Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda we Maryda dollar 17 manada arzanlady, walýuta söwdagärlerine garşy reýd geçirildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Paýtagt Aşgabatda we Mary welaýatynyň Mary şäherinde dollaryň gara bazardaky bahasy 17 manada çenli aşaklady. Bu waka kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy reýdleri geçirmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Gara bazarda dollar söwdasyny edýän maryly söwdagärleriň birnäçesiniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, saklanan adamlaryň käbirine diňe pul jerimesi salnan bolsa, käbirleri heniz-de tussaglykda saklanýar.

17-nji fewralda paýtagtda we Maryda bir dollar 17 manat 30 teňňeden satyldy we 17 manatdan satyn alyndy. 16-njy martda bir dollaryň alyş-çalyş bahasy 19 manatdan aşýardy.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi dollaryň pese gaçmagynyň sebäbini häkimiýetleriň bikanun walýuta söwdagärlerine garşy reýdleri geçirmegi we gara bazara köp mukdardaky nagt dollary goýbermegi bilen düşündirýär.

Marydaky habarçymyzyň maglumatyna görä, gürrüňi edilýän reýdler 14-nji fewralda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan şäheriň "Läle" bazaryna gurnaldy. Şonda walýutanyň bikanun söwdasy bilen meşgullanýan adamlaryň onlarçasy tussag edildi.

"Tussag edilen dollar söwdagärleri Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän şäher polisiýasyna eltildi. Bu ýerde söwdagärleriň dollarlary ellerinden alyndy we olara 300 manat möçberinde pul jerimesi salyndy. Soňra olary boşatdylar" diýip, bu ýere eltilen dollar söwdagärleriniň biri anonim şertde 17-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, reýdleriň çäginde "Läle" bazardaky gara bazar söwdagärlerine öz dollarlaryny satdyrýan raýatlar, ýagny uly möçberde dollar söwdasyny edýän "dollarçylar" hem tussag edildi.

"Olar hepdäniň duşenbe gününden bäri tussaglykda saklanýar we heniz-de boşadylmady" diýip, ol bu adamlaryň sanynyň bäşe deňdigini we olaryň adatça öz dollarlaryny "Läle" bazardaky söwdagärlere satdyrýandygyny hem sözüne goşdy.

Aşgabatdaky çeşmämizden tapawutlylykda, maryly söwdagärler bu reýdleriň sebäplerini kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bilen uly möçberde dollar söwdasyny edýän "dollarçylaryň" arasynda dörän düşünişmezlik bilen baglanyşdyrýarlar.

"Adatça bize dollar satdyrýan söwdagärler kanun goraýjy edaralaryň işgärlerine her gün üçin her adam başyna pul töleýärler. Kanun goraýjylar bu puluň ýa-da paranyň möçberini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Dollarçylar muňa närazy bolanda, olar reýdleri gurnap, olaryň dollarlaryny ellerinden alýarlar. Şu gezek hem şeýle ýagdaý bolana çemeli" diýip, dollar söwdagäri belledi.

Ol şuňa meňzeş wakanyň soňky gezek geçen ýylyň tomsunda bolandygyny, şonda paranyň hepdelik möçberiniň 1000 manada ýokarlandyrylandygyny we dollar söwdagärleriniň munuň bilen ylalaşmandygyny hem aýtdy.

"Şonda kanun goraýjy edaralaryň işgärleri reýdleri geçirip, dollarçylaryň ellerinden walýutalaryny aldylar. Köp söwdagär 50 müň dollaryny yzyna almak üçin 10 müň dollar para bermeli bolupdy" diýip, dollar söwdagäri aýtdy.

Şol bir wagtda, dollar söwdagärleri kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň "dollarçylaryň" käbiriniň bikanun walýuta söwdasyna hiç hili päsgelçilik döretmeýändigini hem belleýärler.

"Adatça bu söwdagärler köp mukdarda para berýärler ýa-da olaryň arkasynda hökümetde işleýän, güýçli tanyş-bilişleri bolýar" diýip, söwdagär sözüni jemledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary şäheriniň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Redaksiýamyzyň 17-nji fewralda ýerli wagt bilen ikindine çenli eden synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, reýdlerde ele salnan walýutanyň mukdaryny hem anyklap bolmady.

Aşgabatda we Maryda dollaryň bahasynyň aşaklamagy we walýuta söwdagärlerine garşy reýdleriň geçirilmegi irki prezident saýlawlarynyň öň ýanyna gabat geldi. Ýatlatsak, habarçylarymyz köp adamyň saýlaw gününiň golaýlamagy bilen, harytlaryň we dollaryň gara bazardaky nyrhynyň wagtlaýyn aşaklamagyna garaşýandygyny aýdypdylar.

Türkmenistanda 2016-njy ýylda daşary ýurt walýutasynyň resmi alyş-çalyş amallarynyň gadagan edilmegi bilen ýurtda walýutanyň gara bazary emele geldi. Häzirki wagtda ýurtda walýutanyň iki bahasy hereket edýär we gara bazaryň bahasy resmi kursdan bäş esse ýokary bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Merkezi Banky bir dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklaýar.

Türkmenistanda bikanun walýuta söwdagärlerine garşy wagtal-wagtal reýdler geçirilýär. Soňky gezek şeýle reýdler geçen ýylyň tomsunda Aşgabat şäherinde, Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlarynda geçirilipdi. Şonda Maryda ele geçirilen daşary ýurt walýutasynyň umumy mukdarynyň 1 million 700 müň dollardan aşýandygy aýdylypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG