Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň käbir dükanlarynda arzan harytlaryň dürli görnüşleri peýda boldy


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary birneme arzanlap, olaryň görnüşleri köpelip başlady. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu haryt köpdürlüliginiň we arzançylygynyň ýörite bir firma tarapyndan ýola goýulýandygyny habar berýär. Köp ýaşaýjy bu ýagdaýlary irki prezident saýlawlary bilen baglanyşdyryp, "emeli döredilýän arzan azyk bolçulygy" diýip atlandyrýar.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde hususy eýeçilikdäki belli-belli dükanlara azyk we senagat harytlary paýlanýar. Dükan eýeleri ýörite ulaglarda getirilýän bu önümleri paýlanan bahasyndan, ýagny üstüne hiç hili goşmaça pul goýman satýarlar.

“Bu harytlaryň arasynda süýji-köke önümleriniň we öý hojalyklarynda ulanylýan senagat serişdeleriniň dürli-dürli görnüşleri bar. Waflileriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, sabyn we şampun ýaly önümleriň ençeme görnüşi bar” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly ýaşaýjy 22-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, bu önümleriň 90%-i Türkmenistanda öndürilen harytlar bolup, olaryň bahasy bazarlardaky nyrhlardan 1-2 manat tapawut edýär. Muňa garamazdan, bu harytlara isleg ýokary bolup, olaryň alyjysy köp.

Hususy dükan eýeleri bu azyk we senagat önümlerini dükanlaryň öňünde çykaryp satýarlar. Habarçymyzyň sözlerine görä, olaryň bu söwdasyna Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy ýa-da polisiýa işgärleri tarapyndan hiç hili päsgelçilik döredilmeýär.

Soňky bäş ýyldan hem köp wagtyň dowamynda Türkmenistanda häkimiýetler dükanlaryň daşynda söwda etmegi, harytlary olaryň öňünde çykaryp satmagy gadagan edýär. Bu gadagançylygyň berjaý edilşine Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy we polisiýa tarapyndan gözegçilik edilýär.

“Dükan eýeleri azyk we senagat önümleriniň bir firma tarapyndan arzan bahadan paýlanýandygyny aýdýarlar. Ýöne olar onuň ady we kime degişlidigi barada hiç zat aýtmaýarlar. Olar özlerini “hemme zat bolçulyk” ýaly alyp barýarlar” diýip, ýagdaýdan habarly bir çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, köp adam häzirki wagt peýda bolan bu haryt köpdürlüligini we arzançylygyny irki prezident saýlawlary bilen baglanyşdyrýar.

“Emeli döredilýän arzan azyk bolçulygy saýlawlardan soňra ýitirim bolar. Bahalar ýene ýokarlanar we haryt köpdürlüligi aradan aýrylyp, ýene gytçylyk dörär” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Türkmenistan 12-nji martda irki prezident saýlawlaryny geçirýär. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan halkara synçylaryň, türkmenistanlylaryň we aktiwistleriň ençemesi bu saýlawlary "Serdaryň saýlawy" atlandyryp, onda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, prezidentlige dalaşgär Serdar Berdimuhamedowyň "ýeňiş gazanmagyna" garaşýar.

Häzirki wagt Serdar Berdimuhamedowy wagyz etmek işleri ýurduň dürli welaýatlarynda dowam edýär. Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylar azyk arzançylygyny we köpdürlüligini "häkimiýetleriň Serdary mahabat edip, onuň abraýyny ýokarlandyrmak tagallalary" diýip düşündirýärler.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde harytlaryň arzanlamagy, azyk üpjünçiliginiň gowulaşmagy bilen bagly ýagdaý geçen hepdäniň ahyrynda göze ilip başlady. Mary welaýatyndaky habarçymyz ilata aýlyk un paýlaryny subsidirlenen bahadan wagtynda satmak üçin çäreleriň görülýändigini we bankomatlara nagt puluň yzygiderli ýüklenýändigini hem habar berdi.

Mundan başga-da, geçen hepde ýurtda dollaryň gara bazardaky nyrhy 17 manada çenli aşaklady. Ýagdaýdan habarly aşgabatly çeşmämiz dollaryň hümmetiniň pese gaçmagynyň sebäplerini häkimiýetleriň gara bazara köp mukdardaky nagt dollary goýbermegi bilen düşündirdi.

Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürlüligini döredýär. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň ýa syýasy çäräniň yz ýany gürüm-jürüm bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG