Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus goşunlary Kiýewiň daşyny gabaýar, 70-den gowrak ukrain esgeri top okundan öldi


Iwankiw şäheriniň golaýyndaky rus harby ulaglary. 28-nji fewral, 2022.

Rus güýçleriniň 1-nji martda Ukrainanyň günortasyndaky Kerson şäheriniň eteginde barlag nokatlaryny gurandygy we Kiýewiň daşynda harby ulaglaryň uzyn kerwenini toplaýandygy baradaky habarlar bilen, Russiýanyň Ukrainadaky urşy altynjy gününe girdi. Sumy sebitiniň başlygy Dmytro Žywitski 1-nji martda Facebookda, Harkow bilen Kiýewiň aralygynda ýerleşýän Oktyrka şäherinde, rus goşunlarynyň harby bazany topa tutmagy netijesinde, 70-den gowrak ukrain esgeriniň öldürilendigini habar berdi. Şu aralykda, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewada geçirilýän maslahatynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýazgy edilen çykyşy başlanda, ençeme ýurduň diplomatlary ýerlerinden turup, jaýdan çykyp gitdiler. Russiýa 24-nji fewralda Ukraina sebäpsiz çozmak bilen, barha güýçlenýän halkara izolýasiýasyna sezewar boldy.

Hemradan düşürilen suratlardan görnüşine görä, 65 kilometrden gowrak aralyga uzaýan sowutly ulaglar we artilleriýa kerweni paýtagtyň birnäçe kilometrliginde, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň nukdaý nazaryndan, ýurduň iň uly şäheriniň daşyny gurşap almak we gözegçilik astynda saklamak synanyşygyny edýär.

Bu ýagdaý 28-nji fewralda ukrain we rus resmileriniň arasynda atşygy bes etmek barada geçirilen we ýakyn günlerde ýene-de gepleşmek barada gelnen ylalaşykdan soň döredi.

28-nji fewraldaky wideo ýüzlenmesinde rus esgerlerine goşun serkerdeleriniň buýruklaryna boýun egmezlik we söweşi bes etmek çagyryşy bilen ýüzlenen ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski goňşy Belarusda birnäçe sagatlap dowam eden gepleşikleriň jikme-jikliklerini bermedi.

Emma muňa garamazdan, ol Kiýewiň "bir tarap beýlekisini raketa oklaryna tutýan wagtynda" eglişik etmäge taýyn däldigini aýtdy.

Zelenski 28-nji fewralda Kiýewe üç sany raketa zarbasynyň urandygyny, rus diwersantlarynyň ýüzlerçesiniň şäherde hars urýandygyny we paýtagty almagyň Moskwa üçin "esasy maksat" bolup galýandygyny aýtdy.

"Olar biziň döwletliligimizi syndyrmak isleýärler, şonuň üçin paýtagt hemişe howp astynda" diýip, Zelenski sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň howa güýçleri 28-nji fewralda paýtagtyň daşyndaky şäherlere howa hüjümleri wagtynda bäş sany rus söweş uçarynyň we dikuçarynyň urlup ýykylandygyny habar berdi, emma bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.

Şeýle-de, Ukrainanyň harby-howa güýçleriniň serkerdeleri ruslaryň ganatly raketasynyň raketa garşy ulanylýan “Buk” ulgamy bilen ýok edilendigini we ukrain harby uçarlarynyň Kiýewde we goňşy Žittomyr sebitlerinde rus sowutly ulaglarynyň hatarlaryna zarba urandygyny aýtdy.

Mundan başga, ukrain söweş uçarlarynyň Kiýewiň daşyndaky sebitlerde rus güýçleriniň ýokarsyndan bomba taşlandygy we olary raketa tutandygy habar berildi.

Ýurduň ikinji uly şäheri bolan Harkowda düşürilen söweş wideolarynda ýaşaýyş etraplarynyň top okuna tutulyşyny we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň güýçli partlamalardan ýaňa sarsyp gidişini görse bolýar. Demirgazyk-gündogar şäheriň güýçli bombalanandygy baradaky habarlar ýaraşyk ylalaşygy baradaky umytlaryň badyny gaçyrdy.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň geňeşçisi Anton Heraşçenko 28-nji fewralda Harkowda onlarça adamyň raketa hüjüminden ölendigini aýtdy.

2014-nji ýylda bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kerson şäheriniň häkimi Ihor Kolyhaýew Facebookda rus goşunynyň şäheriň girelgelerinde barlag nokatlaryny gurýandygyny habar berdi. Kolyhaýew "Kerson Ukrainanyky boldy we hemişe-de şeýle bolmagynda galar" diýdi.

Rus güýçleriniň hüjümlerinden soň Mariupol elektriksiz galdy diýip, Donetsk sebitiniň başlygy Pawlo Kyrylenko Facebookda ýazdy we ukrain güýçleriniň Azow deňziniň port şäherini henizem elde saklaýandyklaryny aýtdy.

Gündogar sebitdäki separatistleriň başlygy Denis Puşilin maksadyň gün ahyryna çenli strategiki taýdan möhüm şäheriň daşyny gabamakdan ybarat bolandygyny aýtdy.

Russiýanyň Harkowy topa tutmagyna jogap hökmünde, Zelenski öz wideo ýüzlenmesinde rus raketalaryna, uçarlaryna we dikuçarlaryna uçuş gadaganlygy zonasyny kesgitlemegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.

Zelenski Russiýanyň 56 sany raketa zarbasyny urandygyny we 113 sany ganatly raketa atandygyny aýtdy.

Emma Zelenski uçuş gadaganlygy zonasynyň nädip we kim tarapyndan goraljakdygyny anyklaşdyrmady.

Britaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary Dominik Raab 1-nji martda NATO-nyň uçuş gadaganlygy sebitini goramagy baradaky çagyryşy ret etdi we munuň urşuň giňelmegine getirjekdigini hem-de Günbatar harby bileleşigini rus güýçleri bilen göni gapma-garşylyga saljakdygyny aýtdy.

Birleşen patyşalygyň Goranmak ministrligi şol gün Russiýanyň Ukrainanyň ýokarsyndaky howa giňişligini öz gözegçiligine almagy başarmandygyny we netijede, ýitgileri azaltmak üçin, Moskwanyň öz harby operasiýalaryny gije geçirmäge mejbur bolandygyny aýtdy.

Şu aralykda, BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň Ženewada geçirilýän maslahatynda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýazgy edilen çykyşy başlanda, ençeme ýurduň diplomatlary, şol sanda ABŞ-nyň, ÝB we Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary, protest hökmünde, ýerlerinden turup, jaýdan çykyp gitdiler. Russiýa 24-nji fewralda Ukraina sebäpsiz çozmak bilen, barha güýçlenýän halkara izolýasiýasyna sezewar boldy.

Ýurduň ikinji uly şäheri Harkowa urlan raketa zarbalaryndan soň, Wolodymyr Zelenski täze wideo çap edip, Moskwany uruş jenaýatçylygynda aýyplady.

"Harkowyň garşysyna urlan raketa zarbasy uruş jenaýaty, döwlet terrorçylygy bolup durýar” diýip, Zelenski aýtdy we Orsýetiň bu hili hüjümden soň “terrorçy ýurt" bolýandygyny öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG