýan raýatlary ýolundan alyp galmak ýaly dürli gadaganlyklar bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG