Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň ogly 'täze Galkynyş eýýamyny' yglan edýär


Türkmenistan ýene bir “galkynyş” eýýamyna başlaýar, bu gezek ol ilkinji gezek prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow tarapyndan, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýlen at bilen yglan edildi. Bu täze eýýam Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem üýtgetme girizmek 'zerurlygyny' ýatlatmagynyň yz ýany gün tertibine geldi. Emma onuň anyk nämäni nazarda tutýandygyny, ýagny prezidentiň oglunyň öz 'täze galkynyş eýýamyna' başlap-başlamajagyny öňünden aýtmak kyn.

7-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda geljek 30 ýyl üçin ösüş maksatnamasyny taýýarlamak üçin berlen tabşyryklara laýyklykda, Türkmenistanda ýene-de bir “Täze eýýam” yglan edilýär.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň hökümet başlygyna beren hasabatynda aýdylmagyna görä, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Geljek 30 ýylda ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmek üçin taýýarlanan maksatnamada ykdysadyýetiň düzümlerini üýtgedip guramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak nazarda tutulýar diýip, TDH-nyň 28-nji ýanwarda beren habarynda aýdylýar.

Türkmenistan soňky ýyllarda iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýär we, hökümetiň çap edýän ösüş sanlaryna garamazdan, ýurduň ilaty indi ençeme ýyl bäri köp wagtyny azyk, manat nagtlaşdyrma... nobatlarynda ýitirýär.

Hökümet tankytçylary we aktiwistler häkimiýetleri indi ençeme ýyl bäri tebigy baýlyklary netijesiz ulanmakda, korrupsiýany başyna goýbermekde we ilatyň durmuş goragyny üpjün etmezlikde, iş gözläp daşary ýurtlara giden raýatlaryna hossar çykmazlykda aýyplaýarlar.

Emma hökümet mejlislerinde ilatyň düşen agyr ýagdaýy, işsizligiň derejesi, azyk we manat nagtlaşdyrmak nobatlarynyň saklanyp galyşy hakynda anyk gürrüň edilmän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak wezipeleri hakynda umumy wadalar berilýär.

Täze taýýarlanan taslamada hem, aýdylmagyna görä, kiçi we orta telekeçiligiň ornuny güýçlendirmek, netijeli maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek maksatlary nazarda tutulýar, emma nebit-gazdan gelýän girdejileriň harçlanyşy we beýlekiler baradaky aýdyňlyk meselesi agzalmaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň talabyna görä, geljek 30 ýyla niýetlenen “strategik maksatnamada türkmen döwletiniň ...ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen esasy wezipeler kesgitlenilmeli”.

“Milli maksatnama” atlandyrylan taslamanyň mazmuny metbugatda çap edilmedi, emma onuň 11-nji fewralda onlaýn arkaly geçiriljek Halk maslahatynda ara alyp maslahatlaşyljakdygy aýdylýar.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistan soňky otuz ýylda ykdysadyýetini ýeterlik derejede diwersifikasiýa etmän, esasan nebit-gaz girdejilerine bil baglady we döwlet serişdesini oýlanyşyksyz, bu golaýda özüni ödemejek uly taslamalara harçlady.

Şu aralykda Türkmenistanyň ýene bir gezek Esasy kanunyna düzediş girizjekdigi belli boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji ýanwarda anyklaşdyrmazdan aýdan sözlerinden çen tutulsa, ýakyn geljekde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem “üýtgetmeleri girizmek zerur” boljaga meňzeýär.

Şol bir wagtda-da prezident Esasy kanunyň many-mazmunyny we kadalaryny, hususan-da, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda alnyp barylýan “uly işleri” halk köpçüligine giňden wagyz etmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Türkmenistan halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, şol sanda öz kanunlarynda kepillendirilen hukuklary yzygiderli, hemme taraplaýyn basgylamakda tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG