Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Azatlygyň habaryndan soň, Russiýa göçjek raýatlaryň öý haýwanlarynyň sanawy düzülip başlandy


Illýustrasiýa suraty

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy uly itleri bilen Türkmenistandan Russiýa göçüp gitjek raýatlaryň sanawyny düzüp başlady. Bu habar Azatlyk Radiosynyň Russiýa göçüp gitmek isleýän, goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň öý haýwanlaryny öz ýanlary bilen alyp gitmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy baradaky habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

"Ýanwaryň ahyrynda Aşgabatdaky rus ilçihanasy uly itler üçin sanaw düzüp başlady. Ýanwaryň soňky gününde bu sanawda 19 itiň ady bardy. Bu itler uçaryň goş ýüklenýän bölüminde sapar eder" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz 3-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýurtdan göçüp gitmek isleýän, rus we türkmen raýatlygy bolan türkmenistanlylary ýazga alyp, olaryň sanawyny düzýär. Bu raýatlar nobaty ýetende, ýörite guralýan çykyş uçarlary bilen Russiýa alnyp gidilýär.

24-nji ýanwarda habarçymyz Russiýa göçüp gitmek isleýän türkmenistanlylaryň öý haýwanlarynyň, şol sanda uly itleriniň köplenç uçara alynmaýandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, resmiler munuň sebäplerini uçarlaryň goş ýüklenýän böleginde ýyladyş ulgamynyň işlemeýändigi bilen düşündirdiler.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylaryň ençemesi uly itleriň sanawynyň düzülip başlanmagyny, öz ýagdaýlarynyň media arkaly köpçülige ýetirilmegi, gün tertibine getirilmegi bilen baglanyşdyrýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 3-nji fewralda ýerli wagt bilen sagat 5-e çenli telefon arkaly yzygiderli eden synanyşyklary netije bermedi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagt rus ilçihanasy bu itler üçin ýörite uçuşlary gurnamagy planlaşdyrýar. Bu uçar reýsiniň mart aýynda boljakdygy aýdylýar. Ýöne uçar nobaty fewral aýynda bolan raýatlaryň uly itleriniň ykbalynyň nähili boljakdygy heniz belli däl.

"11-nji fewralda Russiýa göçüp gidýänleriň nobatdaky uçar reýsi bar. Resmiler uçara haýsy haýwanlaryň alynjakdygy barada uçuşdan üç gün öň habarly etjekdiklerini aýdýarlar. 28-nji ýanwarda bir adam uçara münmekden ýüz öwürdi. Sebäbi onuň uly itini uçara almadylar" diýip, çeşmämiz belledi.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän sanawyň düzümine kiçi itler ýa-da öý haýwanlary girmeýär. Resmiler olary haýwanlar üçin niýetlenen adaty biletler bilen uçaryň bortunda alyp gitmäge rugsat beriljekdigini aýdýarlar.

Bellesek, häzire çenli uçaryň bortuna diňe bäş sany öý haýwany goýberilýärdi. Bu haýwanlar üçin biletleriň resmi bahasy $60-a deň. Ýöne habarçymyz ýolagçylaryň bu biletleri satyn almak üçin araçylara köplenç $500 para bermeli bolýandygyny aýdýar.

Onuň sözlerine görä, raýatlar öz ýanlary bilen alyp gitjek itleri we öý haýwanlary üçin Aşgabatdaky Döwlet weterinariýa gullugyndan ýörite resminamany hem almaly bolýarlar. Soňky aýlarda bu gullugyň hödürleýän hyzmatynyň tölegi-de 400 manatdan 500 manada gymmatlady.

Ýurtda barha ýitileşýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, soňky ýyllarda Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän türkmen raýatlarynyň sany artýar. Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapansoň, raýatlaryň ýurduň daşyna akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri ýeňilleşip başlansoň, geçen ýylyň tomsunda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde nobatlar ýene artdy.

Şondan bäri Türkmenistandan Russiýa göçüp gitjek raýatlar dürli kynçylyklar, şol sanda yzygiderli uçuşlaryň bolmazlygy we diňe çäkli orunlyk ýörite uçarlaryň gatnamagy, goşlarynyň uçarlara öz wagtynda alynmazlygy, başga-da köp sanly býurokratik talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.​

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG