Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Güýçlendirilen gözegçiligiň arasynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi


Arhiw suraty.

Güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda 11-nji fewralda irden Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy anna güni Aşgabadyň merkezinde ulag hereketiniň çäklendirilendigini, ýöne şäheriň beýleki köçelerinde köçe-ýol hereketiniň adatdaky tertipde ýola goýlandygyny habar berdi.

Marydaky habarçymyz welaýatyň administratiw merkeziniň "Mollanepes" we "Kemine" atly merkezi köçeleriniň petiklenendigini, köçelerde polisiýa, milli howpsuzlyk we ýangyn söndüriji gulluklaryň işgärleriniň gürelendigini habar berdi.

Döwlet telewideniýesinde efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň irdenki goýberilişinde habar berilmegine görä, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Maslahatlar köşgünde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine gatnaşdy.

Mejlis paýtagtyň Maslahatlar köşgünde, Ahal welaýatynyň “Ak öý” binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň “Ruhyýet köşklerinde” sanly ulgam arkaly geçirilýär.

Döwlet mediasyna görä, Berdimuhamedow mejlisi açyk diýip yglan edip, onuň dowamynda 2021-nji ýylyň jemlerine we geljekki 30 ýylyň ösüş maksatnamalaryna garaljakdygyny mälim etdi. Prezident Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň, Halk Maslahatynyň başlygydyr. Konstitusiýa Türkmenistanyň prezidentine Halk Maslahatyna başlyklyk etmegi gadagan edýär.

Kanun çykaryjy we wekilçilikli parlamentiň ýokarky palatasynyň ýygnagynyň birinji bölüminde prezident Berdimuhamedow ýerine ýetiriji häkimiýetiň, Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisini geçirdi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysy, Halk Maslahatynyň mejlisinden bir gün ozal, 10-njy fewral güni agşam sagat 8-den soň şäherde adamlaryň hereketiniň berk çäklendirilip, gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berýär. Maglumata görä, agşam sagat 8-den soň dükanlar ýapyldy, polisiýa işgärleri köpgatly jaýlaryň arasynda üç-dört bolup, üýşüp oturan adamlary dargatdy, ýekelikde oturan adamlardan hem öýlerine gitmegi talap etdi. Güýçlendirilen gözegçilik çärelerine ýol gözegçiligi gullugy, polisiýa işgärleri we ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri gatnaşdy.

Habarçymyza görä, agşam sagat 10-dan soň, Marynyň köçelerinde ulag hereketi hem çäklendirildi.

Synçylar Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly we orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň prezident wezipesine göterilmegine mümkinçilik döretjek kararlaryň kabul ediljekdigini çaklaýarlar.

Gyssagly mejlis 11-nji fewrala, 15 ýyl mundan ozal Gurbanguly Berdimuhamedowy prezident yglan eden saýlawlaryň geçirilen gününe, hem-de, Serdar Berdimuhamedowyň bir ýyl mundan ozal wise-premýer wezipesine bellenen gününe gabat getirildi.

Prezident Berdimuhamedow ýanwaryň başlarynda Gazagystanda suwuklandyrylan gazyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen tutaşan tolgunyşyklaryň arasynda, 7-nji ýanwarda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary gyssagly mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Anna güni irden öz işine başlan mejlis iki bölümden ybarat bolup, arakesmede sadaka berildi.

Mejlisiň dowamynda geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýerler 2021-nji ýylyň jemleri boýunça hasabat bilen çykyş etdiler.

Maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylda ykdysadyýet we maliýe pudagynda edilen işler boýunça hasabat bilen çykyş etdi we 2022-nji ýyl üçin taýýarlanan ösüş maksatnamasyny prezidentiň garamgyna hödürledi. Munuň yz ýany, Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminamany tassyklady.

TDH-nyň 28-nji ýanwarda habar bermegine görä, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy" atly ösüş taslamasy boýunça prezidente hasabat beripdi.

Halk Maslahatynyň anna güni geçirilen mejlisiniň dowamynda bu maksatnama kabul edildi.

Bu makala efir üçin taýýarlanýan wagty Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi dowam edýärdi. Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) mejlisiň dowamynda 'döwlet durmuşyna degişli möhüm kararlaryň' kabul ediljekdigini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG