Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Murgapda guraklykdan ejir çekýän maldarlar mallaryny tas ýarym bahasyna satýar


Illýustrasiýa suraty

Şu günler Mary welaýatynyň Murgap etrabynda köp maldar öz mal-garalaryny tas ýarym bahasyna satmaga synanyşýar. Olar munuň sebäplerini gurakçylyk we öri meýdanlarda ot-iým ýetmezçiligi zerarly mallaryň köpüsiniň horlanyp, tas gyrylmak derejesine ýetýändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Onuň sözlerine görä, soňky günlerde etrabyň mal bazarynda uly we kiçi mallaryň bahalary tas 50% arzanlady. 9-njy fewralda göleli sygyryň bahasy 8 müň manat bahalanýar. Mundan iki aý öň onuň bahasy 13 müň manada deňdi.

Bir ýaşap geçen göleleriň bahasy 2 müň 400 manat bolup, olaryň mundan iki aý ozalky bahasy 4 müň manada barabardy. Guzuly goýunlaryň bahasy bolsa, 1 müň manada deň. Olaryň öňki bahasy 1 müň 700 manatdy.

"Häzir bir goýuny 500 manada berjek bolýan maldarlar hem bar. Mundan öň guzynyň bahasy 500 manatdy. Indi uly goýuny guzynyň bahasyna satýarlar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maldarlaryň ençemesi mallaryň ýarym bahasyna satylmagynyň sebäplerini guraklyk we öri meýdanlarda ot-iým ýetmezçiligi sebäpli olaryň açlykdan we suwsuzlykdan gyrylmagynyň öňüni almak synanyşygy diýip düşündirýärler.

"Gyş gurak gelip, ýeterlik ýagyn ýagmansoň, çöldäki öri meýdanlarda ot-iým gögermeýär. Şol sebäpli mallarymyzy işigimizdäki ýataga getirip seretmekçi bolduk. Ýöne olaryň köpüsi çölde otsuz gezip, gaty horlanypdyr. Olaryň köpüsi mal ýatakda haram öldi. Şol sebäpli galan mal-garalar hem gyrylmanka, satmaga synanyşýarys" diýip, murgaply maldar anonim şertde beren maglumatynda aýtdy.

Maldarlar ýyllarboýy ideg edip gelen mal-garalaryny çagalaryny ýokary okuw jaýyna salanda, öýlendirende ýa durmuşa çykaranda, ýa-da olara jaý salanda satmagy göz öňünde tutandyklaryny aýdyp, häzir bu arzuwlarynyň puja çykýandygyny aýdýarlar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan ejir çekýär. Azatlyk geçen ýylyň başynda aşa sowuk gelen gyşyň irki ekinlere, owlak-guzy alýan maldarlara ýetiren zyýany, soňra anomal yssy howanyň netijesinde, müňläp düýäniň we ownuk mallaryň suwsuzlykdan we açlykdan haram ölendigi barada habar berdi.

Galyberse-de, maryly maldarlaryň guraklykdan ejir çekýändigi baradaky habarlar, sebitde soňky aýlarda tozanly ýelleriň yzygiderli turýan mahalyna gabat gelýär. Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli hünärmenler bu anomal howa hadysalaryna hem, gurakçylygyň we atmosferanyň üýtgemeginiň sebäp bolýandygyny çaklaýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň soňky hasabaty Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurdy. Guramanyň geçen ýylyň awgustynda ýaýradan hasabatyna görä, ýurtda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.

Howanyň global ýagdaýda ýylamagy oba hojalygynyň önümçilik ulgamlarynyň suw üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär. Dünýäniň köp künjeginde ygalyň mukdary we yzygiderliligi üýtgedi, guraklyk we suw joşmalary köpelýär we netijede suw ýetmezçiligi we suw resurslary ugrunda bäsdeşlik artýar diýlip, hasabatda aýdyldy.

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini aýdýar. Ýöne häkimiýetler ýurtdaky gurakçylyk, ot-iým ýetmezçiligi we munuň maldarlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili beýanat bilen çykyş etmeýär. Şeýle-de, iri we ownuk mallaryň müňläp aç we suwsuz gyrylýandygy barada hem ne häkimiýetler, ne-de resmi media tarapyndan haýsydyr bir mesele gozgalýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG